1 Aralık 2014 Pazartesi

Noýabryň sport syny.

Şu ýylyň geçen aýy halkara derejesindäki iri ýaryşlarda, şol sanda ýurdumyzda geçirilýän bäsleşiklerde türkmen türgenleriniň gazanan sylaglary aýratyn bereketli boldy. Diňe noýabr aýynda ildeşlerimiz altyn, kümüş we bürünç medallaryň 100-e golaýyny gazandylar. Esasy üstünlikleriň hatarynda türkmenistanlylaryň guşakly göreş boýunça 12-nji dünýä çempionatynda we türkmen milli göreşi boýunça birinji dünýä çempionatynda gazanan üstünlikleri boldy. Şonda ýygyndymyz umumy toparlaýyn çykyşlarda birinji orny eýeläp, öz esasy bäsdeşleri bolan Russiýanyň we Ukrainanyň ýygyndylaryny yzda galdyrdylar. 

Ýeri gelende ýatlasak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen guşakly göreş we göreş boýunça dünýä ýaryşlaryna onlarça ýurtlaryň toparlary—pälwanlaryň jemi 200-e golaýy gatnaşdylar. Aşgabada gelen türgenler ilkinji gezek türkmen paýtagtynda geçirilen bäsleşikleriň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler. 



Şu ýerde çempionatlaryň üstünlikli geçirilmegine ägirt uly taýýarlyk işleriniň ýardam edendigini nygtamak gerek. Ýurdumyza sport ulgamynda esasy hünärmenler, Guşakly göreşiň halkara federasiýasynyň wekilleri çagyryldy. Olar paýtagtymyzda türkmen türgenleri we tälimçiler üçin ýörite okuw maslahatlaryny geçirdiler. 

Halkara derejesindäki ýaryşlarda, hususan-da, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda windsörfing boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşyň tapgyrlarynyň biriniň geçirilen mahaly, şeýle hem Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen XVII Aziýa oýunlaryna iş tejribesini deslapdan özleşdiren meýletinçileriň tejribeli toparynyň döredilmegi bu ýaryşlary hem ýokary derejede geçirmäge ýardam etdi. 

Türkmen türgenleriniň taýýarlygy barada aýtmak bilen, dünýä çempionatlarynyň öňýanynda olaryň guşakly göreş boýunça dünýäniň we Aziýanyň dürli ýaryşlarynda hormat münberlerine ençeme gezek çykandygyny bellemek gerek. Biziň pälwanlarymyzyň Aşgabatda gazanan üstünlikleri örän täsirli bolup, olar medallaryň 45-sinden ybarat boldy. Şolaryň 16-sy altyn , 14-si kümüş we 15-si bürünç medallardyr. 

Türkmen pälwanlarynyň üstünlikleri barada aýdylanda, halkara derejesindäki beýleki ýaryşlar bilen ugurdaş mysallary getirmek bolar. Guşakly göreşýän pälwanlarymyzyň ýygyndy toparynyň düzüminde ilkinji altyn medalyň eýesi—halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa 52 kilograma çenli agram derejesinde zenanlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolmagy başardy. Şonuň birnäçe gün öňýanynda ol Taýlandyň Phuket adasynda geçirilen VI Aziýa kenarýaka oýunlarynda türkmen toparyna ilkinji altyn medaly getiripdi. 



Bu toplumlaýyn ýaryşlary aýratyn üstünlikli ýaryşlaryň toparyna degişli etmek bolar. Sebäbi onda türkmenistanlylar medallaryň 11-sini—bir altyn, üç kümüş we ýedi bürünç medallary gazandylar. 2012-nji ýylda Hytaýda geçirilen şeýle Oýunlar bilen deňeşdireniňde, şonda türgenlerimiz basketbol boýunça bäsleşiklerde bary-ýogy bir kümüş medalyna mynasyp bolupdylar, häzirki üstünlikler türkmen sport hereketiniň okgunly ösýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

Ýeri gelende ýatlasak, Phuketde türgenlerimiz sambo, kuraş, jiu-jitsu, erkin göreş, taý boksy hem-de petanka--fransuz oýny boýunça ýaryşlarda tapawutlanmagy başardylar. Sportuň petanka görnüşi soňky ýyllarda yklymyň hut Aziýa böleginde aýratyn meşhurlyga eýe boldy. Türkmenistanlylar halkara sport giňişliginde petanka boýunça ýaryşlarda ilkinji gezek çykyş edip, zenanlaryň arasynda toparlaýyn çykyşlarda bürünç medala mynasyp boldular. Ýygyndy toparymyzyň düzüminde hormat münberiniň üçünji basgançagyna Sähragözel Nurberdiýewa, Natalýa Şahilowa, Natalýa Kulik we Ýelena Gridçina çykdylar. 

Geçen aýda Ýaponiýanyň Narita şäherinde dünýäniň 80-den gowrak ýurdundan türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen sport we söweş sambosy boýunça dünýä çempionatynda türkmenistanlylar “ýaragsyz goranyş” usulynda kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular. Dünýä ýaryşynda iki medal—biziň esasy pälwanlarymyzyň hem şol günler öz bäsdeşleri bilen Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda göreşmegini nazara alanyňda oňat netije bolup durýar. Bu ýaryşlar Günüň dogýan ýurdunda dünýä bäsleşiginiň geçirilen wagtyna gabat geldi. 

Ýaponiýada 68 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Nyýazmyrat Şyhmyradow wise-çempion boldy. Türkmenistanly türgen 4 tutluşyk geçirip, şolaryň üçüsini ynamly ýeňişler bilen tamamlady. Finala tarap ýolda ol Tunisden, Germaniýadan we Gyrgyzystandan bolan türgenleri ýeňmegi başardy. Emma aýgytlaýjy tutluşykda türgenimiz has tejribeli bäsdeşinden ýeňildi. 

Bürünç medala Kerimberdi Döwletow (62 kilograma çenli) mynasyp boldy. 17 ýaşly türkmen türgeni dünýä çempionatyna gatnaşan ýaş türgenleriň biri boldy. Şu ýagdaýy nazara almak bilen, ençeme hünärmenler biziň ýaş watandaşymyzyň uly sport geljeginiň bardygyny aýdýarlar. 

Geljek ýyl türkmen samboçylary üçin aýratyn jogapkärli ýyl bolar. Sebäbi Aziýa çempionaty—2015 sportuň bu görnüşiniň iki ugry boýunça türkmen paýtagtynda ilkinji gezek geçiriler. Şonuň üçin Türkmenistanyň söweş sungaty federasiýasynyň başlygy, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Ata Adaýewiň aýtmagyna görä, häzirki dünýä ýaryşy halkara derejesindäki beýleki ýaryşlar ýaly öňde boljak çempionata taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry bolup durýar. 



Ýeri gelende aýtsak, milli federasiýanyň eýýäm sambo boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmekde ýeterlik tejribesi bar. Muňa mysal hökmünde paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýanyň çempionatyny görkezmek bolar. 

Häzirki wagtda Türkmenistanyň söweş sungaty federasiýasynyň wekilleri jiu-jitsu boýunça nobatdaky iri halkara ýaryşyna taýýarlyk görýärler. Bu ýaryşlar 12-14-nji dekabr aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriler 

Noýabr aýynda türkmen küştçüleri hem halkara üstünlikleri bilen begendirdiler. Özi-de, ýaryşlaryň birbada birnäçesinde guwandyrdylar. Olaryň biri Nýu-Deli (Hindistan) şäherinde 14,16 we 18 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatydyr. Şonda türgenlerimiz blis-ýaryşda bir altyn we bir kümüş medallary gazandylar. Bu ýaryşda oýnuň wagty her göçümden soň iki sekunt goşulmak bilen üç minuda barabardyr. 

Hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna toparymyzyň düzüminden sport ussatlygyna dalaşgär Rüstem Nazarow çykmagy başardy. Ol 18 ýaşa çenli küştçüler toparynda hemmelerden öňe çykdy. Türkmenistanly türgen mümkin bolan 7 utukdan 5,5 utuk toplap, bir ýeňlişe hem sezewar bolmady (4 ýeňiş we 3 deňlik). 

Gyzlaryň arasynda şol ýaşdaky toparda çempionatyň kümüş baýragynyň eýesi Meňli Öwezowa hem şeýle netijäni gazandy. Biziň türgen gyzymyzy altyn medaldan sport deňeşdirmeleriniň koeffisienti daşlaşdyrdy. Bu görkeziji küştçüleriň birmeňzeş utuk toplan ýagdaýynda ulanylýar. Halkara sanawynyň görkezijiler göreşi diýlip atlandyrylýan bäsleşikde M.Öwezowa Hindistanyň toparyndan bolan türgenden ýeňildi. 

Biziň küştçülerimiz uly üstünlikleriň ýene-de birini noýabryň 20-lerinde Moskwada geçirilen halkara ýaryşda gazandylar. Şonda sportuň bu görnüşinde esasy türkmen ussatlary medallaryň 4-sini—altyn, kümüş we iki bürünç medallary gazandylar. 

Ýeri gelende aýtsak, erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşlarda Türkmenistanyň topary hormat münberini tutuş eýelemegi başardy. Şonda ýokary basgançaga Maksat Atabaýew, ikinji orna onuň dogany Ýusup Atabaýew we üçünji orna Suhrab Semiýew çykdylar. Ikinji bürünç medaly Hurma Weliýewa gazandy. 

Ýakynda türkmenistanlylara nobatdaky möhüm wakalaryň ýene-de biri garaşýar, ol ýurdumyzda sportuň intellektual görnüşlerini has-da ösdürmäge täze itergi berer. Häzirki wagtda paýtagtymyzda Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň açylmagyna giňden taýýarlyk görülýär. Täze sport mekdebinde ýaş türgenlere tälim bermek bilen çäklenilmän, ýokary derejede iri halkara ýaryşlaryny, şol sanda Aziýa we dünýä çempionatlaryny geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2543




Hiç yorum yok:

Yorum Gönder