“Migrasiýa we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda halkara hyzmatdaşlyk” atly sebit maslahaty öz işini tamamlady
2015-nji ýylyň 18-nji iýunynda Daşary işler ministrliginiň mejlisler zalynda “Migrasiýa we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda halkara hyzmatdaşlyk” atly sebit maslahaty öz işini tamamlady. Mälim bolşy ýaly, ol Türkmenistanyň Hökümeti we Migrasiýa boýunça halkara gurama bilen bilelikde çagyryldy. Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň wekiliýetleri, Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Şu gün çykyş edenler öz çykyşlarynda maslahatyň guralandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu ulgamda netijeli özara hereketleriň beýik maksatlaryň bähbidine ynsanperwer tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendigini nygtadylar.
Myhmanlar döwlet Baştutanymyza we tutuş türkmen halkyna Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny aýdyp, sebitde durnuklylygy saklamagyň, milli bähbitleri goramagyň hem-de deňhukukly gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şerti bolup hyzmat edýän bu hukuk derejesiniň ähmiýetini bellediler. Şu babatda, 3-nji iýunda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň 193-si tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Kararnamasynyň kabul edilmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli syýasatynyň ählumumy ykrar edilýändiginiň tassyknamasy bolup durýandygy nygtaldy.
Türkmen döwleti migrasiýa meselelerine uly üns berýär. Çykyş edenler şu babatda Türkmenistan tarapyndan görülýän anyk çärelere, şeýle hem ýurdumyz tarapyndan Owganystana, Nepala hem-de tebigy betbagtçylykdan ejir çeken beýleki döwletlere kömek berilmegini goşmak bilen, ynsanperwer çärelere ýokary baha berip, bularyň ählisiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny nygtadylar.
Forumyň ahyrynda oňa gatnaşanlar tarapyndan “Migrasiýa we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda halkara hyzmatdaşlyk” boýunça sebit maslahatynyň Beýannamasy kabul edildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder