17 Haziran 2015 Çarşamba

Migrasiýa Gullugynda Migrasiýa Boýunça Halkara Guramasynyň Wekilleri Bilen Duşuşyk

2015-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler otagynda MHG-niň Günorta – Gündogar Ýewropa, Gündogar-Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Wena şäherindäki wekilhanasynyň sebitleýin direktory hanym Renata Held hem-de Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjy jenap Deýan Keserowiçbilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda myhmanlar biziň ýurdumyzyň türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň mundan beýläk-de yzygiderli ösmegi üçin ygtybarly binýady bolan düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýolunda gazanan üstünliklerine ýokary baha berdi. Adam hukuklary babatdaky birnäçe konwensiýalara we teswirnamalara goşulmak bilen, şeýle hem Halkara migrasiýa guramasynyň agzasy bolmak bilen, Türkmenistan özüni ählumumy halkara ýagdaýlara gatnaşyjy hökmünde esaslandyrýar.

Hanym R.Held şu gün Aşgabatda işe başlan “Migrasiýa we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda halkara hyzmatdaşlyk” boýunça sebitleýin forumynyň ähmiýeti barada durup geçip, onuň Merkezi Aziýa sebitindäki migrasiýa we adatdan daşary ýagdaýlara degişli wezipeleriň ählisiniň üstünlikli çözülmegine badalga berjekdigini nygtady. Mundan başga-da, myhman şu aýyň başynda BMG-ň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamanyň ýene bir gezek makullanandygy bilen gutlady.

Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanyň MHG bilen migrantlaryň we bosgunlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilen ynsanperwerlik ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barha pugtalanýar.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar Merkezi Aziýa sebitindäki migrantlara howpsuz, ygtybarly hem-de ykdysady taýdan netijeli hyzmatlary bermeklik bilen baglanyşykly meseleler ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege ähli gowulyklary arzuw edip, Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňelýändigi nazara alnyp, migrasiýa babatda gatnaşyklary has-da ösdürmek ugrunda degişli işleriň alnyp baryljakdygyny bellediler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder