Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda şu ýylyň 5 aýynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň jemleri jemlenildi, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna we döwlet durmuşynyň möhüm meseleleriniň birnäçesine garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň geçen bäş aýyň içinde ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň 2013—2017-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň berjaý edilişi babatda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň dünýä derejesinde barha artýan abraýyny şertlendiren giň netijeli halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Muňa hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara saparlary, milli Liderimiziň ýokary derejeli iri maslahatlara gatnaşmagy hem-de birnäçe daşary döwletleriň baştutanlarynyň ýurdumyza saparlary aýdyň subutnama bolup durýar.
Umuman, ýylyň başyndan bäri daşary ýurt wekiliýetleriniň 226-sy Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Türkmenistanda boldy. Şol bir wagtda hem ýurdumyzyň wekiliýetleriniň 352-si daşary ýurtlara ugradyldy. Ýanwar-maý aýlarynda Türkmenistanda halkara ähmiýetli dürli çäreleriň, şol sanda maslahatlaryň, okuwlaryň we beýleki forumlaryň 93-si geçirildi. Şonuň ýaly-da, hasabat döwründe halkara resminamalarynyň 101-sine gol çekilendigi habar berildi.
Ýylyň başyndan bäri döwletara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn geňeşmeleriň 20-si geçirildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň 15-si bolup geçdi. Şol toparlaryň işi netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de Türkmenistan bilen dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasyndaky medeni-gumanitar gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy şular bilen birlikde, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna we Mongoliýa iş saparlarynyň netijeleri barada habar berdi. Şu saparlaryň çäklerinde geçirilen möhüm ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleriniň barşynda türkmen-özbek we türkmen-mongol hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistanyň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem, abraýly sebit we halkara guramalarynyň düzümleriniň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeň ösdürjekdigini, tutuş dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we rowaçlygy üpjün etmäge gönükdirilen netijeli özara gatnaşyklary yzygiderli giňeltjekdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu babatda Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň diplomatik toplumynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz türkmen-özbek we türkmen-mongol hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň üstünde durup geçip, Türkmenistanyň Özbegistan we Mongoliýa bilen gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady hem-de özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň we geljegiň bardygyny nygtady. Şol hyzmatdaşlygy doly herekete getirmek zerurdyr.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatyny dowam edip, Türkmenistanyň Nýu-Ýorkdaky Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasyndan gelip gowşan hoş habary aýtdy. 3-nji iýunda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan "Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy" Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilendigini habar berdi. Ýurtlaryň 47-si bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.
Bu Rezolýusiýanyň kabul edilmeginiň hormatly Prezidentimiziň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli syýasatynyň ählumumy ykrar edilmeginiň ajaýyp subutnamasy bolup durýar.
Bellenilişi ýaly, bu wajyp köptaraplaýyn resminama ýurdumyzyň Bitaraplygynyň tutuş 20 ýyllyk tejribesini özünde jemleýär hem-de türkmen Bitaraplygynyň öňünde durýan täze wezipeleri kesgitleýär.
Rezolýusiýada sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň aýgytlaýjy ähmiýeti, Watanymyzyň halkara derejesinde dostluk we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekdäki hyzmaty ykrar edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisine gatnaşýan wekilleriň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky rezolýusiýasyny makullandyklaryny kanagatlanma bilen belledi. Olar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goldaýandyklaryny beýan etdiler.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Rezolýusiýada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam berýändigi beýan edilýär. Bu resminamada sebitiň ýurtlary we dünýäniň beýleki döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň we oňyn hyzmaty bellenýär.
Maslahata gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen ähli türkmen halkyny möhüm ähmiýetli taryhy waka bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimiz şeýle hem biziň döwletimiziň geçen 20 ýylyň dowamynda alyp baran işine ýokary baha berip, bu rezolýusiýany goldan ähli döwletlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Bitaraplyk güni Türkmenistan üçin Garaşsyzlykdan soň ähmiýeti boýunça ikinji milli baýrama öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Geçen döwürde amala aşyrylan işlere syýasy, ykdysady, hukuk we durmuş taýdan baha berip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň 20 ýyl mundan ozal saýlap alan ýolunyň örän uly taryhy ähmiýetli we ykbal kesgitleýji ýol bolandygyny belledi.
Bitarap Türkmenistan täze hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, dünýä bileleşiginiň öňünde öz üstüne birnäçe borçnamalary hem aldy diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bu borçnamalar syýasy, ykdysady, harby birleşiklere we bileleşiklere goşulmazlykdan ybaratdyr; ýurdumyzyň parahatçylygyny we azatlygyny goramak üçin ýeterlik bolan, döwletimiziň zerur möçberdäki öz goşunynyň bolmagydyr; köpçülikleýin gyryş ýaragyndan ýüz döndermekdir, şol ýaraglary Türkmenistanyň çäklerinden we howa giňişliginden daşamagy gadagan etmekdir. Şol borçnamalaryň hatarynda şeýle hem umumyadamzat gymmatlyklaryny, demokratik däpleri ileri tutmak, ýurtda raýatlaryň agzybirligini we parahatçylygyny kepillendirmek; ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny Birleşen Milletler Guramasy we halkara ynsanperwer guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda alyp barmak borçlary bardyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk syýasaty Türkmenistana milli ykdysady ösüşiň wezipelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berdi. Ykdysady-hukuk nukdaý nazaryndan, Bitaraplyk türkmen topragynyň ýerasty baýlyklaryny özleşdirmäge, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmaga gönükdirilen, örän möhüm ykdysady taslamalary işläp düzmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň netijeli guralyna öwrüldi.
Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň yzygiderli ösmegi dünýä bileleşigine Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde howpsuzlygy we parahatçylygy berkitmek, hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli çäreleri teklip etmäge Türkmenistana ýardam berdi. Dünýäde geosyýasy meseleleri çözmegiň täze hukuk gurallaryny döretmek boýunça başlangyçlar bilen çykyş etmäge mümkinçilik döretdi. Öz gezeginde, munuň özi şeýle hem ählumumy parahatçylygy goldamakda Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyçlaryny we maksatnamalaryny işjeň durmuşa geçirýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da artmagyna ýardam etdi.
Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňini dowam edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini ýerleşdirmek üçin Aşgabat şäheriniň saýlanyp alynmagynyň hem möhüm ähmiýetini belledi. Bu abraýly halkara Guramasynyň howandarlygynda dünýäde howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilen ýokary derejedäki maslahatyň ýurdumyzda geçirilmegi hem tötänden däldir.
Türkmen Bitaraplygynyň nusgasy biziň üçin örän gymmatlydyr. Sebäbi, ol häzirki zaman dünýägaraýşyny hem-de mähriban halkymyzyň köp asyrlyk pähim-paýhasyny özünde jemleýär we sazlaşykly utgaşdyrýar. Sabyr-takatlylyk, dost-doganlyk däplerine eýermek, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine wepaly bolmak türkmen halkyna asyrlaryň dowamynda mahsus bolan häsiýetlerdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şoňa görä-de, Bitaraplyk derejesi diňe bir halkymyzyň milli jemgyýetçilik aňynda giň goldawa eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzy bütin dünýä ýakyndan tanadýar we döwletimiziň dünýä bileleşigi üçin açykdygyny görkezýär.
Häzirki döwürde Türkmenistan bilen dünýäniň iri döwletleriniň arasynda ýola goýlan, özara ynanyşmak däplerine eýerýän, ýokary derejeli gatnaşyklaryň durnuklydygyna guwanyp bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Biz goňşy ýurtlar we sebitdäki beýleki döwletler bilen aç-açanlyga esaslanýan gatnaşyklarymyzyň barha ösýändigine we pugtalanýandygyna buýsanmaga haklydyrys.
Milli Liderimiz ýokarda aýdanlaryny jemläp, alyp barýan syýasatymyzyň mundan beýläk-de Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge gönükdiriljekdigine berk ynanýandygyny aýtdy.
Mejlisiň barşynda türkmen halkynyň belent ynsanperwer däplerine esaslanyp, şeýle hem dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk türkmen-owgan gatnaşyklaryndan ugur alyp, döwlet Baştutanymyz Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde 20 orunlyk çaga dogrulýan öýüni gurmak baradaky Karara gol çekip, bu öýüň owgan halkyna sowgat bolmagyny arzuw etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň jemleri hakynda hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda "Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-1016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň" üstünlikli durmuşa geçirilmegi, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň netijesinde halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda ýokary makroykdysady görkezijiler gazanyldy.
Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini milli ykdysadyýetimiziň durnukly we sazlaşykly ösýändigini alamatlandyrýar. Jemi öndürilen önümiň ösüş depgininiň umumy görkezijisi 109,1 göterime barabar boldy. Şu ýylyň bäş aýynda bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberleri 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynda hem oňyn ösüş äşgär duýulýar.
Senagat we durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. Düýpli maýa goýumlaryň möçberleriniň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 39,2 göterim möçberde emele geldi. Habar berlişi ýaly, şu ýylyň bäş aýynyň jemi boýunça "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasyna" laýyklykda, ýurdumyzda jemi 145 durmuş-medeni maksatly binalaryň, 947 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy. Mundan başga-da, hasabat döwründe uzynlygy 1970 kilometr suw geçirijiler, 977 kilometr ulag ýollary, 382 kilometr gaz geçirijiler, 1513 kilometr elektrik geçirijiler, 645 kilometr telefon ulgamy çekildi, şeýle hem beýleki inženerçilik-tehniki desgalar guruldy.
Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ýurdumyzyň Döwlet býujeti üstünlikli ýerine ýetirildi. Onuň girdeji bölegi 102,6 göterime, çykdajy bölegi bolsa 90,2 göterime barabar boldy. Aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda tölenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda durnukly ösüş depginlerini saklamak, halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň doly herekete girizilmeginiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere gözegçilik edýän düzümleriniň işine, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz ähli pudak işiniň ýagdaýyna we gazanylan netijelere yzygiderli seljerme geçirmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa parlamentiň milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzda häzirki zaman, umumy ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelýän kanunçylyk- hukuk binýadyny kemala getirmek boýunça hem-de parlamentara aragatnaşyklaryny we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.
Şu ýylyň bäş aýynda Mejlisiň iki maslahatynyň geçirilendigi bellenildi. Şolaryň çäklerinde deputatlar birnäçe möhüm resminamalara, şol sanda kanunlaryň 50-sine we Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň 32-sine garadylar we kabul etdiler. Milli Liderimiziň başyny başlan döwlet ösüşiniň iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge, döwletimiziň demokratiki esaslaryny pugtalandyrmaga, aýry-aýry pudaklary ösdürmek üçin amatly hukuk şertlerini döretmäge ýardam bermäge gönükdirilen beýleki kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesiniň taýýarlanylýandygy nygtaldy.
Konstitusion toparynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli parlamentiň deputatlarynyň öňünde goýan wezipelerine laýyklykda, halkara hukugynyň kadalaryna pugta eýerip, iň oňat dünýä tejribesini we milli tejribäni nazarda tutmak bilen, ýurdumyzyň kämilleşdirilýän Konstitusiýasynyň taslamasyna täze maddalary, üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar, şunuň bilen baglanyşykly gelip gowuşýan teklipler öwrenilýär.
Mejlisiň Başlygy deputatlaryň kanunçylyk ulgamynda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça alyp barýan işleri barada aýdyp, häzirki wagtda parlamentara dostluk toparlarynyň 23-siniň hereket edýändigini, parlamentarileriň BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirýän maslahatlaryna işjeň gatnaşýandygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň ýurdumyzda häzirki zaman kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmekdäki tutýan jogapkärli ornuna ünsi çekdi. Milli Liderimiz şu babatda ýurdumyzyň kämilleşdirilen Konstitusiýasynyň taslamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly ähli meseleleriň üstünde düýpli işlemegiň zerurdygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow şu ýylyň bäş aýynda gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň netijeleri barada hasabat berip, oba hojalyk toplumy boýunça, önümçiligiň möçberiniň ösüş depgininiň 100,8 göterim bolandygyny belledi.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Oba hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 106 göterime, Suw hojalyk ministrligi boýunça 110,4 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 104,4 göterime, "Türkmengallaönümleri" döwlet birleşigi boýunça 113,5 göterime, "Türkmenobahyzmat" döwlet birleşigi boýunça 102,1 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 108,2 göterime, "Türkmenatlary" döwlet birleşigi boýunça 110,6 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 129 göterime, özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüş depgini 120 göterime barabar boldy.
Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bugdaý oragynyň barşy barada hem aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 120 baş aty saklamaga niýetlenen Halkara karantin merkeziniň gurluşygyny göz öňünde tutýan kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk işlerine ünsi çekip, babadaýhanlaryň yhlasly zähmeti netijesinde ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin işleriň barşyna gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy. Munuň üçin mehanizatorlaryň, ýük ulaglaryny sürüjileriň, orak möwsümine gatnaşýan ähli adamlaryň işlerini ýokary derejede guramak zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz "Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Halkara karantin merkezini gurmak hakynda" karara gol çekip, bu desgany ähli zerur bolan ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün etmäge degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewlerine dünýäde uly gyzyklanmany belläp, döwletimiziň berýän hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde türkmen seýisleriniň we atşynaslarynyň ahalteke tohumlarynyň arassalygyny saklamak, beden gurluşyny kämilleşdirmek hem-de bu ajaýyp bedewleriň baş sanyny köpeltmek boýunça netijeli işleri alyp barýandygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän medeniýet ulgamynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şu ýylyň 5 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzda umumymilli baýramçylyklaryň we şanly seneleriň, täze desgalaryň ulanylmaga berilmeginiň şanyna geçirilen köpçülikleýin medeni çäreler barada aýdyldy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli Hytaýda, Hindistanda, Gazagystanda, Ermenistanda we Täjigistanda geçirilen çäreler, 2015-nji ýylda Marynyň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde Mary şäherinde guralan maslahatlar bar.
Eýran Yslam Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, Türkmenistanyň Ermenistanda, Gyrgyzystanda we Horwatiýada geçirilen Medeniýet günleri barada aýdyldy. Häzirki döwürde Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine hem-de halkara sungat sergisine medeni maksatnama taýýarlanylýar.
Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, milli medeniýetimizi giňden wagyz etmek maksady bilen giň möçberli çäreler ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň döredijilik, medeniýet we sungat işgärleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagy, öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirmegini nazarlaýan iş saparlary guraldy. Hasabat döwründe sahna ussatlary tarapyndan teatr sungatyny ösdürmek, muzeý işgärleriniň taýýarlygyny ýola goýmak we daşary ýurtlarda sergileri guramak, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirildi.
Şu ýylyň bäş aýynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynda kitap önümleriniň 148 görnüşi çap edildi.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini kämilleşdirmek, telegepleşikleriň hilini gowulandyrmak we olaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini, bu ulgamda häzirki zaman tehniki gazananlary, kämil öňdebaryjy ýörelgeleri nazara almak bilen, medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerudygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň düýp mazmunyna döredijilikli çemeleşmegiň we ähmiýetiniň giň halk köpçüligine wagtynda hem-de gyzykly görnüşde ýetirilmeginiň möhümdigini belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzda we daşary ýurtlarda türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygy hem-de Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligi bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, döredijilik çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, nebiti we tebigy gazy çykarmakda, ýangyç çig malyny gaýtadan işlemekde, awtomobil benzinini, dizel ýangyjyny, polipropileni, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy we beýleki nebit önümlerini öndürmekde gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende buraw işleriniň ösüş depgini 143,2 göterime, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ösüş depgini 18 göterime barabar boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Körpeje» nebitgaz ýatagynda gaz gysyjy bekedi gurmak üçin enjamlary we materiallary satyn almak hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek hakyndaky" kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, "Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny" durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da işjeňleşdirilmegini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň, täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan çalt özleşdirmegiň hasabyna pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmagyň, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmegiň ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň möhüm ugrudygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Körpeje» nebitgaz ýatagynda gaz gysyjy bekedi gurmak üçin enjamlary we materiallary satyn almak hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek hakyndaky» karara gol çekip, wise-premýere onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer hasabat döwründe ulaglar we aragatnaşyk toplumynda ýük, ýolagçy we aragatnaşyk hyzmatlarynyň meýilnamasynyň 123,8 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgininiň 126,5 göterime deň bolandygyny belledi.
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 139,2 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 100,2 göterim, ýolagçy gatnatmakda 109,2 göterim üpjün edildi.
Şeýle hem içerki demir ýollary, inžener-tehniki desgalary, şol sanda demir ýol geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 129,1 göterime barabar boldy. Ösüş depgini ýük daşamakda 103,4 göterim, ýolagçy gatnatmakda 106,4 göterim üpjün edildi.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň ýanwar–maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,5 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe ilatymyzyň aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyz boýunça 254,8 müň, şol sanda 238 müň öýjükli belgi, 5,2 müň radiotelefon belgisi we 11,6 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 2,3 esse ýerine ýetirildi.
Geçen döwürde Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 904 telefon belgilik beketler gurnaldy we 982 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi.
"Türkmenhowaýollary" döwlet milli gullugy boýunça şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda awia hyzmatlaryň ösüş depgini 118,1 göterime deň boldy. Meýilnama ýük daşamakda 103,8 göterime, ýolagçy gatnatmakda 107,6 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 130 göterime deň boldy. Meýilnama ýolagçy gatnatmakda 172 göterim, ýük daşamakda 114,8 göterim ýerine ýetirildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulag we aragatnaşyk pudagyny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň köpugurly we bäsleşige ukyply ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmäge hemmetaraplaýyn üns berýändigini belläp, wise-premýere bu pudaklaryň kärhanalarynyň işiniň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek meselesine gözegçiligi güýçlendirmegiň tabşyrdy.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer Türkmenistanyň ilkinji aragatnaşyk "TürkmenÄlem 520E" hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy bilen baglylykda amala aşyrylýan işler barada habar berdi.
Göz öňünde tutulan işlere laýyklykda, hemra ulgamyny synag işleri dowam etdirildi. Iýun aýyndan başlap, milli aragatnaşyk hemrasy ulgamyny türkmen hünärmenleri dolandyrýarlar. Şu maksat bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklakda, "Türkmen hemrasy" ýapyk paýdarlar jemgyýeti döredildi, onuň üstüne hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny amala aşyrmak boýunça wezipeler ýüklenildi.
"TürkmenÄlem 520E" aragatnaşyk hemrasy Ku radioýygylyk zolagynda işlär. Türkmenistanyň ygtyýarynda hemra transponderleriniň 26-sy bar. Hemra ulgamyny ulanmagyň esasy ugurlarynyň biri-de, hemra telewideniýesi bilen baglanyşyklydyr. Radioýygylyk ýaýlymlarynyň her birinde SD-TV formatdaky telewizion ýaýlymlaryň 7-sini, ýokary hilli radioýaýlymlaryň 4-sini ýerleşdirmek bolar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ilkinji «Türkmen Älem 52oE» milli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy meselesine ünsi çekip, onuň Garaşsyz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň durmuşynda şanly waka bolandygyny, ýurdumyzyň ýokary depginler bilen ösýändigini, mahriban halkymyzyň belent döredijilik ruhuny, bagtyýar we abadan durmuşda ýaşaýandygyny ýene-de bir gezek bütin dünýä aýan edendigini, Bitarap Watanymyzyň halkara at–abraýyny has-da belende göterendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özümiziň emeli hemramyzyň bolmagynyň artykmaçlyklary barada aýdyp, onuň älem giňişligine çykarylmagy ýurdumyzda halkara ölçeglerine laýyk gelýän telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyny döretmäge mümkinçilik berer, möhüm ulag-üstaşyr geçiriş merkezi hökmünde berkarar döwletimiziň Orta Aziýa sebitindäki ornuny has-da berkider diýip nygtady. Mundan başga-da, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen has ýakyndan aragatnaşyk saklamaga ýardam eder. Türkmen teleýaýlymlarynda berilýän gepleşiklere ýokary hilli tomaşa etmäge şert döreder. Berkarar Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeler, ýurdumyzyň ykdysady we medeni üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Häzirki döwürde ýurdumyz innowasion ösüş ýoluny saýlap aldy. Döwletimiziň ösüşini bolsa, döwrebap telekommunikasiýa ulgamlary bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we Garaşsyz Watanymyzy ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmek üçin milli emeli hemramyzyň ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna ynam bildirdi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýanyň kabul edilenine 20 ýyl dolýar. Bu şanly senäni giňden we dabaraly belläp geçeris. Ýubileý mynasybetli, biz 2015-nji ýyly «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýip yglan etdik.
Ilkinji milli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagynyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna gabat gelmeginiň örän uly manysy bardyr. Biziň emeli hemramyz parahatçylykly maksatlara, dünýäniň halklarynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge hyzmat eder diýip, milli Liderimiz nygtady. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy berkarar döwletimize dünýä ýurtlary we abraýly halkara guramalary bilen giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de berkitmäge mümkinçilik döretdi. Ata Watanymyzyň parahatçylygy söýýän, ylalaşdyryjy merkez hökmünde bütin dünýäde ykrar edilmegine ägirt uly ýardam berdi.
Hormatly Prezidentimiz milli emeli hemranyň ulanmaga berilmeginiň dürli aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik berjekdigini nygtap, S.Satlykowa ýurdumyzyň ilatyna, şeýle hem gyzyklanma bildirýän ähli taraplara emeli hemra arkaly teleýaýlymlarymyza tomaşa etmek we beýleki aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin amatly şertleri döretmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary üçin hem birnäçe anyk wezipeleri kesgitledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda telewideniýede emeli hemranyň tehniki mümkinçilikleri barada yzygiderli maglumat berip durmaly. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aragatnaşyk ministrliginiň ýolbaşçylaryna teleýaýlymlary milli hemra ulgamynyň üsti bilen kabul etmek üçin ilatymyza tehniki taýdan ýardam bermegi, şeýle hem milli emeli hemranyň giň mümkinçiliklerini iş ýüzünde doly ulanmagy tabşyrdy. Şu işler geçirilende täze teleýaýlymlary hemra ulgamyna birikdirmäge hem-de Internet hyzmatlaryny giňden hödürlemäge aýratyn üns bermek zerurdyr.
Uzak aralykdan okuwlary, lukmançylyk bilen bagly işleri we dürli wideoşekilli maslahatlary geçirmegi ýola goýmak, beýleki kommunikasiýa hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge girişmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy ata Watanymyzyň häzirki dünýä ykdysady we kommunikasiýa ulgamyna işjeň goşulýandygyny doly tassyklaýar. Ýewraziýa kontinentinde we bütin dünýäde hyzmatdaşlyga, parahatçylyga, dostluga we agzybirlige giň ýol açýan özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga we ösdürmäge uly ähmiýet berýändigine aýdyň şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Goý, bu hemra türkmen halkynyň we beýleki halklaryň abadançylygyna hyzmat etsin!
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we ilkinji nobatda, türkmenistanlylaryň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň senagat pudagynyň durnukly ösüşe eýe bolýandygyny belledi. Öňdebaryjy tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen täze kärhanalaryň işe girizilmegi netijesinde, önümleriň dürli görnüşlerini çykarmak boýunça işler ýola goýuldy hem-de täze iş orunlarynyň ýüzlerçesi döredildi.
Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň umumy möçberiniň meýilnamasy 124,2 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 116,7 göterime deň boldy. Hususan-da, sement öndürmek boýunça 107,7 göterim, magdan däl materiallar öndürmek boýunça 130,8 göterim, keramzit öndürmek boýunça 113,2 göterim we gurnama demir-beton önümlerini öndürmek boýunça 109,3 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň umumy möçberiniň ösüş depgini 100,8 göterime barabar boldy. Nah ýüplügiň öndürilişi boýunça 104,3 göterim, nah matalaryň öndürilişi boýunça 111 göterim, tikin we örme önümleriniň öndürilişi boýunça 102,2 göterim, ýüpek matalarynyň öndürilişi boýunça 103,1 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Halyçylyk pudagynda hem öňegidişlikler gazanyldy. Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda "Türkmenhaly" döwlet birleşigi boýunça öndürilen önümleriň umumy möçberiniň ösüş depgini 113,6 göterime deň bolup, meýilnama 115,2 göterim ýerine ýetirildi. Şol döwürde 18 müň inedördül metrden gowrak haly önümleri dokaldy we 105,8 göterim ösüş depgini gazanyldy.
"Türkmenhimiýa" döwlet konserni boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň meýilnamasy 118,1 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini iki esseden gowrak üpjün edildi. Hususan-da, pudagyň kärhanalary tarapyndan mineral dökünleri öndürmek boýunça 222,8 göterim, tehniki uglerodyň öndürilişi boýunça 104,9 göterim we natriý sulfatyny öndürmek boýunça 111 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň umumy möçberiniň ösüş depgini 150,5 göterime barabar boldy. Tutulan balyk boýunça 186,2 göterim, balyk we gaýtadan işlenilip gaplanan balyk önümleri boýunça 141,2 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe senagat pudaklarynyň milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ulgamlarynyň birine öwrülendigini belledi. Täze kärhanalar öňdebaryjy tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edildi, dürli ýokary hilli önümleri çykarmak boýunça işler ýola goýuldy we ýüzlerçe täze iş orunlary döredildi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegini üpjün edýär. Milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we türkmen harytlaryny daşary ýurtlara eksport etmek babatda kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde ileri tutulýan we geljegi uly ugurlary yzygiderli ösdürmegiň hem-de giňeltmegiň hasabyna senagat pudagynda ýokary ösüş depginini saklamagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmekde uly üstünlikleriň gazanylandygyny, degişli düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli ädimleriň ädilýändigini belledi.
Hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň golýazmalarynyň 187-si taýýarlanyldy we çapa iberildi, olardan 78-si neşir edildi. Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary halkara ders, taslama, Internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, 113 medal, şol sanda 43 altyn, 46 kümüş we 24 bürünç medal gazandylar. Ýurdumyzyň talyplary hem halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler. Olar jemi 54 medala, şol sanda 12 altyn, 18 kümüş, 24 bürünç medala mynasyp boldular.
Mekdep okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça hem degişli işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer birinji tapgyrda Gökderedäki 14 çagalar sagaldyş – dynç alyş merkezinde 7 müň 95 çaganyň, Awazadaky 8 merkezde 1 müň 783, welaýatlardaky 36 merkezde 1 müň 860, orta mekdepleriň ýanyndaky 692 meýdançada 24 müň 182 çaganyň dynç aljakdygyny habar berdi.
Wise-premýer ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilen işler barada hem hasabat berdi.
Milli syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça maksada laýyk işler geçirilýär. Hasabat döwründe jemi 39 müň 746 syýahatça hyzmat edildi we 103,3 göterim ösüş gazanyldy.
Şu ýylyň 5 aýynda ýurdumyzda jemi 104 içerki ýaryş we 63 köpçülikleýin sport çäresi geçirildi. Türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynyň 72-sine gatnaşyp, jemi 138 medala--44 altyn, 38 kümüş we 56 bürünç medala mynasyp boldular.
Wise-premýer Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek çärelere, "Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar" atly halkara ylmy maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna "Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky" kararyň taslamasyny hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport hem-de syýahatçylyk ýaly ileri tutulýan ulgamlaryň hemişe döwletimiziň üns merkezinde boljakdygyny nygtap, öňdebaryjy tejribäni, innowasion usullary we döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly bu ulgamlary has-da ösdürmek boýunça maksadalaýyk işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi.
Milli Liderimiz halkara maslahatynyň we däp bolşy ýaly, Türkmenistanda 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar gününe gabatlanan ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanda weteranlara, Ikinji jahan urşuna gatnaşan adamlaryň ählisine uly hormat goýulýandygyny, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada yzygiderli alada edilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň uruş weteranlary guramasynyň hukuk ýagdaýyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, weteranlar barada döwlet derejesinde edilýän aladany has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, uruş weteranlary guramasyny Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň düzümine girizilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Şu maksatlardan ugur alyp, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky» karara gol çekdi we wise-premýere onuň ýerine ýetirilişine talaba laýyk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz M.Abilowy Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkimi wezipesine belläp, degişli Permana gol çekdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz G.Nepesowy Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň iş dolandyryjysy wezipesine belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow M.Abilowyň başga işe geçmegi sebäpli, S.Toýlyýewe Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary bilen maslahat geçirmegi hem-de birleşigiň wise-prezidentini saýlamak meselesine garamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Aşgabat şäheri boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Aşgabat şäher häkimligi boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 132,5 göterime, merkezleşdirilen býujet serişdeleriniň özleşdirilişi 157,5 göterime, ilatly ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça maksatlaýyn ýygymlaryň meýilnamasy 138,2 göterime,Döwlet býujetiniň serişdeleriniň meýilnamasy 117,6 göterime, Aşgabat şäher häkimliginiň serişdeleriniň hasabyna ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 254,4 göterime barabar boldy. Tutuşlygyna alnanda, türkmen paýtagtynyň ösdürilmegine gönükdirilen maýa goýumlary doly möçberde özleşdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, ähli hereket edýän düzümleriň işiniň maksadalaýyk utgaşdyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek boýunça meýilnamalaryň wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer tutuş gurluşyk we energetika toplumy boýunça hasabat döwründe işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasynyň 127,1 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgininiň 120 göterime deň bolandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgini 109,5 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Energetika ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň 5 aýynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgini 133,4 göterime, elektrik energiýasynyň öndürilişi boýunça 101, 6 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 113,3 göterim üpjün edildi.
"Türkmenawtoýollary" döwlet konserni boýunça bu görkeziji hasabat döwründe 106,5 göterime barabar boldy.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer ýakynda Ispaniýanyň Madrid şäherinde "Türkmenawtoýollary" döwlet konsernine ýol gurluşygynda gazanan üstünlikleri üçin "Täze müňýyllygyň baýragy" atly halkara baýragynyň gowşurylandygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk ulgamynda öňegidişlik gazanylýandygyny belledi. Milli Liderimiz, muňa garamazdan, oňyn ösüşi has-da berkitmek hem-de pudagy okgunly ösdürmek üçin guramaçylyk çäreleriniň güýçlendirilmelidigini nygtady. Şol çäreler bolsa ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň ýokary derejesini gazanmaga toplumlaýyn çemeleşmeleri üpjün etmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtomobil ýollary düzümini ösdürmek barada durup geçip, ýurdumyzyň tutuş taryhynyň dowamynda entek awtomobil ýollaryny gurmak boýunça täze taslamalaryň häzirki döwürdäki ýaly giň gerimde alnyp barylmandygyny belledi. Häzirki wagtda dünýä ülňülerine laýyklykda, möhüm awtoulag ýollary gurulýar. Olaryň gurluşygyna bildirilýän esasy talaplaryň biri-de, işleriň ýokary hilli üpjün edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýrak bilen gutlap, ýol gurluşyk meselesine toplumlaýyn hem-de oýlanyşykly çemeleşmek maksady bilen wise-premýere ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeler ýerine ýetirilende degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk ulgamyndaky işleriň ýagdaýynyň kanagatlanarsyzdygyny aýdyp, Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri G.Baýrammyradowyň işine nägilelik bildirdi we wise-premýere gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça haryt dolanyşygynyň möçberiniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 117,7 göterim üpjün edildi. Şol sanda bölek-satuw haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 107,1 göterime, lomaý haryt dolanyşygy boýunça bolsa 123, 4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe maýa goýumlaryň özleşdirilişi 111,1 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça birža söwdalaşyklarynyň 101-si geçirilip, 8 müň 703 şertnama hasaba alyndy. Şunda, daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberiniň ösüş depgini 100,5 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105,9 göterime deň boldy. Hasabat döwründe 12 serginiň we 12 maslahatyň geçirilendigi habar berildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň öndürilişi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,7 göterim, oba hojalyk önümleriniň öndürilişi bolsa 8 göterim artdy. Hasabat döwründe ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň ösüş depgini 101 göterime deň boldy. Söwda-haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 110 göterime, hyzmatlar ulgamynda bolsa 109 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Şeýle hem wise-premýer şu ýylyň 19-21-nji awgustynda Aşgabatda geçiriljek Eýran Yslam Respublikasynyň XI ýöriteleşdirilen sergisine görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
dünýäniň öňdebaryjy tejribesini nazara almak bilen, Türkmenistanyň söwda-ykdysady toplumynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek meselesine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz haryt bazaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň, eksportuň möçberini artdyrmagyň, halkara işewür gatnaşyklaryny giňeltmegiň, ýurdumyzyň bazarynda sagdyn bäsdeşlik ulgamyny döretmegiň wajypdygyny belledi.
Milli Liderimiz ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, guralýan sergileriň we maslahatlaryň ýurdumyzyň ugurdaş düzümlerine dünýäniň oňyn tejribelerini, döwrebap tehnologiýalaryny çekmekde, Türkmenistanyň döwlet kärhanalarynyň hem-de telekeçileriň halkara hyzmatdaşlygy babatda netijeli işleri ýola goýmagynda möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek boýunça wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň ýöriteleşdirilen sergisini geçirmek hakyndaky karara gol çekip, goňşy ýurduň önüm öndürijileriniň harytlarynyň sergisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz munuň Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm ädimi alamatlandyrýandygyny belledi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder