25 Aralık 2014 Perşembe

Awazada 200 öýe niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumy gurulýar.

Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň dolandyryş merkezinde ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň iri möçberli gurluşygy ýaýbaňlandyryldy. Häzirki wagtda 25 öýli bolan jaýlaryň sekizsinden ybarat bolan bu durmuş maksatly taslamanynyň ilkinji nobatdakysy amala aşyrylýar. Bu desgalary Balkan welaýat häkimliginiň DGM buýurmasy boýunça «Balkan ýoriteleşdirilen gurluşyk» ýörüteleşdirilen müdürligi döwlet maýa goýumlarynyň hasabyna gurýar. 

Binalar arhitektura owadanlygy bilen biri-birinden tapawutlanýar. Olarda iki podýezd dördünji gata, gyradaky üçinji podýezd bolsa bäşinji gata galdyrýar. Bäş gatly jaýlary üçeginde bezeg arkalary olary özara birleşdirýär.Ähli jaýlar olary gurmak üçin bölünip berlen 52 miň inedördül metr meýdanda biri-birine simmetriki usulda gurulýar. Tegelegiň merkezinde gümmezli tegelek görnüşli çagalar we ulular üçin dynç alyş-güýmenje desgaly söwda-durmuş toplumy gurulýar. 

Ýaşaýyş jaýlarynyň ugrunda we aralarynda ýanýodalar, halkalaýyn we radial barýan ýollar çekiler. Şunlukda ýaşaýyş we tehniki gurluşyklar üçin bölünip berlen meýdan 29,5 müň inedördül metr bolar. Gurluşyk işleri geçirilmeýan 44,6 inedördül metr meýdan abadlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga büreler. Bir söz bilen aýdanyňda, bu ýerde ähli amtlyklar bilen gurşalyp alynan oňaýly sebit döredilýär. 

Baglaşylan şertnama laýyklykda bu ýaşaýyş şäherçesini 2015-nji ýylyň ahyrynda ulanmaga bermek bellenildi.Ýöne Awazada ýaşaýyş jaý gurluşygy munuň bilen tamamlanmaz. Döwlet baştutanynyň Kararyna laýyklykda şular ýaly ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ýene-de üçüsi gurlar. Olarda bagtly maşgalalaryň 600-si jaý toýuny toýlarlar.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2630

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder