Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasynyň netijeliliginiň ählumumy ykrar edilmegi bilen şertlendirilen Türkmenistanyň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanmagy we onuň dünýäniň syýasy giňişligindäki ornunyň berkidilmegi ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň öňünde ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine doly möçberli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak ugruny iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda goýlan wezipeleri çalt ýerine ýetirmek üçin olaryň işini işjeňleşdirmegi talap edýär.
Geçen aýyň wakalarynda hem dostlukly daşary ýurtlar hem-de abraýly halkara guramalary bilen netijeli söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary ýola goýmak meýliniň bardygy äşgär ýüze çykdy. Bu wakalar bolsa dürli sergiler, maslahatlar, okuw maslahatlary, syýasy geňeşmeler we işewür gepleşikler, köpsanly medeni çäreler hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde geçirilen möhüm halkara ähmiýetli çäreler bilen baglanyşykly boldy.
Maý aýynyň başynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň ýangyç-energetika edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Ýewropa Komissiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dörttaraplaýyn duşuşyk möhüm ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi. Duşuşygyň barşynda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda transmilli üstaşyr gaz geçirijileri çekmek boýunça bilelikdäki taslamalary, hususan-da, tebigy gazy Türkmenistandan Ýewropa ibermek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşiklere gatnaşyjylaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanmasy Ýewropa ýurtlarynyň energiýa serişdelerine islegleriniň yzygiderli artmagy hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän energiýa howpsuzlygynyň täze ählumumy binýadyny döretmek boýunça ylalaşykly ädimleri işläp taýýarlamagyň zerurlygy bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, şu duşuşyga gatnaşan taraplaryň her biriniň deň derejede önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we energiýany sarp edijileriň bähbitlerini göz öňünde tutýan ygtybarly, durnukly we uzakmöhletli halkara energiýa hyzmatdaşlygyny üpjün etmek üçin zerur bolan has amatly şertleriň döredilmegi ugrunyda çykyş edýändigi nygtaldy.
Ýygnananlar tebigy gazy Türkmenistandan Ýewropa ibermek bilen baglanyşykly guramaçylyk, hukuk, täjirçilik, tehniki we beýleki meselelere garamak maksady bilen, dörttaraplaýyn gepleşikler görnüşinde bu pudaklaryň bilermenleriniň hem-de ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryny yzygiderli geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.
Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň serişdeler, ykdysady, maýa goýum, eksport we medeni kuwwaty ýylsaýyn barha uly gyzyklanma döredýär. Şu ýylyň aprel aýynyň başynda Italiýanyň Milan şäherinde açylan EKSPO-2015 Bütindünýä sergisinde ýurdumyzyň bölümine ägirt uly gyzyklanma bildirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Aýratyn hem 3-nji maýda ýurdumyzyň sergi bölümine gelen adamlar örän köp boldy. Şol gün Türkmenistanyň Milli güni bellenilip geçildi. Mälim bolşy ýaly, şu mynasybetli geçirilen dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Munuň özi bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Sergi öz işini ýarym ýylyň dowamynda, 2015-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli dowam eder. Şol döwürde möhüm çäreleriň 20 müňden gowragyny geçirmek meýilleşdirildi. Bu çäreler ýurdumyzyň önüm öndürijileri üçin oba hojalygyny we azyk senagatyny ösdürmek, halkara azyk howpsuzlygy ulgamynda täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak we dünýäniň ilatyny sagdyn iýmit bilen üpjün etmek maksady bilen tejribe alyşmak babatda oňat meýdança bolup biler.
4-nji maýda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde 1995-nji ýylyň dekabr aýynda kabul edilen BMG-niň Bas Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” Rezolýusiýanyň awtordaşlarynyň duşuşygy, şeýle hem “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň 20 ýyllyk tejribesi” atly maslahat geçirildi.
Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň we öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ösdürmäge, bitaraplyk derejesine eýe bolan ýurtlaryň daşary syýasat mümkinçiliklerini ulanmagyň häzirki zaman nusgalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi. Türkmenistanda yglan edilen “Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň” çäklerinde şeýle duşuşyklary yzygiderli geçirmek barada çözgüt kabul edildi.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, maý aýynyň birinji ongünlüginde Hytaýyň paýtagty Pekin şäheriniň “Jintaý” sungat muzeýinde “Kitap parahatçylygyň we ösüşiň hyzmatynda” ady bilen ýöriteleşdirilen kitap sergisi hem-de amaly-haşam sungatynyň sergisiniň geçirilendigini ýatlatmalydyrys. Bu çäräni ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyna hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli milli Liderimiz tarapyndan tassyklanan halkara derejeli çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasy gurady.
Türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti hem-de däp-dessurlary, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanan ägirt uly üstünlikleri barada gürrüň berýän ýöriteleşdirilen kitap sergisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bütin dünýäde meşhur eserleri, ajaýyp suratlar bilen bezelip neşir edilen halk dessanlary, türkmen we daşary ýurt ýazyjylarynyň nusgawy eserleri, sungat boýunça kitaplar, çagalar edebiýaty görkezildi.
5-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde neşelere gözegçilik etmek babatda sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gatnaşyjy ýurtlaryň ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Onda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde sebitiň ýurtlarynyň ylalaşykly tagallalaryny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşan daşary ýurtlularyň pikirine görä, neşelere garşy göreşmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň wezipelerine ara alyp maslahatlaşmak boýunça şeýle wekilçilikli forumyň geçirilýän ýeri hökmünde Aşgabadyň seçilip alynmagy Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygy, milli Liderimiziň sebit we ählumumy ösüşiň, şol sanda häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň möhüm wezipelerini çözmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň giňden ykrar edilmegi bilen şertlendirilendir. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzümleýin edaralarynyň, şol sanda UNDOC-yň ygtybarly strategiki hyzmatdaşy bolup durýar. Aşgabat duşuşygynyň netijeleri boýunça 2015-2019-njy ýyllarda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň Sebitleýin maksatnamasy kabul edildi.
Şol gün bu ýerde duşuşyga gatnaşanlar — BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň ýerine ýetiriji direktory Ýuriý Fedotow we Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri jenap Erlan Abdullaýew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň ýerine ýetiriji direktory sebitde neşe serişdeleriniň, prekursorlaryň hem-de psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde köp ýyllyk hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi. Bellenilişi ýaly, BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi mundan beýläk hem ýurtda neşe serişdeleriniň bikanun ýaýradylmagyna garşy göreşmek işini kämilleşdirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine üns berer.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň senagat boýunça ösüş guramasynyň (UNIDO) baş direktory jenap Li Ýong bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Myhman türkmen paýtagtyna iş sapary bilen geldi. Geçirilen gepleşikleriň barşynda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, senagat pudagyny, kiçi we orta telekeçiligi döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek, şol sanda harytlaryň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak we bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, düzümi ösdürmek, daşary ýurt maýasynyň gelmegini höweslendirmek, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek ýaly ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Jenap Li Ýong ýurdumyzyň milli senagatlaşdyrmak strategiýasy we hormatly Prezidentimiziň bu ulgamdaky başlangyçlary barada aýdyp, Guramanyň Türkmenistanyň senagatyna innowasion tehnologiýalaryň we ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.
6-njy maýda Aşgabatda geçirilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň “Parahatçylyk we bitaraplyk” atly sebitleýin maslahatynda hem Türkmen döwletiniň giň halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygy tassyklanyldy. Bu maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň bilelikde gatnaşmagynda guraldy.
Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň Türkmenistanda hukuk ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň arasyndaky Ylalaşyga gol çekilmegi sebit duşuşygynyň jemleýji resminamasy boldy.
6-njy maýda Türkmenistanyň Mejlisinde Türkiýe Respublikasynyň Beýik Milli Mejlisiniň Başlygy jenap Jemil Çiçegiň ýolbaşçylygyndaky türk parlamentarileriniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar türkmen-türk döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen parlamentariýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Türkiýäniň Beýik Milli Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda gol çekilen Teswirnamanyň ähmiýetini, şeýle hem iki döwletiň parlamentleriniň ýanynda döredilen “Türkmenistan-Türkiýe” dostluk toparynyň üstünlikli işini aýratyn nygtadylar.
Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň barşynda ähli möhüm ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirilýändigi hem-de ähli derejede duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygy bellenildi.
6-njy maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Buriýan bilen duşuşyk geçirildi. Ol türkmen paýtagtyna iş sapary bilen geldi. Taraplar Türkmenistanyň uly we oňyn syýasy kuwwata eýedigini belläp, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ýola goýlan oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.
13-14-nji maýda Halkara migrasiýa guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda we ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň neşe serişdelerine garşy göreşmek we hukuk goraýjy işi baradaky býurosynyň ýardam bermeginde adam söwdasyna garşy göreşmek ýaly häzirki zaman möhüm meselesine bagyşlanan sebit okuw maslahatyny geçirdi. Maslahata Azerbaýjanyň, Awstriýanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri, bilermenleri, döwlet, jemgyýetçilik we halkara guramalarynyň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.
Maý aýynyň ortalarynda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň wekiliýeti, hoşniýetli däbe görä, türkmen halkynyň beýik ogullarynyň--Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynda müdimilik aram tapan ýerine zyýarat etdi. Bu çäre gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk häsiýetine eýe bolan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň bilelikdäki tagallalary netijesinde häzirki wagtda bu gatnaşyklar özara bähbitlere laýyk gelýän täze derejä çykaryldy.
Türkmenistanyň VI Halkara gaz kongresi we oňa gabatlanyp geçirilen halkara sergisi geçen aýyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Onda dünýä tejribesini alyşmak we ählumumy energetika hyzmatdaşlygynyň çäklerini giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
“Türkmengaz” döwlet konserni we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan iri ýöriteleşdirilen forum maý aýynyň üçünji ongünlüginiň başynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi we oňa dünýäniň 30 ýurdundan kompaniýalaryň 150-den gowragynyň 400-e golaý wekili gatnaşdy.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynyň wekilleriniň çykyşlary forumyň myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi. Biziň hünärmenlerimiz geljekki hyzmatdaşlary ýurdumyzyň nebitgaz edaralarynyň işi bilen tanyşdyrdylar hem-de milli energetika ulgamyna täze maýa serişdelerini çekmek babatda ýurdumyzyň strategiýasy, milli Liderimiziň bu babatda üstünlikli durmuşa geçirýän energetika syýasaty barada gürrüň berdiler.
Kongresde Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga hem uly üns berildi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Aziýa sebitinde parahatçylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşe we hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder.
Geçen aýyň wakalarynyň synyna gaýdyp gelmek bilen, 19-njy maýda Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Maýa Hristowanyň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna ynanç hatyny gowşurandygyny bellemelidiris. Diplomat Garaşsyz Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn özgertmelere uly gyzyklanma bildirip, köp ýyllyk netijeli gatnaşyklaryň hem-de türkmen we bolgar halklarynyň dostlugynyň netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Şol gün Bolgariýanyň doly ygtyýarly wekili Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde hem-de “Türkmengaz” döwlet konserninde kabul edildi.
19-njy maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Bu wekiliýet Eýranyň Ýollar we şäher gurluşygy ministrliginiň geňeşçisi, ministrligiň taslamalaryň maliýe üpjünçiligi syýasatyny ilerletmek we utgaşdyrmak baradaky geňeşiniň başlygy Asgar Fahriýe Kaşanyň ýolbaşçylygynda Aşgabada geldi.
Duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri, şeýle hem eýran kompaniýalaryny ýurdumyzda amala aşyrylýan dürli taslamalara, şol sanda ýollary we düzümleýin desgalary gurmak ulgamyndaky taslamalara çekmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Medeniýet günleri dostluk gatnaşyklarynyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň nyşanyna öwrüldi. Medeniýet günleriniň barşynda 22-24-nji maý aralygynda ýurdumyzyň wekiliýeti dostlukly gyrgyz halkyny türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, häzirki zaman sungaty we ruhy mirasy bilen tanyşdyrdy.
Şol günlerde Türkmenistanyň Horwatiýa Respublikasynda hem Medeniýet günleriniň geçirilendigi bellärliklidir. Bu medeni çäre döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze möhüm tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Dostlukly ýurduň paýtagty Zagreb şäherinde üstünlikli geçirilen medeni çäräniň maksatnamasyna konsertler, döredijilik duşuşyklary, ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi girizildi.
Maý aýynyň üçünji ongünlüginde Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitiniň antidoping guramasynyň (RADO) ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň, Mongoliýanyň, Bütindünýä antidoping agentliginiň (WADA) wekilleri türkmen paýtagtyna geldiler. Duşuşygy Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti hem-de ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet guradylar.
Umumy pikire görä, Aziada—2017 Türkmenistanyň halkara sport abraýyny belende götermek, bu ileri tutulýan ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, bütin dünýäde olimpiýa hereketiniň ýörelgelerine giňden wagyz etmäge ýardam eder.
Ýurdumyz şeýle ýokary derejedäki ýaryşlary mynasyp garşylamaga taýýarlyk görmek bilen, dünýä we sebit ähmiýetli sport ýaryşlarynda ajaýyp netijeleri görkezýän türgenleri taýýarlamaga aýratyn üns berýär. Türkmen talyplarynyň maý aýynda Hindistanyň Bangalor şäherinde geçirilen jiu-jitsu söweş sungaty boýunça Merkezi we Günorta Aziýanyň çempionatynda jemi 14 medala, şol sanda altyn medallaryň sekizisine, kümüş medallarynyň ikisine we bürünç medallaryň dördüsine mynasyp bolandygyny bellemek ýakymlydyr. Ýyl-ýyldan meşhurlyga eýe bolup barýan sportuň bu görnüşi 2017-nji ýylda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň sport meýdançalarynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Şeýle uly üstünligiň gazanylmagy biziň ýygyndy toparymyzyň Aşgabatda geçiriljek ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş etjekdigine ynam döredýär.
Aşgabat şäheriniň gününe gabatlanylyp geçirilen “Ak şäherim Aşgabat” atly XIV köp ugurly halkara sergisinde şähergurluşyk ulgamynda türkmen paýtagtyny ösdürmekde gazanylan üstünlikler hem-de onuň geljegi görkezildi. Paýtagtymyzyň häkimligi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan Sergi köşgünde geçirilen bu foruma kompaniýalaryň we kärhanalaryň 130-a golaýy gatnaşdy, olaryň 40-dan gowragy daşary ýurt kompaniýalarydyr. Bu sergi Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly şähergurluşyk maksatnamasynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
25-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ukrainanyň daşary işler ministriniň geňeşçisi Wiktor Maýko bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
27-nji maýda Aşgabatda Ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-ukrain hökümetara toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Ukrainanyň wise-premýer-ministri, Sebitleýin ösüş, gurluşyk we jemagat hojalygy ministri Gennadiý Zubkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Gepleşikleriň çäklerinde özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, şol sanda nebitgaz, himiýa we energetika pudaklarynda, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk babatda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Ýurdumyzyň baý medeni mirasy, Gündogaryň medeniýetiniň ösüşinde türkmen halkynyň ruhy mirasynyň möhüm ornuny we ähmiýetini öwrenmek boýunça geçirilýän ylmy barlaglaryň çäkleriniň giňelmegi, däp bolşy ýaly, halkara ylmy toparlarda uly gyzyklanma döredýär. Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň çäklerinde “Gadymy Merw — türki dünýäsiniň medeni merkezi” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin bu ýere Türkiýäniň, Russiýa Federasiýasynyň (Tatarystan, Başgyrdystan) Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Makedoniýanyň edebiýatçylary, medeniýeti we sungaty öwrenijileri, taryhçylary, binagärleri, arheologlary we medeni-gumanitar ulgamyň beýleki wekilleri geldiler.
Türkmenistan ata-babalarymyzyň wesýet eden gumanitar ýörelgelerine, hoşniýetli goňşuçylyga we umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarly bolmak bilen, tebigy betbagtçylykdan ejir çeken we agyr ýagdaýa düşen dürli ýurtlaryň halklaryna hemişe goldaw berýär. 26-njy maýda ýörite uçar bilen Türkmenistanyň Nepalyň halkyna iberen ynsanperwerlik kömegi Katmandu şäheriniň “Tribhuwan” halkara howa menziline gelip gowuşdy.
Şu ýylyň aprel-maý aýlarynda Nepalda köpsanly adam pidalaryna getiren weýrançylykly ýertitreme boldy. Nepalyň daşary işler ministri Mahenda Bahadur Pandeý Türkmenistanyň halkyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berlen kömek hem-de ýurduň çalt gaýtadan dikelmegi baradaky arzuwlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Maý aýynyň ahyrynda ýurdumyzda asylly däbe görä, milli senenamamyzyň nobatdaky şanly senesi — Türkmen halysynyň baýramy giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Şol umumymilli baýramçylygyň öňüsyrasynda Aşgabatda “Türkmen halysy—türkmeniň kalby” atly halkara sergisi we türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XV sergisi geçirildi. Olara gatnaşmak üçin myhmansöýer türkmen topragyna gadymy sungatyň muşdaklarynyň köpsanlysy ýygnandy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan iri pudaklaýyn sergä daşary ýurtly myhmanlaryň 160-a golaýy — alymlar we hünärmenler, meşhur haly öndürijiler, işewürler, iri söwda kompaniýalarynyň hem-de milli medeni merkezleriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Şu ýylyň 27-28-nji maýynda Kuweýt Döwletiniň paýtagty El-Kuweýt şäherinde geçirilen Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 42-nji mejlisi häzirki zamanyň wehimlerine garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek we tagallalary birleşdirmek babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Mejlisiň işine bu gurama agza ýurtlaryň 57-siniň daşary syýasat edaralarynyň wekiliýetleri, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ekstremizme, terrorçylygyň ähli görnüşlerine garşy göreşmek meseleleri, şeýle hem gurama agza ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Garaşsyz Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda Bitaraplyk ýörelgelerine eýermek bilen, dünýäde ýüze çykýan ähli meseleleri diňe parahatçylykly, syýasy, diplomatiki ýol arkaly çözmek ugrunda çykyş edýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň iň ýakyn goňşusy bolan Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga degişlidir. Iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy hem geçirildi.
Şeýlelikde, geçen aýyň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik daşary syýasaty babatda milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan alnyp barylýan uly hem-de maksady okgunly işiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Türkmenistan bolsa syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda giň halkara hyzmatdaşlygy üçin hemişe açykdyr.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder