24 Kasım 2015 Salı

Gülbadam Babamyradowa Kümüş Medala Mynasyp Boldy

Türkmen türgeni Gülbadam Babamyradowa anna güni Hytaýyň Sindao şäherinde badalga alan dzýudo boýunça halkara Gram-pri ýaryşynda kümüş medaly eýeledi. Bu bäsleşik Halkara dzýudo federasiýasynyň ýaryşlarynyň kalendaryna girýän iri sport çäresidir. 

Lebap welaýatyndan 24 ýaşly halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa 52 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, 11 ýurtdan 19 dzýudoçy zenanyň arasynda bu üstünlige eýe boldy. 

Biziň ildeşimiz dört gezek tutluşyp, olaryň üçüsinde ýeňiş gazandy. Birinji bäsleşikde ol ýer eýeleriniň wekili Çen Çeni ýeňdi. Soňra ispaniýaly Laura Gomesden we şweýsariýaly Ewelin Soppdan arassa üstün çykdy. Şunda Gülbadamyň Ewelin Soppy ýarym final bäsleşikde bary-ýogy 24 sekundyň içinde ýeňendigini bellemek gerek. 

Finalda Türkmenistanyň 2014-nji ýylda iň gowy türgeni tejribeli ýapon türgeniÝuka Nişida bilen güýç synanyşdy, şonda ýaponiýaly dzýudoçy tutluşygyň iň soňky minudynda üstünlik gazandy. 

Daşary ýurt metbugatynda “Gülbadam Babamyradowa multisport ýyldyzydyr” diýip ýazýarlar. Ol hem bu derejäni iri halkara ýaryşlarynda dürli medallara yzygiderli eýe bolmak bilen subut edýär. Hususana-da, Gülbadam sambo boýunça Aziýanyň çempionatlarynda birnäçe gezek ýeňiş gazandy. 2012-nji ýylda ol sportuň bu görnüşi boýunça Minskide geçirilen dünýä çempionatynda we Kazanda dünýä kubogy ugrunda talyplaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda ýeňiji boldy. Iki ýyl mundan öň Russiýa FederasiýasynyňTatarystan Respublikasynyň paýtagtynda XXVII Bütindünýä tomusky uniwersiadada Gülbadam guşakly göreşde altyn medala we samboçylaryň bäsleşiginde bürünç medala eýe boldy. Geçen ýyl ol Taýlandda geçirilen kenarýaka oýunlary boýunça Aziýa çempionatynda sambo boýunça ýurdumyzyň sport taryhynda ilkinji gezek altyn medala eýe boldy we guşakly göreş boýunça Aşgabatda guralan dünýä birinjiliginiň çempiony diýen ady aldy. 

Sambo we guşakly göreş boýunça gazanýan üstünliklerinden başga-da, biziň meşhur türgenimiziň soňky döwürlerde sportuň olimpiýa görnüşi bolan dzýudo boýunça hem ýokary netijeleri gazanýandygy örän buýsançlydyr. Geçen ýyl Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen XVII tomusky Aziýa oýunlarynda G.Babamyradowa kümüş medaly eýeledi. Şu ýyl bolsa iýul aýynda Taýwanda geçirilen Aziýanyň dzýudo boýunça “Taipei-2015” açyk ýaryşynda birinjiligi eýeledi, awgust aýynda Astanada geçirilen dünýä çempionatynda iň güýçli türgenleriň bäşligine girdi we oktýabr aýynda Özbegistanda geçirilen halkara Gram-pri ýaryşynda ajaýyp ýeňiş gazandy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gülbadam Babamyradowanyň dünýä derejesinde sport ýaryşlarynda gazanan üstünliklerine ýokary baha berip, ony ABŞ-nyň 10 müň dollary möçberinde pul sylagy bilen sarpalady. 

Dzýudo boýunça Hytaýda geçirilen Gram-pri halkara ýaryşlarynda G.Babamyradowanyň gazanan täze üstünligi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda sporty ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi netijesinde sportuň uly ösüşe eýe bolandygynyň ýene bir subutnamasydyr. Aşgabatda täze stadionlaryň birnäçesi guruldy we hereket edýär, Olimpiýa suw sport toplumy, sportuň gyşky görnüşleri boýunça üç sany sport desgasy, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 10 müň tomaşaçy orunlyk häzirki zaman sport toplumlary türkmenistanlylaryň müňlerçesiniň sport bilen meşgullanýan merkezlerine öwrüldi. Türkmen paýtagtynda bina edilýän Olimpiýa şäherjigi hem ýokary netijeli sporty ösdürmäge uly ýardam berer, onda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. 

Gülbadamyň iri halkara ýaryşlarynda dzýudo boýunça alan nobatdaky medaly zehinli türkmen türgeniniň 2016-njy ýylda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriljek XXXI tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etjekdigine umyt döredýär. 

Ýakyn wagtlarda G.Babamyradowa ýene-de iki iri halkara ýaryşlarynda – dzýudo boýunça Gram-pri we Grand Slam bäsleşiklerinde çykyş eder, bu ýaryşlar degişlilikde 26 -28-nji noýabrda Koreýa Respublikasynyň Çedžu we 4-6-njy dekabrda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherlerinde geçiriler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder