Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanynda döredilen çagalar gaznasy Halkara maşgala güni we Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlap, maý aýynyň soňky ongünlüginde haýyr-sahawat çäreleriniň birnäçesini geçirdi. Şeýle çäreleriň biri paýtagtyň kärdeşler arkalaşygy bilen bilelikde “Türkmen ertekiler dünýäsi” dynç alyş merkezinde geçirilip, ol ýatdan çykmajak baýramçylyga öwrüldi.
Köp çagaly maşgalalaryň, ýöriteleşdirilen we kömekçi mekdepleriň çagalary bu ýerde gurlan ertekidäki gowaklarda ajaýyp gezelenç etdiler, beýleki attraksionlara baryp gördüler we bu ýerdäki oýunlara uly höwes bilen gatnaşdylar. Bu seýilgähiň açyk meýdançalary hem boş bolmady. Galdaw çagalar çopantelpekli meýdança boýunça otlynyň owadan wagonlarynda aýlanmagy gowy gördüler, hiňňillikde uçdular, çagalaryň ekabyrraklary bolsa, syn ediş hiňňildiginden öz söýgüli şäherlerini haýran galyjylyk bilen synladylar.
Surat çekmegi gowy görýänler asfaltyň ýüzüne surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşige gatnaşdylar, tiz wagtdan seýilgähiň tomusky üsti ýapyk teatrynyň ýanyndaky meýdança dürli reňkli hekler bilen ýerine ýetirlen owadan suratlardan doldy. Ýaş hudožnikler özleriniň işlerinde gülüp duran güni, ene ojagyny, dostlaryny, gülleri, şeýle hem kepderileri we çaganyň päk kalbynyň duýgusy bolan “parahatçylyk” sözüni beýan etdiler. Bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy, beýleki gatnaşyjylaryň ählisine bolsa gyzykly, owadan bezelen kitaplar, oýnawaçlar, albomlar, dürli reňkli galamlar we surat çekilýän reňkler ýaly sowgatlar gowşuryldy.
Türkmenistanyň çagalar gaznasynyň direktory Aýlar Orazsähedowanyň belleýşi ýaly, maksatnamalaryň biri – “Ýaş zehinler” az üpjünçilikli maşgalalaryň çagalaryna gönükdirildi. Dürli çäreleriň geçirilmegine döwlet edaralary, hususy telekeçiler we meýletinçiler kömek edýärler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder