Hormatly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň hem-de onuň çäklerinde guralýan halkara sungat sergisiniň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin!
Dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Turkmenistan taryhy özgerişlere eýe bolup, ykdysady taýdan has-da kuwwatlanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler bagtyýar halkymyzy belent maksatlara ruhlandyrýar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri medeniýetiň we sungatyň, milli mirasyň, däp-dessurlaryň galkynýan, ösýän döwrüdir. Biz Diýarymyzyň medeniýetini we sungatyny ösüşiň täze derejelerine götermäge gönükdirilen uly işleriň amala aşyrylmagyna hemişe möhüm ähmiýet berýäris.
Biz döwletimiziň medeni syýasatynda «Medeniýet halkyň kalbydyr!» diýen şygary esas edinýäris. Halkyň kalby onuň bütin taryhynyň dowamynda kemala gelen milli häsiýetleriniň, dünýä çykaran milli gymmatlyklarynyň egsilmez hazynasydyr.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda yzygiderli geçirilmegi ýola goýlan Medeniýet hepdeliginiň giň gerimi we ýokary derejesi türkmen medeniýetiniň aýratynlyklaryny ýüze çykarmaga hem-de dünýä ýaýmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda biz ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek üçin giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirýäris.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda her ýylda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda medeniýet we sungat ussatlarymyza hormatly atlary dakmak, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Sungata höwesli ýaş zehinleriň gatnaşmagynda Diýarymyzda yzygiderli geçirilýän «Yaňlan, Diýarym!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» ýaly bäsleşikler il içinden täze zehinleriň ençemesiniň ýüze çykmagyna ýardam edýär.
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda 2015-nji ýyl «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip yglan edildi. Bitaraplyk we parahatçylyk ýylymyzda ýurdumyzyň medeni durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar bagtyýar halkymyzy has-da buýsandyrýar. 2015-nji ýylda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi, täze Metbugat öýi toplumynyň ulanmaga berilmegi, «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, teleradioýaýlymlarymyzyň gepleşikleriniň milli aragatnaşyk emeli hemramyzyň üsti bilen ýaýlyma berlip başlanmagy we beýleki taryhy wakalar ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň uly ösüşlere eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Dünýäde parahatçylygy, dostlugy we jebisligi pugtalandyrmakda medeniýetiň we sungatyň aýratyn uly omy bardyr. Medeniýet milletleriň her birine milli aýratynlyk, özboluşlylyk berýän, şol bir wagtyň özünde-de olaryň ählisini bitewüleşdirýän egsilmez güýçdür, ruhy köprüdir.
Şu asylly maksatdan ugur alnyp, dostlukly döwletlerde ýurdumyzyň, biziň Watanymyzda bolsa, dünýä ýurtlarynyň Medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle giň gerimli medeni çäreler hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, parahatçylykly ösüşiň özboluşly baýramyna öwrülýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň halkara medeni- ynsanperwer hyzmatdaşlygy ulgamyndaky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy ýurdumyzyň bu abraýly guramanyň çäklerinde alyp barýan netijeli işiniň aýdyň subutnamasydyr. Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly taryhy ýadygärliklerimiziň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy olaryň dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidigini doly ykrar edýär. Häzirki wagtda milli maddy däl medeni mirasymyzyň dürli gömüşlerini adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizmäge hödürlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Marguş, Sarahs, Dehistan, Abiwerd ýaly gadymy şäherleriň ýerleşen ýerlerinden tapylan taryhy tapyndylar milli mirasymyzyň bütindünýä medeni gymmatlyklarynyň genji- hazynasynda özboluşly orny eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Amul galasy, Daýahatyn kerwensaraýy, Astanababa, Alamberdar ýaly taryhy ýadygärlikler, Köýtendagyň tebigy täsinlikleri şöhratly taryhymyzyň şöhratly sahypalaryny özünde jemleýän medeni baýlyklarymyzdyr.
Hormatly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!
Gadymy döwürlerden bäri türkmen topragy uly söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşipdir. Munuň özi ösen türkmen medeniýetiniň dünýäniň dürli halklarynyň medeniýetine täsir etmegine şert döredipdir. Nepisligiň, gözelligiň iň ýokary derejesine göterilen maddy-ruhy gymmatlyklarymyz taryhyň dürli döwürlerinde-de öz milli öwüşginini, gadyr-gymmatyny ýitirmän, biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Akyldar alymlarymyzyň, şahyrlarymyzyň ajaýyp eserleri, «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlarymyz, halk döredijilik eserlerimiz nesilleriň ruhuna ganat berip, ähli döwürlerde ynsan köňüllerini tämizläp gelipdir.
Biz sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde medeniýet öýleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, medeniýet merkezleriniň birnäçesini gurup, ulanmaga berdik. Medeni ojaklarda guralýan aýdym-sazly çykyşlar, sahna oýunlary halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da pugtalandyrýar, adamlarda ýokary ruhubelentlik duýgularyny oýarýar, Watana, ýaşaýşa söýgini, milli buýsanjy joşdurýar.
Bu gün adamzadyň ahlak-edep ýörelgelerini, ynsanperwerligi, tämiz ruhy, sagdyn ahlagy wagyz edýän milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz taryp edilmäge, dünýä ýaýylmaga mynasypdyr. Bu babatda ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilýän Medeniýet hepdelikleri oňat netijeleri berýär.
Gadymy Lebap topragynda geçiriljek sungat baýramy bagşylaryň kalbynda joşgunly aýdymlara öwrülse, ýazyjy-şahyrlary täze eserleri döretmäge ganatlandyrar. Medeniýet hepdeliginde körpe nesilleriň aýdym-sazly çykyşlary, aýdymçy-sazandalaryň konsertleri, suratkeşleriň eserleriniň, amaly-haşam, neşir önümleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergileri, ýazyjy- şahyrlaryň şygryýet agşamy türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň ýeten belent derejesini dünýä ýaýar.
Hormatly Medeniýet hepdeligine hem-de onuň çäklerinde guralýan halkara sungat sergisine gatnaşyjylar!
Siziň ähliňizi Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň hem-de onuň çäklerinde geçirilýän halkara sungat sergisiniň açylmagy bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder