Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ileri tutulýan wezipeleri kesgitläp, çig mal öndürýän milli ykdysadyýetiň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolan önümleriň köp görnüşlerini öndürýän innowasion, döwrebaplaşdyrylan, ýokary tehnologiýaly senagata, gaýtadan işleýän pudaklaryň häzirki zaman düzümine esaslanýan ykdysadyýete öwrülmegini esasy ugur hökmünde görkezdi.
Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurduň eksport boýunça syýasatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Milli önüminiň haryt dolanyşygyny öwrenmek boýunça institut döredildi. Çeýe marketing we nyrh syýasatyny emele getirmek hem-de Türkmenistanda öndürilýän önümleriň eksporta iberilmegini diwersifikasiýa etmek üçin daşary ýurt bazarlaryndaky ýagdaýy seljermek bu düzümiň ygtyýarlygyna degişli ugra öwrüldi.
Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýa etmek we umumy görnüşde liberallaşdyrmak, bazaryň elementlerini we döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini utgaşdyrmak türkmen döwletiniň Baştutany tarapyndan ýöredilýän täze ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlary bolup durýar. Ýangyç-energetika toplumyny, oba senagat toplumyny, ulag we maglumat-aragatnaşyk düzümini ileri tutulýan derejede ösdürmek bilen birlikde, “intellektual ugra” – ylym-bilim ulgamyna ep-esli möçberdäki maýa goýumlary gönükdirilýär.
Şu ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzümine degişli ylmy-barlag toplumynyň – Tehnologiýlar merkeziniň açylmagy uly ädime öwrüldi. Bu merkez ylmy çözgütleri, tejribedäki işläp taýýarlamalary we olaryň önümçilige ornaşdyrylmagyny bitewi ulgamda jemleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda mineral we beýleki tebigy serişdeleri rejeli özleşdirmek, ýangyç-energetika toplumynda, himiýa senagatynda we beýleki ulgamlarda bäsdeşlige ukyply önümleriň täze görnüşlerini döretmek üçin innowasion tehnologiýalar boýunça ylmy-barlaglary geçirmek Tehnologiýalar merkeziniň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.
Garagumuň çägesinden kremnini taýýarlamagyň täze tehnologiýasy muňa mysal bolup biler, şol tehnologiýa türkmen hünärmenleri tarapyndan ýaponiýaly alymlar bilen bilelikde işlenip düzüldi. Synag geçirmek arkaly alnan netijeler bu tehnologiýany ulanmagyň geljekki mümkinçilikleriniň örän oňaýlydygyny aýtmaga esas döredýär. Ilki başdaky çig maldan alynýan kremniniň möçberiniň ýokary bolmagy, önümçilik üçin energiýa serişdeleriniň az möçberde sarp edilmegi, ýurdumyzda baý çig mal binýadynyň bolmagy we beýleki ýagdaýlar onuň artykmaçlykly taraplarynyň hatarynda durýar.
Eger kremnini öndürmek ýakyn geljekdäki iş bolup durýan bolsa, eýýäm häzirki wagtda Türkmenistan aýna süýümini we bazalt süýümini işläp çykarmak boýunça senagat önümçiliklerini döretmäge girişdi. Ýurdumyzyň senagat pudagynyň importa degişli önümleriň ýerini tutýan önümleriň görnüşlerini artdyrmak, ýurdumyzyň önümçilik kärhanalaryny ýerli çig maldan taýýarlanan material bilen üpjün etmek hem-de onuň daşarky bazarlara eksportyny guramak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat pudagynyň öňünde kwars çägesinden we bazaltdan ýüplügi öndürýän önümçiligi ýola goýmak baradaky wezipäni goýdy.
2014-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda senagat önümleriniň esasy görnüşleriniň öndürilýän fiziki möçberleriniň ösüş depginleri hem ýurdumyzyň senagatynyň çalt depginde ösdürilýän ugurlaryny äşgär edýär. Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, ösüş depgini 118 göterime barabar boldy. Hususan-da, sement öndürmek boýunça bu görkeziji 111,8 göterime barabar boldy, munuň özi Türkmenistanyň eksporta degişli täze ugurlarynyň ýene-de biridir. Şeýle hem magdan däl gurluşyk materiallarynyň ösüş depgini 123,4 göterime, keramzitiňki 108,0 göterime we gurnama demirbeton gurluşlarynyňky – 117,7 göterime barabar boldy.
Türkmen eksportunyň düzüminde esasy ornuň ýangyç-energetika toplumyna degişlidigini bellemek gerek, Hususan-da, şu ýylyň 11 aýynda nebiti we gaz kondensatyny çykarmagyň ösüş depgini 102,8 göterime, tebigy we ugurdaş gazyňky – 110,8 göterime, “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlara eksportunyň möçberleri – 110,6 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, nebiti gaýtadan işlemegiň we nebit önümlerini, şol sanda awtomobil benzinini, dizel ýangyjyny, polipropileni, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň möçberleri artdy.
Ýeri gelende aýtsak, "Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyna" laýyklykda, şu döwürde ýurdumyzda çykarylýan nebitiň umumy möçberi 55,9 million tonna, tebigy gazyňky – 448,7 milliard kubmetre barabar bolar.
Şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynda şertnamalaýyn “Bagtyýarlyk” çäginde Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (“CNPC”) hünärmenleri tarapyndan gurlan gazy gaýtadan işleýän zawodyň ikinjisi ulanmaga berildi, şeýle hem Mary welaýatynda iri “Galkynyş” ýatagyny senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji nobatdaky desgalarynyň toplumynyň düýbi tutuldy.
Ýurdumyzda Gyýanly şäherçesinde täze gaz himiýa toplumyny gurmak boýunça ýene-de bir iri maýa goýumly taslamanyň amala aşyrylmagyna girişildi. Bu toplum ýylda polietileniň 386 müň tonnasyny we polipropileniň 81 müň tonnasyny öndürer. Şeýlelikde, Türkmenistan diňe bir gazy çykarmak we ony ibermek bilen çäklenmän, ýangyç serişdelerini gaýtadan has çuňňur işläp taýýarlamakda innowasion tehnologiýalardan peýdalanýar, şonuň netijesinde ýurdumyz halkara bazarynda gymmat bahaly himiýa önümlerini ýerlemek boýunça eýeleýän ornuny ýokarlandyrýar.
Türkmenistanyň ykdysadyýetinde elektroenergetika möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda kuwwatly elektrik stansiýalarynyň hem-de elektrik geçiriji täze liniýalaryň gurulmagy netijesinde pudagyň kuwwaty birnäçe esse artdy, munuň özi diňe bir ýurdumyzdaky ulanyjylary dolulygyna üpjün etmek bilen çäklenmän, türkmen elektrik energiýasyny Türkiýä, Eýrana, Owganystana ibermäge mümkinçik berýär. Häzirki wagtda birnäçe taslamalar, şol sanda elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça taslamalar amala aşyrylar.
Türkmenistanyň Garsşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde gazturbinaly elektrik stansiýasy ulanmaga berildi, onuň kuwwatlylygy 146,7 megawatta, bahasy ABŞ-nyň 421 million 500 müň dollara barabardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow açylyş dabarasynda çykyş edip, täze elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmeginiň diňe bir ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak bilen çäklenmän, ony eksporta ibermäge mümkinçilik berjekdigini, munuň daşary ýurt puly görnüşinde döwletiň gaznasyna goşulýan girdejileriň artmagyna getirjekdigini belledi.
Türkmenistan himiýa senagaty üçin mineral çig malynyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlarynyň birini eýeleýär. Lebap welaýatynyň Köýtendag etraby bu babatda ägirt uly mümkinçiliklere eýedir, bu çäklerde gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň onlarça görnüşi bar. Geologlar bu künjekde kükürdiň, fosfatlaryň, daş duzunyň, gipsiň, stronsi çig malynyň—selestiniň, ýarym metallaryň, hekiň we gazyp alynýan beýleki baýlyklaryň giden toplumyny açdylar. Bu tebigy baýlyklaryň esasynda himiýa önümlerinden başga-da, gurluşyk serişdeleri önümçiligi we dag-magdan pudagy işjeň ösdürilýär.
Merkezi Aziýada iň iri dag-magdan baýlaşdyryjy kaliý dökünleri önümçiligi boýunça toplumynyň gurluşyk taslamasy hem şu strategiki meýilnamalar bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Ol Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynyň binýadynda işlär we ýylda 1-1,5 million tonna, geljekde bolsa 4 million tonna çenli dökün öndürmäge mümkinçilik berer. Bu toplumyň möçberini göz öňünde getirmek üçin onuň birinji nobatdakysynyň gurluşygyna ABŞ-nyň bir milliard dollaryna golaý pul serişdesiniň goýberilýändigini aýtmak hem ýeterlikdir. Tutuşlygyna Garlyk ýatagyny özleşdirmek üçin Türkmenistan ABŞ-nyň iki milliard dollaryna golaý puly gönükdirmegi meýilleşdirýär.
Şu ýylyň oktýabr aýynyň ortasynda Mary şäherinde ýyllyk taslama kuwwaty 400 müň tonna ammiak we 640 müň tonna karbamid öndürmäge deň bolan zawodlar toplumy ulanmaga berildi. Şu toplumda öndüriljek karbamidiň 80 göterimini daşary ýurtly sarp edijilere ugratmak göz öňünde tutulýar. Öň bar bolan dökün öndürýän kärhanalary hem hasaba alanyňda, ýurdumyzda bir ýylda bir million tonna golaý azot önümleri öndüriler. Dünýäde uly islegden peýdalanýan bu önümiň ýarysy eksporta iberiler.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň günbatar sebitinde kaustik sodasy, hlor we hlor öndürilýän, ýod-brom önümleri, ýuwujy serişdeler, şeýle hem Garabogaz köl aýlagynyň gidromineral serişdelerini özleşdirmek boýunça önümçilikleri gurmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirmek tapgyryna taýýarlyk görülýär. Bu künjek natriý sulfatynyň we beýleki gymmatly duz minerallarynyň tebigy şertlerde kristallara öwrülýän dünýädäki seýrek ýerleriniň az sanlysynyň biridir.
Döwletimiziň we daşary ýurt maýa goýumçylarynyň giňden gatnaşmagynda täze dokma kärhanalarynyň gurulmagy içerki bazary ýokary hilli önümler bilen doly üpjün etmäge, olaryň görnüşlerini ýyl-ýyldan yzygiderli artdyrmaga, daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen mynasyp bäsleşmäge mümkinçilik berdi. Emma häzirki zaman doly önümçilikli toplumlardan ybarat bolan Türkmenistanyň dokma senagatynyň gazanan esasy üstünlikleriniň biri hökmünde Türkmenistany pagta çig malyny iberýän ýurtdan taýýar önümleri eksport edýän ýurda öwürmegi başarandygydyr.
Halyçylyk baý milli däp-dessurlaryna eýedir we onuň netijesinde arassa ýüňden dokalýan haly önümleri häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýä bazarlaryna iberýän önümleriniň esasy bölegini düzýär. Şeýle hyzmatdaşlyk Germaniýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Gresiýanyň, Fransiýanyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalary bilen üstünlikli ösdürilýär.
Obasenagat toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň eksport ugrunda barha artýan mümkinçilikleri barada aýdylanda, häzirki wagtda Türkmenistan bugdaýy ýeterlik derejede öndürýän ýurtlaryň hataryna ynamly girdi. Şeýle hem biziň ýurdumyz azyk önümleriniň esasy görnüşlerini özi öndürmek bilen, ykdysady howpsuzlygyň toplumlaýyn maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Mundanam başga ýurdumyz içki bazardan artýan azyklyk bugdaýy daşary bazara ugradýar.
Abraýly halkara guramalarynyň we maliýe düzümleriniň – BMG-niň ykdysadyýet we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça maslahatynyň, şeýle hem Halkara walýuta gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň bilermenleri indi birnäçe ýylyň dowamynda öz çaklamalarynda türkmen ykdysadyýetiniň oňyn ösüş meýillerini belleýärler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň eksporta degişli kuwwatyny artdyrmak boýunça ykdysady strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda we innowasion esasda bäsleşige ukyply önümçiligi ýola goýmakda uly orun degişli bolan hususy bölege hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary okgunly we netijeli ösdürmek maksady bilen, iň amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredilýär. Bular we salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegi, telekeçilik işini bellige almagyň we ygtyýarlylandyrmagyň tertibiniň ýönekeýleşdirilmegi, ýeňillikli karzlar we beýlekilerdir.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen mundan beýläk-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we milli ykdysadyýetimizi dünýä hojalyk ulgamyna goşulyşmagy üçin ygtybarly binýat döredildi, bu bolsa Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna we gülläp ösmegine, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gulluk eder.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2587
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder