19 Haziran 2015 Cuma

Migrasiýa gullugynda Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Bilen Duşuşyk

2015-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Ukraina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi jenap Walentin Şewalýow bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň täze mazmuna eýe bolandygyny bellenildi. Döwletara hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça okgunly ösüş munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler yzygiderli häsiýete eýe boldy. Bu iki ýurduň ilkibaşdan birek-birege hormat goýmak we özara bähbitli ýörelgelerinde guralýan giň gerimli hyzmatdaşlyga tarap ugra bolan üýtgewsiz ygrarlydygyna şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumynda, anyk aýdylanda bolsa, nebitgaz desgalarynyň taslamalaryny düzmek we gurmak, turba önümlerini hem-de nebitgaz enjamlaryny ibermek babatda, şeýle hem Aşgabatda ýerasty lagym geçiriş ulgamyny hem-de arassalaýjy desgalaryň toplumyny gurmakda toplanan işleriň oňyn tejribesi bellenildi.

Türkmenistanyň Ukrainanyň kompaniýalary bilen köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýär we biziň ýurdumyzyň ukrain hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürýär. Gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleri göz öňünde tutup, ukrain kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňelýändigini hem-de Türkmenistanda giň gerimli senagat we durmuş maksatly desgalary gurmagyň taslamalaryny amala aşyrýan kärhanalaryň sanynyň günsaýyn artýandygyny nygtalyp geçildi.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri hakynda pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, duşuşykda ukrainaly hünärmenlere işçi wizalary resmileşdirmegiň, şeýle hem “Türkmenistanyň raýatlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmeginiň tertipleri bilen baglanyşykly ähmiýetli meselelere garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň migrasiýa babatda hyzmatdaşlygynyň geljekde hem sazlaşykly ösdürüljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder