18 Haziran 2015 Perşembe

Oba Hojalyk Önümçilik Ulgamynyň Statistikasy

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan welaýatlarda we paýtagtda guralan okuw-sapaklarynda hünärmenleriň 850-si ilatyň oba hojalyk işiniň statistika hasabatynyň usulyýeti boýunça hünär derejelerini ýokarlandyrdylar 

Okuw maslahatyna ýurduň sebitleriniň ählisiniň oba hojalyk müdirlikleriniň statistika bölümleriniň müdirleri, häkimlikleriň, geňeşlikleriň, jemagat hojalygy kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Onda oba hojalygynda statistika hasabatynyň usulyýetine, bu ulgamdaky täze tehnologiýalar ýaly meselelere garaldy hem-de bu işi kämilleşdirmek boýunça täze wezipeler bellenildi. Mallaryň we öý guşlarynyň sanynyň hasaby, natural aňlatmada ösümlik we maldarçylyk önümleriniň önümçiliginiň möçberiniň hasabynyň meseleleri beýan edildi. 

2102-2016-njy ýyllarda Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde statistika hasabatynyň elektron görnüşleri ornaşdyrylýar. Bu bolsa, işlenip taýýarlanan maglumatlary çalt seljermäge we ulanmaga mümkinçilik berýär. Statistika gulluklarynyň halkara iş tejribelerini öwrenmek, unifisirlenen usulyýet ugurlaryny ornaşdyrmak bu maslahatyň esasy wezipesi boldy.







Hiç yorum yok:

Yorum Gönder