Türkmenistanda Ylymlar güni bellenip geçilýär. Ol ösüşlere beslenen beýik özgertmeler eýýamynda dörän baýramçylykdyr. Şol özgertmeleriň özeninde oýlanyşykly ylmy çemeleşmeler, ylmy pikirleriň öňdebaryjy gazananlary goýlandyr.
Ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun tutýar, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynda esasy şert bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzyň ylmyny hil taýdan täze, ösüşiň dünýä derejesine çykarmak, ylmy-barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň gündeki meselelerini çözmäge gönükdirmek — ine, şular hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň alymlarynyň, tutuş jemgyýetimiziň öňünde goýýan baş wezipeleridir.
Häzir Türkmenistan iri halkara guramalary we ylmy merkezleri bilen ylym hem-de ýokary tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzda ýokary döwlet edarasy—Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy işleýär. Onuň ýolbaşçylygynda döwletiň ylmy-tehniki syýasaty durmuşa geçirilýär. Geçen ýyl TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy milli ylmy ösdürmekde hakyky öňe gidişlik boldy. Bu merkeziň esasy maksady ylmy barlaglary geçirmek, bäsleşige ukyply tehnologiýalary hem-de önümçilige ornaşdyrmak üçin önümleriň nusgalaryny işläp düzmek, dünýä bazarynda eýýäm bar bolan geljegi uly tehnologiýalary ýerli şertlere uýgunlaşdyrmak bolup durýar.
Ylmy-barlag institutlarynyň we Tehnologiýalar merkeziniň, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralarynyň ýanynda aspiranturalar we doktoranturalar işleýär. TYA-nyň howandarlygynda dünýä ylmynyň möhüm meselelerine bagyşlanan halkara ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär, Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny, onuň taryhyny we medeniýetini öwrenmäge ýardam edýän ylmy saparlar guralýar. Ylmy edaralaryň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň ylmy önümçilige işjeň ýakynlaşdyrmak babatda öňde goýan wezipeleri alymlaryň işleriniň netijelerinde beýanyny tapýar. Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda hem-de Tehnologiýalar merkezinde ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine, şeýle hem energiýa serişdelerini tygşytlamak meselelerini çözmäge innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen barlaglar işjeň alnyp barylýar. Energiýanyň alternatiw çeşmelerini öwrenip, alymlar elektroenergiýany öndürmegiň, uglewodorod serişdeleriniň känlerini çaklamagyň, gözlemegiň, işläp taýýarlamagyň, gazyp almagyň we peýdalanmagyň täze tehnologiýalaryny döredýärler, şeýle hem ýangyjy elektrik we ýylylyk energiýasyna öwürmek boýunça barlaglary alyp barýarlar.
Gün energiýasy institutynyň hünärmenleri kwars çägesini baýlaşdyrmak arkaly kremni oksidini almagyň ekologiýa taýdan arassa usulyny işläp taýýarladylar we synap gördüler. Olar tarapyndan dikligine we keseligine ýerleşen oklarynyň aýlanmagyndan kuwwaty 1 kilowatt bolan ýel energiýasy enjamy döredildi we synagdan geçirildi. Olar ýeliň mehaniki energiýasyny elektrik energiýasyna öwürmäge ukyplydyr. Institutyň alymlarynyň geljegi uly işläp taýýarlamalarynyň hatarynda ownuk suw ösüntgilerini kultiwirlemäge niýetlenen gün fotobioreaktorlar hem-de biogazy we biodökünleri almak üçin bioenergiýa biogaz kiçi enjam bar. Nanogurluşly enjamlaryň esasynda ýokary kwant çykyşy bolan täze görnüşli ultra melewşe şöhleleriniň fotodetektory döredildi. Düýpli ylymlar babatda termodinamika kämilleşdirildi we onuň täze kanunlary ýüze çykaryldy.
Ekologiýa we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak babatda ekologiýa taýdan arassa, galyndysyz tehnologiýalary döretmekde häzirki zaman ylmy-barlaglarynyň orny aýdyňdyr. Hususan-da, häzir Türkmenistanyň tebigy serişdelerini goramak, ekoulgamyň sazlaşykly ösüşini gazanmak, Garagum çölüni goramak, özleşdirmek we onuň bioköpdürlüligini baýlaşdyrmak boýunça, şeýle hem oba hojalygynda we durmuş-ykdysady pudagynda “Altyn asyr” kölüni, oňat çekilen lagym suwlarynyň akabalaryny hem-de ýanaşyk ýerlerini netijeli peýdalanmagyň barlaglary işjeň alnyp barylýar.
Aşgabadyň suwunyň, topragynyň we howasynyň düzümini yzygiderli öwrenmegiň esasynda şäheriň ekologiýa kartasyny döreden Himiýa institutynyň işgärleri ekologiýa meselelerini çözmekde öz çözgütlerini hödürleýärler. Belarus Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň Täze serişdeler himiýa instituty bilen hyzmatdaşlykda olar tarapyndan Türkmenistanyň çägesinden suw arassalaýjy süzgüçleri almagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi we olaryň ilkinji nusgalary taýýarlanyldy.
Makro we mikro ionlaryň möwsümleýin üýtgemegini öwrenmegiň esasynda baş akabanyň hem-de “Altyn asyr” türkmen kölüniň Daşoguz şahasynyň, Sarygamyş kölüniň iri suw giňişlikleriniň düzüminde agyr metallaryň, mikroionlaryň we biogen maddalarynyň saklanýandygy kesgitlenildi, olaryň gidrohimiýa häsiýetnamasy berildi.
Mundan başga-da, alymlar kaliý ýodatyny almagyň innowasion tehnologiýasyny işläp düzdiler, şeýle hem “Guwlyduz” kombinatynda “Ekstra” görnüşli ýodlaşdyrylan nahar duzunyň her ýylda 500 tonnasyny we girdejiklenen duzlaryň 4500 tonnasyny öndürmek boýunça senagat-synag enjamynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny, şeýle hem onuň önümçiliginiň tehnologiýasyny görkezdiler.
Oba hojalyk senagatynyň ösdürilmegine Maldarçylyk we weterinariýa institutynyň alymlarynyň goşandy uludyr. Bu gün olar tarapyndan ýokary diri agramy, kesellere durnuklylygy hem-de öri meýdan şertlerinde köpeltmäge ýaramlylygy bilen tapawutlanýan et üçin niýetlenen iri şahly mallaryň /zebu+şwisk genotipi / täze tohumy döredildi. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda eti we ýagy köp çykýan ownuk şahly malyň çaknyşdyrylan täze tohumy /gissar+garagöl genotipi/ döredildi. “Sakarçäge” düýedarçylyk hojalygynda tohum ugurlarynyň seçgiçilik ýoly arkaly arwana düýeleriniň tohumlarynyň netijeliligi ýokarlandyryldy.
Brusella abortus-19 ştammyndan iri şahly mallaryň brusellýoz ýokanç keseline garşy dermanyň, mallaryň süýdüne we süýt önümlerine bu ýokanç keseliň ýokup-ýokmanlygyny barlamak üçin anyklaýyş serişdesiniň döredilmegini weterinariýa ulgamynda gazanylan üstünlik diýip hasaplap bolar. Şeýle hem institutda döredilen iri şahly mallaryň teýleriozyna garşy “Teýlerisid” hem-de haýwanlaryň gelmintozyna garşy “Monezid” wetirinar derman serişdeleri kämilleşdirildi.
Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň alymlary oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň we hiliniň ýokarlanmagyna öz goşantlaryny goşýarlar. Olaryň döreden iki sany täze gowaça sorty /”Hasylly” inçe süýümli we “Arkaç-130” orta süýümli/ häzirki wagtda Tohumçylyk we sortsynag döwlet gullugynyň degişli welaýat merkezlerinde synagdan geçirilýär. Gowaçanyň orta süýümli “Altyýap-1”, “Gökdepe-121”, “133- senagat” , “Arkaç-222”, inçe süýümli “Garadamak-5”, “Garadamak-6” täze görnüşleri “Garadamak” tejribe meýdançasynda synagdan geçirilýär.
Ýeriň emeli hemrasynyň kömegi bilen alnan maglumatlarynyň esasynda alymlar kartalary düzüp, “Aliyn asyr” türkmen kölüniň töwereklerinde gögerip çykýan we ýaýraýan ösümlikleriň aýratynlyklaryny, olaryň tutýan meýdanyny, görnüşleriniň sanyny we örtüginiň möçberini karta salýarlar. Köýtendagyň ösmlik dünýäsi boýunça toplanan ylmy maglumatlar Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet /UNESKO/ meseleleri boýunça daşky gurşawy goramak babatda Maksatnamasynyň hasabatlarynda, şeýle hem Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň Döwlet kadastrynda we Türkmenistanyň Gyzyl kitabynda peýdalanylýar.
Institutda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň esasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Saglyk” derman kärhanasy bilen bilelikde ýerli derman ösümliklerine /hozuň ýapragy, krapiwa we beýlekiler/, minerallara we bejeriş çaýlaryna
/ “Selen”, “Dag oty”, “Rahatlandyryjy”, “Saglyk”, “Hoşboý” we beýlekiler/ kadalaşdyryjy resminamalar işlenip düzüldi, olary önümçilige ornaşdyrmak boýunça işler dowam edýär. Dermanlyk ösümlikleriniň birnäçesi /itburun, alteý, narpyz, müňýaprakly we beýlekiler/ synag etmek maksady bilen “Garadamak” synag meýdançasynda ekildi. Institutda şeýle hem biotehnologiýalary peýdalanmak bilen ýandak we selme dermanlyk ösümlikleriniň biomassalaryny almak boýunça işler ýerine ýetirilýär.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Institutda “Magtymguly” ylmy-önümçilik tejribe merkeziniň binýadynda ýokary hasylly miweli agaçlaryň ösüşiniň aýratynlyklaryny öwrenmek boýunça işler alnyp barylýar. Miweli agaçlaryň (naryň, injiriň, zeýtunyň, unabiniň, gündogar hurmasynyň, üzümiň, badamyň, almanyň, armydyň, behiniň we beýlekileriň) genofondy döredilýär. Önümçilik maksady bilen, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň “Sumbar” we “Çendir” daýhan birleşiklerinde synag üçin hurmanyň bäş görnüşi, almanyň üç görnüşi, naryň iki görnüşi, üzümiň bäş görnüşi oturdyldy we olara gözegçilik edilýär.
Botanika bagynyň barlaghanasynda dermanlyk ösümlikleriň birnäçesiniň immunomodilirleýji häsiýetlerini öwrenmäge gönükdirilen biotehnologiýalar usuly arkaly dermanlyk ösümlikleri ýetişdirmek boýunça synaglar üstünlikli geçirilýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň taryhyny we medeniýetini, türkmen halkynyň gelip çykyşyny, ösüşini, onuň dünýä siwilizasiýasyndaky ornuny, şeýle hem Garaşsyz we Bitarap türkmen döwletiniň häzirki gazananlarynyň mundan beýläk-de öwrenilmeginiň zerurdygyny häzirki zaman ylmynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezýär. Gumanitar ulgam bilen meşgullanýan alymlaryň bu ugurdaky işiniň soňky netijeleri bäş jiltlik “Türkmenistanyň taryhynyň” we iki jiltlik “Türkmen diliniň düşündiriş sözlüginiň” çapa taýýarlanylmagy bilen baglanyşyklydyr.
Türkmenistanda ylmy-barlag institutlary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri tarapyndan amala aşyrylýan bäsleşik taslamalary bilen baglanyşykly işler ýaş alymlaryň bilim derejesini kämilleşdirmäge, ylmy dünýägaraýşyny we intellektual kuwwatyny ösdürmäge ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, her ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň geçirilmegi bellärlikli ýagdaýdyr. Bu bäsleşigiň jemleri Ylymlar gününde jemlenilýär.
Milli hemra aragatnaşygynyň älem giňişligine çykarylmagy ýurdumyzyň ylmyny mundan beýläk ösdürmek üçin aýratyn ähmiýetli waka boldy. Onuň peýdalanylmagy ylmy-barlag institutlarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň maglumat-aragatnaşyk mümkinçiliklerini görnetin giňeltmä-ge mümkinçilik berer.
Dünýäniň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen giň gatnaşyklary ösdürmek meseleleri hem döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Döwletara gepleşikleriniň barşynda bu ugurdaky özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ençeme gezek ara alnyp maslahatlaşyldy we häzirki wagtda anyk işlerde öz beýanyny tapýar. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary, ABŞ, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy bilen bilim alyşmalary maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, Russiýanyň, Belarusyň, Türkiýe Respublikasynyň, beýleki ýurtlaryň esasy ýokary okuw mekdepleri hem-de ylmy merkezleri bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň Tokio we Hirosaki uniwersitetleriniň alymlary bilen Garagumuň çägesinden kremniý almagyň tehnologiýasyny işläp taýýarlamak boýunça bilelikde geçirýän barlag işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Şu tehnologiýanyň üstünde işleri doly tamamlamak maksady bilen, ýaş alymlar Ýaponiýa iş saparyna ugradyldy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýaş alymlary Belarus Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň Genetika we sitologiýa institutyna molekulýar genetika boýunça hünäri kämilleşdiriş okuwyna iberildi. Olar oba hojalyk ekinleriniň genotipini kesgitlemek we olaryň nusgalarynyň genetiki pasportlaryny döretmek üçin polimorf plaýmerleri we markerleri ulanmak, ösümlik nusgalaryndan DNK-lary bölüp aýyrmak, onuň hil we san häsiýetnamalaryny seljermek, polimeraz zynjyr reaksiýasyny geçirmek ýaly ylmy usullary özleşdirdiler.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan “Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasy” işlenip taýýarlanyldy we ol Ministrler Kabinetiniň 11-nji iýunda bolan mejlisinde tassyklanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň döwlet maksatnamasy, Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Soňky maksatnamanyň çäklerinde Ýaponiýanyň esasy uniwersitetleriniň tejribesiniň esasynda Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýa uniwersitetini döretmegiň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu uniwersitetiň açylmagy ýurdumyzda nano, bio we maglumat tehnologiýalary, elektronika, robototehnika, genetika, molekulýar biologiýa, innowasion ykdysadyýet, şeýle hem ýöriteleşdirilen senagat ýaly ylmy ugurlary ösdürmäge we dünýä derejesine çykarmaga mümkinçilik berer.
Türkmen Lideriniň ylym we bilim ulgamyndaky özgertmeler başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginde uly gyzyklanma döredýändigini we onuň goldawyna mynasyp bolýandygyny bellemek möhümdir. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň belent halkara sylaglary, döwlet Baştutanymyza köpsanly ýokary hormatly atlaryň dakylmagy, şol sanda dünýäniň abraýly ylym merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň hormatly akademigi, hormatly doktory diýen atlaryň dakylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Aşgabatda geçirilýän Halkara ylmy forumlary hem ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Olaryň hatarynda, däp bolşy ýaly, Ylymlar gününe gabatlanylyp geçirilýän “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym,tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat hem bar. Şu ýyl bu forum Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçiriler we dünýäniň köp ýurtlarynyň alymlaryny, esasy ylmy-barlag edaralarynyň, institutlarynyň, halkara guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny jemledi. Munuň özi ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy, dünýäniň ylym jemgyýetçiligi bilen netijeli hyzmatdaşlyk babatda täze mümkinçilikleri açýar.
Şu gün bellenilýän baýram mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, ýokary okuw mekdeplerinde ylmy maslahatlar, sergiler we konsertler guralýar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde şu gün uly baýramçylyk dabarasy geçiriler. Şol ýerde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy bolar. Baýramçylyk güni ýurdumyzyň ylmynyň okgunly ösüşini alamatlandyrýan paýtagtymyzdaky täze “Ylym” binasynyň öňündäki meýdançada konsert bilen jemlener.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuşyň öňe gitmegini kesgitleýän ylmyň kanunlaryndan ugur alyp, ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek işini has-da ilerledip, alymlaryň öňünde barha täze wezipeleri hem-de maksatlary goýýar. Ýurdumyzyň kuwwatyny nazara alsaň, bu wezipeleri çözmek üçin ähli mümkinçilikler bardyr. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan öňdebaryjy ylmyň gazananlaryndan çetde durup bilmez. Ýurdumyzyň ylmy kuwwaty onuň halkara abraýynyň nyşanydyr, milli baýlygyň möhüm bölegidir, onda döwletimiziň kuwwaty jemlenendir.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder