5 Haziran 2015 Cuma

Mähriban Topragymyzyň Tebigy Baýlyklaryny Artdyrmagyň Bähbidine

Bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenilip geçilýär.

Ata Watanymyzyň tebigatynyň baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak we artdyrmak hem-de bu bahasyna ýetip bolmajak baýlygy geljekki nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ykdysady we durmuş ulgamyndaky giň möçberli milli özgertmeleriň ählisi raýatlarymyzyň abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa ulgamy bilen berk baglanyşyklydyr.

Daşky gurşawy goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy tutuş adamzady tolgundyrýan wezipeleri çözmekde işjeň orny eýeleýn Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň BMG-niň biologiki köpdürlilik hakyndaky, çölleşmäge garşy göreşmek hakyndaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, ozon gatlagyny goramak baradaky, serhetýaka suw akabalaryny we halkara kölleri ulanmak bradaky tebigaty goramak konwensiýalaryny tassyklamagy munuň aýdyň subutnamasydyr. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa Gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejesinde ekologiýa maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň onlarçasy durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, şeýle hem şu ýyl Ýaponiýada geçirilen “Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak” atly III Bütindünýä maslahatynda, Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda we beýleki halkara maslahatlarynda öňe süren netijeli başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldaw tapdy. Şol başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda, Merkezi Aziýada we  Hazar deňzi sebitinde howanyň üýtgemegi bilen baglylykda Sebitleýin tehnologiýalar merkezini döretmek, Aralýaka sebitiniň ekologiýa meselelerini toplumlaýyn çemeleşmek arkaly çözmek we Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite maksatnamalaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň suw boýunça resminamasyny – BMG-niň Suw strategiýasyny  işläp taýýarlamak baradaky teklipler bar. Hazaryň täsin biologiki toplumy, sözüň doly manysynda, bütin adamzadyň gymmatlygy bolup durýar. 

Ýurdumyzyň bu başlangyçlary öňe sürmek bilen, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi boýunça anyk çäreleri görýändigini nygtamalydyrys. Suw, ýer we biologiki serişdeleri rejeli ulanmak, tebigy landşaftlaryň biologiki köpdürlüligini aýawly saklamak, çölleşmäge hem-de tokaýlaryň ýok bolup gitmegine garşy göreşmek, ilatymyza ekologiýa taýdan bilim bermek babatda uly işler alnyp barylýar. Halkara kadalaryna laýyk gelýän “Tebigaty goramak hakyndaky”, “Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakyndaky”, “Ozon gatlagyny goramak baradaky”, “”Balykçylyk we biologiki suw serişdeleri gorap saklamak hakyndaky”, “Ösümlik dünýäsi hakyndaky”, “Haýwanat dünýäsi hakyndaky” Kanunlar, şeýle hem “Tokaý kodeksi” kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan “Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy” tapgyrlaýyn durmuşa geçirlýär. 

Türkmenistanda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, işiň ekologiýa taýdan howply görnüşini amala aşyrýan edaralar, kärhanalar, guramalar, şol sanda daşary ýurtlaryň ýuridiki taraplary, olaryň şahamçalary, wekilhanalary, şeýle hem telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahsy taraplar üçin hökmany ekologiýa ätiýaçlandyryşy girizildi. 

Ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatynyň artdyrylmagy hem ekologiýa abadançylygyny saklamaga hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda serişdeleri tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna netijeli gözegçilik etmegi ýokarlandyrmak, gurulýan zawodlaryň we fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologiýa ülňülerine laýyk gelmegini üpjün etmek maksady bilen netijeli çäreler görülýär. Şol desgalar bolsa olaryň daşky gurşaw üçin howpsuz bolmagy babatda hökmany suratda degişli    barlagdan geçirilýär. 

Ýurdumyzyň nebithimiýa senagatynyň öňdebaryjy kärhanasyny - Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak, Hazaryň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek we Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüni gurmak ýaly iri maýa gýoum taslamalary anyk mysal hökmünde görkezmek bolar. Türkmen köli suwarylýan meýdanlaryň ýagdaýyny gowulandyrmaga, ýerleriň şorlaşmagy, batgalyga öwrülmegi we gurakçylyk bilen baglanyşykly köp meseleleri çözmäge ýardam eder. Munuň özi tutuş sebitiň ekologiýa ýagdaýyna oňaýly täsirini ýetirer. Bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda Türkmen kölüne ýanaşyk ýerler tanalmaz derejede özgerdi. Ozal diňe gum alaňlary bolan ýerlerde häzir eýýäm ýaşyl zolaklar peýda boldy, suw howdanlrynda bolsa balyk köpeldilýär. Çölüň ägirt uly   meýdanlaryny suwlulandyrmagyň, öri meýdanlarynyň çägini giňeltmegiň hasabyna maldarçylynyň ösüşine goşmaça itergi berildi. Türkmen kölüniň gurulmagy netijesinde Merkezi we Gündogar Garagumda uçup göçýän guşlar, şeýle hem seýrek duş gelýän toýnakly haýwanlar üçin has oňaýly şertler döredildi. şol haýwanlayň köpüsi, mysal üçin, Üstýurt dag goçy, gulan, jeren we beýlekiler Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. 

Soňky ýyllarda Türkmenistan daşary ýurtly myhmanlary ýaş tokaý zolaklaryyň meýdanynyň okgunly giňelmegi, ýylyň ähli pasyllarynda gök öwüsýän seýilgähleri bilen haýran galdyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyyň dürli künjeklerinde müňlerçe gektar meýdanda ynsan eli bilen döredilen gülzarlyklar we lälezarlyklar ýaýylyp ýatyr. Giň gerimli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine garşy göreşmek babatda bütindünýä işine saldamly goşantdyr. Tokaý zolaklary her bir ilatly ýeriň töwereginde, awtomobil hem-de demir ýollaryň ugrunda peýda bolup, oňaýly howa ýagdaýyny döredýär, tomus paslynda şäherlerimizi we obalarymyzy Garagumuň jöwzasyndan, gyşyna bolsa aňzak şemaldan goraýar. Elde döredilen ýaşyl zolaklar biologiki köpdürlülige hem oňaýly täsir edip, täze ýerlerde mesgen tutýan haýwanlaryň köp görnüşleri üçin öý bolup hyzmat edýär. 

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2015-nji ýylyň bag ekmek möwsüminiň barşynda Änew we Baharly şäherleriniň arasyndaky çäkde ýaş agaç nahallarynyň 1,5 million düýbi oturdylar, şeýle hem welaýatlarda şol möçberdäki ýaprakly, pürli, miweli agaç we üzüm nahallary  ekiler. 

Tebigy ýadygärliklere hem-de aýratyn goralýan çäkleri – goraghanalary we zakaznikleri ösdürmäge uly üns berilýär. Olar tebigy, ylmy, medeni we syýahatçylyk taýdan möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda türkmen hünärmenleri tarapyndan Garagum çölüniň we ýurdumyzyň beýleki künjekleriniň täsin goraghana zolaklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu abraýly sanawa girizmek üçin milli tebigy desgalaryň deslapky sanawynda Repetek halkara biosfera goraghanasy, Bathyz, Sünt-Hasardag, Amyderýa, Hazar we Köýtendag goraghanalary bar. 

Häzirki wagtda tebigaty goramak çäreleriniň tejribesine we türkmen ylmynyň ägirt uly kuwwatyna bütin dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär.  Munuň şeýledigini ýurdumyzyň iri ekologiýa forumlarynyň, maslahatlaryň we okuw maslahatlarynyň yzygiderli geçirilýän ýeri hökmünde seçilip alynmagy hem tassyklaýar. Şol ähmiýetli çäreleriň hatarynda 2012-nji ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen    Hazar ekologiýa forumy, 2013-nji ýylyň mart aýynda Daşoguz  şäherinde geçirilen “Aralyň ekologiýasy: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara ylmy maslahat, geçen ýyl Aşgabatda geçirilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň konferensiýasynyň 5-nji mejlisi bar. 2015-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Araly halas etmek baradaky Halkara gaznasynyň durnukly ösüş boýunça Döwletara toparyna başlyklyk edýändigini bellemelidiris. 

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan neşir edilýän “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” žurnal ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak işinde gazanýan üstünliklerini bütin dünýäde giňden wagyz etmäge, ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleleri şöhlelendirmäge gönükdirilendir. 

Türkmenleriň bütin taryhy mähriban ülkämiziň tebigaty – uç-gyraksyz  Garagum çöli  we gülläp ösýän  sahawatly oazisler, Köpetdagyň beýik gerişleri hem-de gojaman Hazaryň ajaýyp kenarlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.  Biziň halkymyz gadymdan bäri mähriban topragymyza aýawly hem-de  uly mähir bilen garap, topragyň alada bilen gurşalmagynyň bol hasyl eçiljekdigine oňat düşünýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy maksady mähriban topragymyzyň gülläp ösmegini, türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlarynyň dikeldilmegini, olara mukaddeslik hökmünde garalmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmenistan Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi tebigaty goramak ulgamynda anyk we netijeli işler bilen garşylaýar. Ýurdumyzyň bütin dünýäde tebigatyň gözelligini saklap galmak baradaky başlangyçlary bolsa dünýä jemgyýetçiliginde goldaw tapýar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder