hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynyň “Berkarar” otagynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýylyň öň ýanyndaky bilelikdäki mejlisini geçirdi, onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan ugurlarynyň meseleleri girizildi.
Milli Liderimiz mejlisiň başynda bu ýere ýygnananlary, şeýle hem ýurdumyzyň ähli halkyny ýetip gelýän Täze – 2015-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýar durmuş hem-de Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. Goý, Täze ýyl Berkarar Watanymyz we mähriban halkymyz üçin bereketli, rysgal-döwletli we düşümli ýyl bolsun diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz geçip barýan ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini gysgaça häsiýetlendirdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýeti haýallyk bilen bolsa-da, maliýe-ykdysady çökgünlik ýagdaýyndan çykýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti hem dünýä ykdysadyýetiniň bir bölegi bolup durýar. Şoňa görä-de, dünýäde bolup geçýän hadysalar ýurdumyzyň ykdysadyýetine hem gönüden-göni öz täsirini ýetirýär. Bu bolsa, bizi bolup geçýän özgermeler bilen bagly çalt we netijeli çözgütleri tapmaga borçly edýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Biz göz öňünde tutan maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň pese düşmegine ýol bermezlik maksady bilen, ähli zerur çäreleri görýäris. Şu ýagdaýlar göz öňünde tutulanda, 2014-nji ýyl dünýäniň ähli ýurtlary üçin örän agyr ýyllaryň biri boldy. Şu ýyl syýasy we ykdysady ýagdaýlar bilen bagly dürli wakalara örän baý ýyl boldy. Şolaryň hatarynda kynçylyklary döreden ýagdaýlar hem, oňat wakalar hem bar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Ministrler Kabinetiniň 54 mejlisiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 13 mejlisiniň, şeýle hem dürli maslahatlaryň 44-den gowragynyň geçirendigini belledi. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2014-nji ýylda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň gerimi has-da giňeldi. Dürli ýurtlar bilen özara gatnaşyklarymyzyň möçberi iki essä golaý artdy. Mysal üçin, şu ýyl ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara 10 sapary amala aşyryldy. Şeýle hem, daşary ýurtlaryň Baştutanlarynyň, Hökümet ýolbaşçylarynyň we ýurdumyzyň gatnaşyk saklaýan sebitleriniň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza 20 sapary amala aşyryldy. Şonuň ýaly-da, 2014-nji ýylda ýurdumyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şu ýylda Türkmenistanyň Prezidenti bilen daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň wekilleriniň, şol sanda döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň, ministrler derejesindäki resmi adamlaryň, halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlarynyň jemi 190 duşuşygy geçirildi. Şeýle hem, ýylyň dowamynda dürli halkara korporasiýalarynyň we kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen 40 duşuşyk geçirildi.
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde, şeýle hem halkara derejesindäki duşuşyklarda örän köp sanly çylşyrymly syýasy, ykdysady we durmuş meselesine seredildi. Şol meseleler boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Şol çözgütler oňyn netijelerini hem berdi. Bu bolsa, Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň öz wagtynda we dogry çözgütleri kabul edendigini, biziň sazlaşykly, netijeli we maksada okgunly işleri alyp barandygymyzy görkezdi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Ýylyň dowamynda bize örän köp işleri amala aşyrmak we köp sanly meseleleri çözmek başartdy. 2014-nji ýylda göz öňünde tutan işlerimiziň ählisini diýen ýaly durmuşa geçirdik. Biz «Demirgazyk–Günorta» halkara demir ýoluny dabaraly açyp, ulanmaga berdik. Geljekde ýurdumyzyň senagat pudagynyň möhüm ähmiýetli desgalaryna öwrüljek, Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň, Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän kärhananyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, «Galkynyş» gaz käninde zawodlar toplumynyň düýbüni tutduk. «Aşgabat–Türkmenbaşy» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berdik. Ýylyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň oňat bolmagyna, ýagny 10 göterimden hem ýokary bolmagyna garaşylýar. Bu bolsa, şu ýylda gazanan üstünliklerimiziň aýdyň mysallarydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Şu ýyl ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Rezolýusiýany kabul etdi. Bu bolsa, ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň halkara derejesinde gazanan uly üstünligidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk üçin oňyn şertleri döretmäge öz mynasyp goşandyny goşdy we uly goşant goşmagyny dowam edýär. Şu ýylyň jemlerine baha berenimizde, umuman, 2014-nji ýyl berkarar Watanymyz we mähriban halkymyz üçin oňat ýyllaryň biri boldy diýip ynamly aýdyp bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Biz şu ýylyň jemlerine we 2015-nji ýylda öňümizde durýan wezipelere ýanwar aýynyň başynda has giňişleýin we doly serederis. 2015-nji ýyl ýurdumyz üçin ýubileý ýylydyr hem-de Bitaraplyk we parahatçylyk ýylydyr. Nesip bolsa, geljek ýylda biz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmeginiň 20 ýyllyk baýramyny giňden we dabaraly belläp geçeris.
Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň parahatçylygy we asudalygy goldamaga esaslanýandygyny belledi we Täze – 2015-nji ýylda hem täze üstünlikleriň gazanylyp, berkarar Watanymyzyň belent sepgitlere ýetjekdigine ynam bildirdi. Täze ýylda biz Bitarap Watanymyzy ösdürmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça täze sepgitlere ýetip, nobatdaky möhüm ädimleri äderis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz hasabat bermek üçin mejlise gatnaşyjylara söz berdi.
Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň Täze ýyl mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň kadaly durmuşyny üpjün edýän ähli gulluklaryň baýramçylyk günlerinde nobatçylyk etmegini guramak meseleleri boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Täze ýyl baýramçylygy günlerinde ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň aýratyn sazlaşykly we bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz degişli gulluklaryň talaba laýyk we bökdençsiz işlemegini guramagyň wajypdygyny nygtap, Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary S.Satlykowa baýramçylyk günlerinde halkymyzyň göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow baýramçylyk söwdalaryny guramak maksady bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ähli welaýatlarda we paýtagtymyzda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ähli kärhanalarynyň gatnaşmagynda söwda hyzmaty ýola goýuldy. Olarda ilata harytlaryň giň görnüşi hödürlenilýär.
Wise-premýer ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan paýtagtymyzda bina edilen “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezini ulanmaga bermäge taýýarlygy barada hasabat berip, hormatly Prezidentimize sebitde iri bu desganyň açylyş dabarasyna gatnaşmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipäniň bazarlary we dükanlary harytlar bilen doly üpjün etmek bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz adamlaryň ähli zerur harytlar we önümleri bilen elýeterli nyrhlardan bolelin üpjün edilmegi, Täze ýyly bereketli saçagyň başynda garşylamagy üçin ähli çäreleriň görülmelidigini aýdyp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklar berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Täze ýyly garşylamaga gabatlanyp geçirilýän medeni çäreleriň baýramçylyk maksatnamasy hakynda hasabat berdi.
Milli Liderimiz Täze ýyl dabaralarynyň şatlyk ruhuny döretmeliidigini, gyzykly we baý many-mazmunly häsiýete eýe bolmalydygyny, adamlary täze üstünliklere ruhlandyrmalydygyny belläp ähli baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz medeniýetli dynç alyş baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, mejlise gatnaşýan welaýatlaryň häkimlerine, wise-premýer M.Artykowa ýurdumyzyň her sebitinde paýtagtymyzda bina edilen “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi ýaly söwda-dynç alyş merkezlerini gurmak barada tabşyryk berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän düzümlerinde, şol sanda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak babatda alnyp barylýan taýýarlyk işleri hakynda habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň, “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” gullugynyň gije-gündiziň dowamyndaky sazlaşykly işini üpjün etmek, şeýle hem mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümini gyzykly geçirmegini guramak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ulgamlarynda ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz döwlet energetika syýasatynyň senagatyň, oba hojalygynyň, Türkmenistanyň durmuş ulgamynyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmaga, şeýle hem daşary ýurtlara eksportuň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilendigini nygtap, baýramçylyk günlerinde ilatyň we edara-kärhanalaryň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra mejlise çagyrylan Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, jemagat gulluklarynyň utgaşykly işini üpjün etmek, şeýle hem ýörite meýilnama laýyklykda Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň guralyşy barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz şäheriň durmuş ulgamynyň düzümleri tarapyndan amala aşyrylýan işleri üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz baýramçylyk günleri ilata hyzmatlary amala aşyrýan gulluklaryň bökdençsiz işlemegi, söwda we hyzmatlar ulgamynda, medeni merkezlerde we köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän beýleki ýerlerinde degişli çäreleri üpjün etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada aýdyp, ýurdumyzyň maliýe we bank edaralary tarapyndan hasaplaşyklaryň doly geçirilendigini habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmäge, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýany durmuşa geçirmek boýunça maliýe-ykdysady ylgamyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we pudaklaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine talaba laýyk gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Öz gezeginde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow obasenagat toplumynyň ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň bazarlaryny dürli görnüşli azyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň we sebitleriň bazarlarynyň, söwda dükanlarynyň haryt bolçulygy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmitýet bermelidigini tabşyrdy. Şeýle hem obasenagat toplumynyň önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça wise-premýere birnäçe anyk görkezmeler berildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän ulgamlarynda Täze ýyly garşylamaga görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Milli Liderimiz gurluşyk serişdeleri senagaty, himiýa we dokma pudaklary ýaly möhüm ulgamlary ösdürmegiň ýokary depginini saklamak maksady bilen, bu duzumleriň işine täze kuwwatly itergi bermegiň wajypdygyny belläp, täze desgalary gurmagyň möhletleriniň berjaý edilmeginiň we gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow häzirki döwürde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýdyp, baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň ýangyç guýujy beketlerini ýangyç-çalgy ýaglary bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän goşmaça çäreler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, düzüm birlikleriniň işi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy, baýramçylyk günlerinde ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin kärhanalarynda nobatçylygy guramagy we sazlaşykly işini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümleriniň işini has-da kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, şeýle hem Täze ýyl mynasybetli paýtagtymyzda geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.
Milli Liderimiz döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň netijelliligini has-da ýokarlandyrmak boýunça guramaçylyk çäreleriniň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Täze ýylyň türkmenistanlylaryň iň söýgüli baýramçylyklarynyň biridigini belläp, uludan-kiçä hemmeleriň ony şatlyk-şagalaň bilen garşylamagy üçin baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň işi barada hasabat bermek bilen, geljek ýyla meýilleşdirilen halkara çäerelerine taýýarlyk görmek meseleleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň geljekde hem parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirjekdigini nygtap, bu ugurda Daşary işler ministrliginiň we ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň öňünde goýlan esasy wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek boýunça yzygiderli işleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işi, Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagylyryşynyň altynjy mejlisiniň jemleri barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde netijeli işleriň alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisine çagyrylan ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri häzirki döwürde sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdiler.
Şeýle hem welaýatlaryň häkimleri Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak we onuň ýatda galyjy dabara öwrülmegini üpjün etmek boýunça işlenip taýýarlanylan medeni maksatnama, bazarlarda we söwda dükanlarynda azyk önümleriniň dürli görnüşleriniň we beýleki baýramçylyk harytlarynyň bolçulygyny ýola goýmak babatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler hakynda aýtdylap.
Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösdürilmegi, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli gowulandyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Täz ýyl baýramçylygy barada aýdylanda bolsa, onuň ulular üçin-de, körpeler üçin-de örän täsirli bolmalydygyny nygtamak bilen, babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Täze ýyl arçalarynyň ýanynda guralýan medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine, dabara gatnaşyjylaryň we körpeleriň baýramçylyk sowgatlary bilen baglanyşykly meseleleriň döwrüň talabyna laýyk derejede ýerine ýetirilmelidigine, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Täze ýyl dabaralary belent ruha beslenmelidigine ünsi çekip, 2015-nji ýylyň halkymyz üçin bereketli we rowaç ýyllaryň birine öwrülmegi ugrunda Täze ýylyň ilkinji pursatlaryndan netijeli çäreleriň ýaýbaňlandyrylmalydygy bu babatda welaýatlaryň häkimlerine anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan we milli goşunymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga, Garaşsyz türkmen döwletiniň howpsuzlyk we durnukly ösüş esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli harby özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp barýan işleri hakynda habar berdi. Şeýle hem milli Liderimiziň ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz ösüş we abadançylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanda parahatçylyk we asudalyk ýagdaýyny gorap saklamakda Watanymyzyň gaýduwsyz goragçylarynyň ägirt uly goşandyna ýokary baha berip, döwletimiziň geljekde-de harby ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlaryna, ilkinji nobatda bolsa harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga we pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň hem olaryň maşgala agzalarynyň durmuş derejesini gowulandyrmaga aýratyn üns berjekdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl mynasybetli dabaralaryň möhüm ähmiýete eýedigini bellemek bilen, bu ajaýyp baýramçylyga meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin ähli şertleri döretmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlamak bilen, oňa gatnaşanlaryň ählisini ýetip gelýän Täze, 2015-nji ýyl bilen ýene-de bir gezek gutlap, Berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine hem-de mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder