8 Haziran 2015 Pazartesi

Aşgabatda Dokma Senagatynyň Halkara Sergisi Öz Işini Tamamlandy

Paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagaty pudagy innowasion ösüş ýolunda” atly Dokma senagaty işgäreleriniň gününe bagyşlanyp geçirilen halkara sergisi öz işini tamamlady.

Her ýyl Türkmenistanda geçirilýän iri möçberli pudaklaýyn gözden geçiriliş dünýä dokma işewürlerinde uly gyzyklanma döredýär, olary ýurdumyzda bu ulgamda döredilen giň mümkinçilikler, ygtybarly hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatynda bar bolan şertler özüne çekýär, munuň özi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegi ugur edinen Türkmenistanda ileri tutulýan ýörelgelerine gönüden-göni gabat gelýär.

Dünýäniň onlarça ýurtlaryndan, şol sanda Russiýadan, Hytaýdan, Germaniýadan, Italiýadan, Şweýsariýadan, Belgiýadan, Türkiýeden, Koreýa Pespublikasyndan we beýleki ýurtlardan  öňdebaryjy kompaniýalar  türkmen dokmaçylarynyň gazananlaryna şu gezekki gözden geçirilişine gatnaşyp, dokma senagatynda özleriniň iň täze işläp taýýarlamalaryny görkezmäge mümkinçilik aldylar. 

Ägirt uly serişdeler we ykdysady mümkinçilikler, şeýle hem  halkara ülňüleriniň ähli talaplaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli harytlary öndürmäge gönükdirilen, ekologiýa taýdan arassa   innowasiýa önümçiligi türkmen dokma önümleriniň halkara bazarlaryndaky ornuny pugtalandyrýar. Nah ýüplük we matalar, trikotaž we tikin önümleri häzirki wagtda eksporta iberilýän önümleriň esasy bölegini düzýär. 

Aşgabatda geçirilen sergide pudagyň kärhanalarynda çykarylan önümleriň dürli görnüşleri görkezildi, olaryň arasynda arassa ýüplükden taýýarlanan dürli önümler, pagtadan dokalan matalar, garyşyk süýümden we ýüpekden tikilen lybaslar, taýýar lybaslaryň täze nusgalary esasy orny eýeleýär.

Pudagy mundan beýläk-de ösdürmek ýokary hilli çig maly gaýtadan işlemäge – pagta süýüminden taýýar önümleriň dürli görnüşlerini öndürmäge gönükdirilendir. Şu nukdaý nazardan dokma sergisi işewürleriň duşuşyp, özara pikir we tejribe alyşmaklary üçin amatly meýdança boldy, duşuşyklaryň barşynda özara teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy, mundan beýläkki bilelikdäki hereketiň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem geljekki hyzmatdaşlar bilen täze gatnaşyklar ýola goýuldy. 

Ýurdumyzyň belli dizaýnerleriniň we dünýä belli daşary ýurtly ýokary modanyň ussatlarynyň öz taýýarlan dürli lybaslaryny görkezmekleri sergä aýratyn öwüşgin çaýdy. Milli ýörelgeleri dowam etdirmek we häzirkizaman meýillerini sazlaşdyrmak arkaly taýýarlanylan  lybaslaryň toplumlary, nepis el işleri sergä gelenleriň aýratyn ünsüni çekdi. Dünýä meşhur modelýer Wýaçslaw Zaýsewiň, russiýaly dizaýnerler T. Parfenowanyň, A.Ahmadullinanyň, türk dizaýneri Muammer Ketenjiniň, gazagystanly modelýer Kuralaý Nurkadilowanyň zehininden çykan kaşaň – hakyky sungat eserlerine kybar gelýän  lybaslar toplumlarynyň görkezilmegi bu  serginiň unudylmajak pursatlary boldy. 

Aşgabadyň Modalar öýüniň, pudagyň kärhanalarynyň dizaýnerleriniň we çeper elli işgärleriniň, paýtagtymyzyň toý salonlarynyň  wekilleriniň arasynda iň häzirki zaman lybaslaryny döretmek boýunça “Çeper eller” atly döredijilik bäsleşiginiň geçirilmegi serginiň myhmanlary – amaly-haşam sungatynyň muşdaklary üçin ajaýyp sowgat boldy, olar Sergi köşgüniň meýdançalarynda öz önümlerini görkezdiler. 

Serginiň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylaryň ählisine dabaraly ýagdaýda diplomlar we degişli şahadatnamalar gowşuryldy. “Çeper eller” bäsleşiginiň ýeňijileri hem hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglandy. 

Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, onda olar Halkara sergisini üstünlikli geçirmäge döredilen mümkinçilik, Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygy ugrundaky yzygiderli tagallalary üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder