17 Haziran 2015 Çarşamba

Türkmenistanyň Raýatlygyna Kabul Edilen Adamlara Pasportyny Gowşurmak Dabarasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 13-nji iýunynda “Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky” taryhy Permana gol çekdi. Oňa laýyklykda raýatlygy bolmadyk 361 adam Türkmenistanyň raýatynyň doly we mizemez hukuklaryna eýe boldy.

2015-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler otagynda Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek çäresi geçirildi.

Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlaryň birnäçesine şahsyýetiň raýatlygyny tassyklaýan resminamasy bolan Türkmenistanyň raýatynyň pasportlary gowşuryldy. Bu çäräniň şu ýylyň 17—18-nji iýunynda Aşgabatda geçirilýän migrasiýa babatynda halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanan halkara maslahatyna gabat gelmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Adam hakdaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 2011-nji, 2013-nji we 2014-nji ýyllarda halkymyzyň ynsanperwerlik we paýhasly pederlerimize mahsus häsiýetlerden gelip çykýan ýörelgelere laýyklykda hem-de milli Liderimiziň Permany esasynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlaryň 4,5 müňden gowragy biziň ýurdumyzyň raýatlygyna kabul edildi.

Ýygnananlar bu çäräniň Türkmen döwletiniň ynsanperwerlige degişli hukuk boýunça halkara borçnamalaryny we hususan-da, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky kadalary berjaý edýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrülendigini bellediler.

Dabaraly çäräniň ahyrynda, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň raýatlary hökmünde pasportlary alan adamlar mähriban Watanymyzyň mundan beýläk gülläp ösmegi, ýurdumyzyň abadançylygynyň artmagy ugrundaky giň möçberli çärelere işjeň gatnaşjakdyklary barada ynandyrdylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder