5 Aralık 2014 Cuma

Saglygy goraýyş boýunça möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kardiologiýa boýunça ylmy-kliniki merkezli hassahananyň mejlisler zalynda 2014-2020-nji ýyllarda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Aşgabat jarnamasynda kesgitlenen wezipeleri berjaý etmek boýunça Milli strategiýany ýerine ýetirmegiň meselelerine bagyşlanan amaly maslahat boldy.

BMG-niň abraýly halkara düzümleriniň – Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG), ÝUNISEF-iň, BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA), ýurdumyzyň degişli minsitrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bu forum ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň taryhyndaky şanly wakanyň bir ýyllygyna – 2013-njy ýylyň dekabrynda “Saglyk-2020” syýasatynyň kadalary bilen baglylykda BSGG-niň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Ýewropanyň ministrleriniň maslahatynyň türkmen paýtagtynda geçirilmegine bagyşlandy. Bu syýasatda adamlaryň saglygynyň goralmagyna degişli ählumumy meseleleri Ýewropa sebitindäki ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň öz tagallalaryny birikdirmek arkaly çözmek ugrundaky wajyp ädimleri kesgitlenildi.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabat jarnamasynyň kabul edilmegi dekabrda geçirilen forumyň möhüm ähmiýetli netijesine öwrüldi. Şonda taraplaryň esasan çilim çekmek we beýleki ýaramaz endikler, gipodinamiýa, nädogry iýmitlenmek ýaly ýagdaýlar bilen bagly bolan ýokanç däl kesellere garşy göreşmekde ulanylýan usullara ygrarlydygy tassyklanyldy. Bu jarnamada keselleriň öňüniň alynmagyna, sagdyn ýaşaýyş gurşawynyň döredilmegine döwlet dolandyryş edaralarynyň ählisiniň çekilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Şu günki maslahatyň gün tertibi boýunça kabul edilen Milli strategiýanyň çäklerinde ýurtda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we bulara garşy göreşmek boýunça geçirilýän köp ugurly işleriň netijelerine garaldy hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin mundan beýläk-de bilelikde hereket etmek barada pikir alşyldy.

Çykyş edenler saglygy goraýşyň ösdürilmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde ýöredilýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny bellediler. Häzirki wagtda ýurdumyzdaky lukmançylyk ulgamy öňdebaryjy tehnologiýalaryň amaly we ylmy işlerde ornaşdyrylmagyny, lukmançylyk boýunça milli tejribäniň dünýäde gazanylanlar bilen utgaşdyrylmagyny, ilatyň saglygynyň goralmagyna toplumlaýyn çemeleşmek arkaly, ýaşaýşyň hiliniň gowulandyrylmagyna ýardam berilmegini ugur edinýär.

Innowasion tehnologiýalary ulanýan ýöriteleşdirilen klinikalaryň, anyklaýyş boýunça döwrebap ulgamyň bolmagy, ökde hünärmenleriň taýýarlanylmagy, oňat hilli derman serişdeleriniň elýeterliligi onkologiýa, kardiologiýa, endokrinologiýa, pulmonologiýa ýaly ugurlar boýunça netijeli işleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Çykyş edenler sagdyn iýmit, temmäkiniň ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň çäklerindäki çäreleriň amala aşyrylmagynyň pudagara derejede utgaşdyrylmagyna aýratyn üns berdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar hut döwletiň we jemgyýetiň öz tagallalaryny birikdirmeginiň ilatyň saglygyny goramak, şol sanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek ýaly ugur boýunça möhüm meseleleri üstünlikli çözmekde wajyp ýagdaý bolup durýandygyny bellediler.

Maslahata gatnaşyjylaryň bölümler boýunça mejlislerinde döwlet dolandyryşynyň dürli derejelerinde, şeýle hem şu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy bilen baglylykda, özara arkalaşykly hereket etmegiň ýollary boýunça ara alnyp maslahatlaşylan meselelere jikme-jik garalar, şol mejlisler 5-6-njy dekabrda paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen lukmançylyk merkezlerinde geçiriler. 

http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2571 

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder