Gurama agza käbir ýurtlar nebitiň önümçiliginiň azaldylmagyny isleýän bolsalar, beýleki bir bölegi bolsa azaldylmagyna garşy çykýarlar
Wenada 167-nji gezek ýygnanan “Nebit eksport eden ýurtlar guramasyna” agza ýurtlar nebitiň önümçilik mukdaryny üýtgedilmejekdigi barada karar kabul etdiler.
Kabul edilen karardan soň Brent görnüşli nebitiň bahasy 62 dollar 79 sente çenli baryp ýetdi.
Guramanyň 12 agzasynyň 7-si nebit önümçiliginiň azaldylmagyny isleýän bolsa, aralarynda Saud Arabystany bolan 4 agza ýurt bolsa azaldylmagyna garşy çykýarlar.
Maslahatdan ozal çykyş eden Eýranyň Nebit ministri Bijan Zanganeh OPEC-a agza birnäçe ýurt üçin nebitiň bahalarynyň azdygyny, 75 dollar töweregindäki bahanyň bazaryň iki tarapy üçin hem adalatly boljakdygyny belläp geçdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder