“Mehr” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä Eýranyň transport ministri Mahmud Waizi paýtagt Tähranda geçiren metbugat ýygnagynda ýurtda internet ulanyjylarynyň şahsyýetleriniň kesgitlenmegi üçin täze taslamanyň durmuşa geçiriljekdigini habar berdi.
Ministr Waizi taslamanyň netijesinde internet ulanyjylaryna telefon belgisi ýaly internet belgisiniň beriljekdigini nygtap “Bu başlangyç aragatnaşyk serişdeleriniň aç-açan peýdalanylmagynda täze bir usul. Häzirki wagtda taslamanyň taýarlyklary dowam edýär. Bu usul arkaly birugsat internet ulanylşyny we galplygyň öňüni almagy göz öňünde tutýarys. Biz ulanyjylaryň gizlinligini paş etmegi nazarda tutmaýarys” diýdi.
Ýokary kiber geňeşinde e-döwlet ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi üçin Prezident Hasan Ruhani tarapyndan gol çekilen meýilnamany ýatladan Waizi, şol çäkde dörediljek milli internet ulgamynyň ýurt üçin möhümdigini we taýarlyklaryň depgininiň güýçlendirilendigini aýtdy.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2579
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder