10 Haziran 2015 Çarşamba

Milli Däp-Dessurlar Täze Taglymlaryň Çeşmesi

Wýaçeslaw Zaýsewiň Modalar teatrynyň owadan görkezilişi şu günler paýtagtymyzyň “Sergi köşgünde” Türkmenistanyň dokma senagatynyň Halkara sergisiniň çäklerinde geçirilýän baýramçylyk görkezilişiniň iň ýokary derejesi boldy. Bu meşhur hünärmen Aşgabada 2015-2016 ýyllaryň güýz-gyş möwsümi üçin kolleksiýany we agşam geýilýän ýüpekden taýýarlanan lybaslary getirdi. 

Aşgabadyň Modeller öýi, “Gülzaman” we “Peýkam” salonlary baý türkmen kolleksiýasyny görkezdiler. Etniki usullar, ýurduň modelýerçileri tarapyndan batyrgaý düşündirilmegi onuň esasy aýratynlygy boldy. Owadanlyk, özboluşlylyk modelýerleriň döredijilikli gözlegleri üçin aýratyn çelgi bolup durýar. Bu tema meşhur bilermenleriň biri we modalary çykaryjy Wýaçeslaw Zaçsew bilen bolan söhbetdeşligimiziň esasy temasy boldy. 

– Wýaçeslaw Mihaýlowiç, häzirki zaman modasynda däbe öwrülen halk lybaslaryna ýüz tutulmagynyň nähili ähmiýeti bar diýip, siz hasap edýärsiňiz? 

– Hudožnik üçin öz halkynyň däp-dessurlaryny bilmegi hökmandyr. Sebäbi ol esaslaryň esasy bolup durýar, öz döwründe, öz taryhy senelerinde tanalýan keşbi döretmäge kömek edýär. Bu günki gün moda halkara ähmiýetli bolup, ol käwagt etniki zatlaryň böleklerini aradan aýyrýar. Durmuşyň çalt depginler bilen ösmegi milli lybaslar gündelik durmuşdan aradan aýrylýar. Biz olary haýsydyr saklanyp galan bir halk çärelerinde görüp bilsek- bu-da bir guwanmaly ýagdaý. Şonuň üçin hem hudožnik-modelýerçi milli medeniýetiň bu gymmatlyklarynyň saklanyp galmagy barada pikir etmeli bolýarlar. 

Elbetde, gadymy lybaslary dolulygyna gaýtadan dikeltmek bilen meşgullanmak hökman däl. Sebäbi, ony öňki durkundan hiç wagt hem gowy edip bolmaz, munuň üçin muzeýler bar. Olarda biz özümiziň pederlerimiziň nähili geýinendiklerini görüp bilýäris. Ýöne, milli egin-eşikleriň şowly, sazlaşykly ulanylan bölekleri bezegçiniň özboluşlylygyny we onuň öz halkynyň medeniýeti bilen baglanyşygyny görkezýär. Özi hem modelleriň görnüşlerini dolulygyna häzirki zamana öwürýär. Muny bolsa men gadymy diýip hasap edýärin. Her gün täze tehnologiýalar, täze fakturalar we nusgalyklar döreýär. Bu bolsa hudožnige häzirki gün bilen ýaşamaga, döwür bilen deň gadam urmaga, şol bir wagtyň özünde hem lybaslarda milli aýratynlyklary netijeli beýan etmäge şert döredýär. 

Men Türkmenistanda lybaslarda, egin-eşiklerde halk däp-dessurlarynyň ýaşaýandygyny görýärin. Özi hem olar diňe bir baýramçylyk günleri ulanylman, eýsem gündelik durmuşda döwrebap we oňaýly ýagdaýlarda ulanylýar. Men siziň şäheriňiziň köçelerinde milli köýnekli gelin-gyzlary gördüm. Olaryň köýnekleri milli nagyşdyr keşdeler bilen örän owadan bezelipdir. Olar örän sazlaşykly we owadan görünýär. 

–Milli keteni matasynyň gelejekki “modasyna” siz nähili garaýaňyz? Bu mata hem häzirki güne çenli özüniň wajypdygyny we ähmiýetini hiç-hili ýitirmedik halk lybaslarynyň gadymy görnüşleriniň biridir... 

– Men öz kolleksiýalarymyň birinde örän owadan we özüniň dürli reňkleri bilen tapawutlanýan ýüpekden taýýarlanan türkmen ketenisini ulandym. Ondan rus köýnegi tikildi. Ynha size moda arkaly halklaryň biri-birine ýakynlaşmagyndan bir mysal! Men bu matadan öz kolleksiýalarymda ýenede birnäçe gezek ulanaryn diýip, pikir edýärin. Ol örän owadan, ondan lybas taýýarlamak örän täsin. Meni täze çözgütler, gözüň ýagyny iýip barýan adaty däl reňkler hemişe özüne çekýär. Olar gaýtalanmajak keşpleri döredýär. Şonuň üçin hem şeýle mümkinçiligi we ketenini elimden gidermerin. 

– Siziň nukdaý nazaryňyzdan türkmen hudožnikleriniň-modelýerçileriniň döredijilikleri Ýokary modanyň hepdeliklerine mynasyp bolup bilerlermi? 

– Gürrüňsiz, türkmen modelýerleri Ýokary modanyň Hepdeligine hökman gatnaşmaly. Men munuň häzire çenli amala aşmandygyna düşünip bilemok. Milli äheňde ýerine ýetirilen Aşgabadyň modeller öýüniň eserleri ýewropanyň halkynyň el çarpyşmalaryna mynasypdyr. Olar adatdan daşary owadan we özboluşly. Bu häzirki wagtda örän aktual we üýtgewsiz gyzyklanmany döredýär. Men türkmen modelleriniň geýimleriniň modalaryň paýtagty diýip, ykrar edilen abraýly podiumlarynda görsem örän şat bolardym. Men munuň üçin edip bolaýjak zatlaryň ählisini ederin. 

– Eger-de modelleriň türkmen kolleksiýasyny taýýarlan bolsaňyz olar haýsy reňde bolardy? 

–– Eger-de men Türkmenistan üçin kolleksiýany taýýarlan bolsam, onda ak reňk agdyklyk ederdi. Ol siziň paýtagtyňyzyň beýany bolup durýar, oňa bolsa arassa ýagty reňkler: sowuk gyzyl, gök, sary, siklamen, benewşe ugurdaş bolardy. Bir söz bilen aýdanyňda dürli-dürli reňkler bu kolleksiýa üçin bolardy. Men erkek kişileriň milli köýnegine üns bererdim. Ýöne olary täze görnüşde görkezerdim. Meniň pikirimçe, umuman bularyň ählisi geýimleriň täsin galdyryjy häsiýetine eýe bolardy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder