8 Kasım 2015 Pazar

Paýtagtyň Botanika Bagy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň synag meýdançasynda Paragwaýyň we Braziliýanyň daglyk sebitlerinde ösýän rebudian stewiýasy ösdürilip ýetişdirilýär. 



Tagamy boýunça onuň ýapragy stewiozidi saklaýandygy üçin gantdan 10-15 esse süýjüdir. Onuň düzümine glýukoza, stewiol we beýleki birleşmeler girýär. Stewiozid arassa görnüşde gantdan 300 esse süýjüdir hem-de ol süýjediji hökmünde giňden ulanylýar. Az kaloriýaly, şonuň üçin hem ol sag adamlar üçin gandyň ýerine, aýratyn hem berhizli, semizlikden, ýürek-damar keselinden ejir çekýänler üçin gandyň ýerine ulanylýar. Onuň öz ösýän watanynda ony çaýa ýa-da kofä goşup içýärler. Stewiýa medeni ösümlik hökmünde eýýäm 1500 ýyl bäri ösdürilip ýetişdirilýär. 

Bu gymmatly ösümligi Türkmenistanda ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilikler ulydyr. Stewiýa Aşgabada Hindistandan 2012-nji ýylda getirildi we häzirki wagtda oňa alymlar Botanika bagynyň ýyladyşhana şertlerinde gözegçilik edýärler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder