Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 11-nji iýunda bolan mejlisinde Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işiniň meselelerine degip geçip, ýurdumyzda neşirýat işini ösdürmekde, çap edilýän gazet-žurnallaryň, okuw we ylmy edebiýatlarynyň möçberini artdyrmakda, neşirleriň hilini gowulandyrmakda neşirýat hyzmatlarynyň möçberlerini köpeltmekde Metbugat öýi toplumynyň kuwwatyny has netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny aýtdy we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Döwrebap Metbugat öýi toplumy döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda bir ýarym aýdan gowrak wagt mundan ozal türkmen paýtagtynyň demirgazyk böleginde açyldy. Bu wakany ýurdumyzyň neşirýat senagatynyň ösüşinde möhüm ähmiýetli waka diýip atlandyrmak bolar. Ýokary tehnologiýaly kärhananyň çaphanasyndan hil babatda döwrebap halkara ölçeglerine laýyk gelýän gazetler, žurnallar, okuw kitaplary, kitapçalar çykyp başlady.
Munuň özi innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň aýdyň netijesidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen bu tehnologiýalar Türkmenistanda döwrebap neşir önümçiliginiň häsiýetli aýratynlygyna öwrüldi.
Toplumyň umumy eýeleýän meýdany 8 gektara barabar bolup, onuň düzümine Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Metbugat merkezi, “Çaphanahyzmatlary” döwlet kärhanasy, “Türkmenmetbugat üpjünçilik” maddy-tehniki üpjünçilik kärhanasy, mejlisler zaly, naharhana, ýapyk ulag duralgalary, sport meýdançalary hem-de beýleki kömekçi desgalar girýär.
Toplumyň kuwwatlylygy 3 milliard 180 million 400 müň reňk çap basmasyna deňdir. Şunda, Metbugat merkeziniň kuwwatlylygy öňküden iki ýarym esse ýokarlandy.
Kämil enjamlar bilen üpjün edilen toplum önümleriň dürli görnüşlerini öndürmäge, diňe bir içerki islegleri däl, eýsem, daşary ýurtly sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmaga ukyplydyr.
Önümçilik işleri öz aralarynda baglaşdyrylan önümçilik sehleriniň we bölümleriniň 15-sinde degişli tehniki üpjünçilige hem-de neşir önümleriniň görnüşleri boýunça önümçiligi guramagyň tehnologiýalara laýyklykda alnyp barylýar.
Toplumda alnyp barylýan işleriň ählisi awtomatlaşdyrylypdyr. Bu ýerde Wallsсreen ekranlary bilen enjamlaşdyrylan otagda toplumy dolandyrmak işi kompýuterler arkaly amala aşyrylýar. Önümçiligi dolandyrmak maksady bilen ýurdumyzyň neşirýat ulgamyna ilkinji gezek ornaşdyrylan Prinect elektron ulgamy ulanýan serişdeleri we ähli tapgyrlarda geçirilýän çap etmek işlerini bir ulgama birleşdirýär. Maşynlar umumy Prinect kompýuter ulgamy arkaly awtomatiki usulda iş ýagdaýyna geçirilýär. Işiň barşynda reňk gatlagynyň galyňlygy we erginiň çap ediş zolaklaryna berlişi kadalaşdyrylýar.
Hünärmen ekran arkaly çap etmekden ozalky sehden gelip gowuşýan çap sahypasynyň nusgasyny, maşynyň ýagdaýyny, çap edilen önümiň tizligini we sanyny görüp bilýär. Maksatnama üpjünçilikli Asystem Monoritm ulgamy dolandyrmagyň elektron görnüşini özünde jemleýär, ähli önümçilik düzümleriniň tabşyrylan işleri yzygiderli ýerine ýetirilmegine gözegçilik edýär. Şeýle hem ol ammarlarda sarp edilýän serişdeleriň hem-de ýerine ýetirilýän işleriň möçberine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Şeýlelikde, döwrebap kompýuter tehnologiýalary neşirýatlar we beýleki buýrujylar bilen önümçilik tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça sazlaşykly we çalt işlemäge, çykarylýan önümleriň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda Metbugat öýi toplumynyň önümçilik desgasyndan eýýäm “Garagum” žurnalynyň birnäçe sany çapdan çykdy, şeýle hem “Medeniýet” žurnaly we gazetleriň birnäçesi neşir edilýär. Mundan başga-da, umumybilim berýän orta mekdebiň başlangyç synplarynyň okuwçylary okuw kitaplary, lukman talyplar üçin okuw kitaby we beýleki neşirler hem-de mowzuklaýyn kitapçalar çap edilýär. Bu ýerde eýýäm döwrebap enjamda “Kitaby dädem Gorkut” atly täze neşiriň çap edilendigini we milli taryhy-medeni mirasa degişli, suratlar bilen bezelen beýleki neşirleri, çagalar üçin kitaplary, şeýle hem jemgyýetçilik-syýasy, çeper we ylmy edebiýaty çap etmegiň meýilleşdirýändigini bellemelidiris.
Çap etmek işiniň barşynda çap önümleriniň hilini gowulandyrmaga, olaryň sanyny artdyrmaga we önümçilik işiniň möhletlerini gysgaltmaga ýardam edýän döwrebap tehnologiýalar ulanylýar.
Bu ýerde Integral sahaplama usuly ilkinji gezek çaphana önümçiligine ornaşdyryldy. Bu tehnologiýa Petratto SAB 100 M kesiji-ýelmeýji enjam arkaly ýerine ýetirilýär. Bu usulda gaty daşly ýeňiljek kitaplar çap edilýär, şeýlelikde, bu integral usul “önümiň” agramyny azaltmaga mümkinçilik berýär, bu okuw kitaplary neşir edilende aýratyn ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň beren degişli tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, täze toplumda öňümizdäki okuw ýylynyň başyna çenli ýurdumyzyň okuwçylarynyň ygtyýaryna täze owadan, berk we ýeňil okuw kitaplarynyň gelip gowuşmagy üçin netijeli işler alnyp barylýar.
Bu ýerde oturdylan döwrebap enjamlar kagyz kesmek işini kämilleşdirmäge, aýratyn-da, SomaCut-900L uly top kagyzlardan kitap we žurnal hem-de beýleki neşir önümlerini taýýarlamak üçin zerur bolan ölçegdäki kagyzlary taýýarlamak işini göwnejaý ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Bu enjamyň üsti bilen bir minudyň dowamynda üç top kagyzdan 130 metr kagyzy taýýarlamaga ukyply kuwwaty bar. Ol ozal ulanylýan enjamlardan önümçilik kuwwaty bilen tapawutlanýar. Bu bolsa neşir önümleriniň önümçiligini tizleşdirmäge we olaryň ýokary hil derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Çap galyplary taýýarlananda häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary hem-de Suprasetter 106 we Lüscher XPose 230 galyp ýasaýjy enjamlary ulanylýar.
Bu çap enjamlary bir gezekde bäşden sekize çenli dürli reňkli çap önümlerini, kagyz gatlaryny agdarýan goşmaça enjamlaryň hasabyna bolsa kagyzyň bir bölegini birbada iki tarapyndan çap etmäge ýardam edýär. Bu usul žurnallar çap edilende ulanylýar. Döwrebap enjam ýurdumyzyň neşirýat işiniň tejribesinde ilkinji gezek çap önümini doly, şeýle hem ultrafiolet lakyň peýdalanylmagy bilen aýry-aýry ýerlerini laklamaga mümkinçilik berýär.
Bu ýerde bir sahypada birnäçe çylşyrymly şekilleri ýerleşdirmäge ukyply, köp reňkli neşirleri çap edýän enjam bolup, ol neşir işiniň has-da kämilleşdirilmegini üpjün edýär. Çap önümini bezemek üçin Komfi Sagitta 76 we Komfi Delta 52 güberçekli laminasiýa basmak mümkinçiligi bolan täze laminasiýa enjamlary ulanylýar.
Döwürleýin neşirleri çap etmek amala aşyrylýan bölümde hem döwrebap maşynlar işleýär. Bu ýerde oturdylan enjamlaryň her biri bir sagadyň içinde 64 müň nusgalyk gazeti çap etmäge ukyplydyr. MANROLAND Gromoman usuly bilen toplum kagyzda ofset görnüşinde neşir önümleriniň üç görnüşini – gazetleri, şol sanda köp sahypaly gazetleri, žurnallary we kitaplary çap etmek bolýar. Her bir çap ediş enjamynda QI IDS reňke gözegçilik etmegiň awtomatik ulgamy oturdylandyr, ol çap edilýän kagyza tutuşlygyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Döwrebap Ferag ulgamynyň ulanylmagy netijesinde neşir önümlerini daşamak we gaplamak işleri hem awtomatlaşdyryldy.
Önümçilik işiniň möhüm bölegi taýýar neşir önümini kitap görnüşine salmakdan ybaratdyr. Neşirleri taýýarlama işini çaltlaşdyrmak, olary birikdirmegiň hilini gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň neşirýat işinde ilkinji gezek termosapaklar bilen tikmek üçin awtomatlar ulanylýar. Termosapaklar bilen tikmek usuly örän berkdir, çünki, termosapak ýelim bilen birleşip, ereýär we bir bitewi maddany emele getirýär.
Ýumşak sahaply kitaplar we kitapçalar üçin EurobindPro tikinsiz berkitmek ulgamy niýetlenendir. Ol däp bolan termoýelimler, şeýle hem döwrebap poliuretan ýelimler bilen işleýär. Munuň özi kitap böleklerini berkitmegiň hilini gowulandyrýar. Täze enjam tikinsiz usuly bilen sagatda 5 müň kitap böleklerini berkitmäge mümkinçilik berýär.
Şu döwrebap tehnologiýalaryň esasynda täze toplumda Türkmenistanyň ilkinji “TürkmenÄlem 52oE” aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagyna bagyşlanan ýumşak daşly täze kitap neşir edildi. Gaty sahypaly kitaplary çykarmak üçin ýörite Kolbus awtomatiki ulgam niýetlenendir. Ol sowgatlyk we aýratyn möhüm neşirleri taýýarlamak işini çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Sanly çap etmek üçin niýetlenen enjamlaryň mümkinçilikleri örän gysga wagtda aýry-aýry kitaplaryň nusgalaryny, şeýle hem kiçi möçberli neşirleri, şol sanda synag nusgalaryny ýa-da sowgatlyk önümleri çykarmaga mümkinçilik berýär. Toplumda şeýle hem buýrujylaryň tassyklamagy üçin gyssagly suratda synag nusgalaryny taýýarlaýan enjam oturdyldy. Türkmen çaphana işgärlerinde dürli möçberdäki aýry-aýry sowgatlyk neşirleri, şol sanda arassa gaýyşdan hem-de altyn çaýylan neşirleri ýokary hilli we döwrebap usulda sahaplamak mümkinçiliginiň peýda bolandygyny bellemelidiris.
Ýurdumyzda Braýl elipbiýinde kitaplar neşir edilip başlandy. Bu kitaplaryň çykarylyp başlanmagy soňky ýyllarda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda açylan täze ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerini okuw kitaplary, çeper eserler we beýleki edebiýatlar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Neşir önümlerini öndürmekde ulanylýan enjamlaryň ekologiýa kadalaryna we lukmançylyk talaplaryna laýyk gelýändigini bellemelidiris. Önümçilik otaglarynyň ählisinde enjamlary ornaşdyrmagyň kadalary berk berjaý edilýär, pollar antistatik boýaglar bilen örtülipdir, her bir sehde aýratyn egin-eşik çalşyrylýan we dynç alyş otaglary göz öňünde tutulypdyr. Şunuň bilen baglylykda, Metbugat öýi toplumynyň hünärmenleriniň, şeýle hem bu ýerde ýerleşýän döwürleýin neşirleriň birnäçesiniň redaksiýalarynyň işgärleriniň netijeli işlemegi hem-de göwnejaý dynç almagy üçin döredilen şertler barada hem aýtmalydyrys. Toplumda işden boş wagtynda sport bilen meşgullanmak üçin şertler, çaýhana, naharhana göz öňünde tutuldy. 258 orunlyk maslahatlar zaly bolsa dürli medeni çäreleri geçirmek üçin niýetlenendir.
Ýokary tehnologiýaly enjamlara hyzmat edýän hünärmenleriň ählisi Germaniýada tapgyrlaýyn okuwlary geçdiler. Ýurdumyzyň neşirýat ulgamy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak işi dowam edýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde çaphana senagaty okgunly ösýän ulgamlaryň biri, maglumat we kommunikasiýa pudagynyň möhüm bölegi bolup durýar. Ylmyň we tehnikanyň ösdürilmegi bazaryň talaplaryna laýyklykda neşirýat tehnologiýalaryny yzygiderli kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow neşirýat senagatynyň işgärleriniň hünär derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtaýar. Olar tehnikalaryň netijeli ulanylmagyny üpjün etmelidir, çylşyrymly tehnologiki işi hem-de önümçiligiň guralyşyny başarjaňlyk bilen dolandyrmalydyrlar.
Ýurdumyzda her ýylda neşir edilýän önümleriň möçberiniň we görnüşleriniň yzygiderli artdyrylmagy türkmen döwletiniň durmuş ugurly syýasatynyň ylym-bilim we ruhy ugurlarynyň ileri tutulýandygyny görkezýär. Ýokary hilli önümleriň çap edilmegi jemgyýetde okamak medeniýetini baýlaşdyrmaga, ilaty, aýratyn hem ýaşlary milli hem-de dünýäniň ruhy genji-hazynasy bilen ýakyndan tanyşmagyna ýardam etmelidir.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder