21 Aralık 2014 Pazar

Suratkeşleriniň eserleriniň sergisi.

Bu sergi Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky medеni gatnaşyklary ösdürmek ýolunda ýene bir ädim boldy, bu gatnaşyklar iki ýurduň hökümetleriniň arasyndaky resmi ylalaşyklar bilen berkidilýär. Döwlet Baştutanlary — Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin gumanitar ulgamda, şol sanda sungat babatynda, şeýle hem muzeý işinde hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berýärler.
Russiýanyň we Türkmenistanyň iri muzeý edaralarynyň ikisiniň arasynda özara sergileriň guralmagy netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Geçen ýyl Gündogaryň döwlet muzeýi Aşgabatda meşhur suratkeşler Nikolaý we Swýatoslaw Rerihleriň işleriniň toplumyny görkezdi. Indi bolsa Moskwada Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş muzeýi türkmen suratkeşleriniň sergisini gurady.
Üç hepdäniň dowamynda Gündogaryň döwlet muzeýiniň zallarynda “Türkmenistanyň nakgaşçylygy. Türkmen kalbynyň äheňleri” atly sergi dowam etdi. Bu sergi üçin sungat ussatlarynyň elli dokuzysynyň altmyş eseri saýlanyp alyndy, bu işler geçen asyryň ikinji ýarymynda we şu asyryň başynda milli şekillendiriş sungatynyň ösüş taryhyny has açyk beýan edýärler. Bu sergi ony görmäge gelýän müňlerçe adamlarda uly täsir galdyrdy. Suratkeşleriň bu eserleri ussat suratkeşler we sungaty öwreniji hünärmenler üçin hem, ony görmäge gelýän ýönekeý adamlar üçin hem deň derejede gyzykly boldy diýip, sungat öwreniji Jennet Karanowa gürrüň berýär.
Moskwada geçirilen serginiň üstünlikli bolandygyna Russiýanyň paýtagtynyň döredijilik we ylmy toparlarynyň wekilleriniň pikirleri hem şaýatlyk edýär.
Masut Fatkulin, Suratkeşler birleşikleriniň halkara konfederasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy:
—“Türkmen kalbynyň äheňleri” atly sergi mende uly täsir galdyrdy. Bu ýerde görkezilen eserleriň onlarçasy ýarym ýyldan gowrak döwrüň içinde türkmen nakgaşlygynyň ösüş ýollary hakynda täsirli söhbet açýar.
Olarda halk taryhynyň möhüm wakalary we türkmen topragynyň ajaýyp zähmetkeşleri, häzirki döwür baradaky täsirler öz beýanyny tapýar. Olar asylly we inçe duýgular bilen baýlaşdyrylandyr.
Häzirki zaman sungatynyň ýörelgeleriniň türkmen nakgaşçylygynda mynasyp dowam etdirilýändigi has-da guwandyrýar. Suratkeşler öz eserlerine inçe duýgulary, çuňňur pelsepewi we durmuş many-mazmunyna eýe bolan çeper keşpleri siňdiripdirler.
Bu ajaýyp sergi türkmen sungat ussatlarynyň  bu ugurda umumy ösüşe uly goşant goşýandyklaryny görkezdi.
Iwan Golubniçiý, Russiýanyň Ýazyjylar birleşiginiň sekretary, RF-nyň at gazanan medeniýet işgäri:
—Türkmen suratkeşleriniň sergisi Moskwanyň medeni durmuşynda ajaýyp we täsirli waka boldy. Onda görkezilen eserler uly döredijilik ruhuny, durmuşy söýmegiň nusgasyny we türkmen halkynyň röwşen geljegine bolan ynamy özünde jemleýär. Durmuş bilen aýrylmaz baglanyşyk, zähmete we ene topraga söýgi, adaty maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk, oňat beýan edilen millilik, dünýä düşünmek üçin synçylyk — bu işleriň esasyny düzýär. Sergide görkezilen işler dürli öwüşginli bolup, çuňňur dünýägaraýşa we duýgy dünýäsine baýdyr.
Serginiň ýene bir aýratynlygy, onda türkmen nakgaşçylygynyň geçen asyryň ortalaryndan başlap häzirki döwre çenli ösüşi görkezilýär. Türkmen suratkeşleri öz ýurdunyň durmuşynyň dürli taraplaryny ruhubelentlik bilen şöhlelendirýärler, olaryň işleri bilelikde bitewi bir täsin duýgyny beýan edýär. Her bir suratkeşiň gaýtalanmajak şahsy aýratynlygynda milletiň ruhy bitewilügi aýdyň duýulýar. Russiýaly sungata sarpa goýýanlar türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçirilen serginiň guramaçylaryndan ajaýyp peşgeş aldylar.
Sergi öz adyna doly kybap gelýär, ol türkmen halkynyň ruhy dünýäsini aýdyň we ynamly açyp görkezýär. Şunuň ýaly çäreler ýygy-ýygydan geçirilse, Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň medeni gatnaşyklary has-da pugtalanar.
Nadežda Dubowa, antropolog, taryh ylymlarynyň doktory:
- Geçirýän ylmy işlerimiň meni Türkmenistan bilen uzak wagtdan bäri baglanyşdyrýandygyny özüm üçin uly şowlulyk hasaplaýaryn. Men köp ýyllaryň dowamynda türkmen topragynda russiýaly belli alym — arheolog Wiktor Sarianidi bilen bilelikde işledim.
Alym öz ýöriteleşdirilen ugruna garamazdan, barlag geçirilýän ýurduň medeni ösüşiniň taryhy bilen hökman gyzyklanýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň häzirki zaman şekillendiriş sungatynyň halkyň köpasyrlyk çäksiz döredijilik mirasy bilen çuňňur baglanyşygyny aýdyň duýmak bolýar.
Men Aşgabatda ýa-da Maryda bolan wagtlarym türkmen nakgaşçylygynyň muzeý toplumlaryny haýran galmak bilen synlaýaryn. Indi bolsa köp sanly moskwalylaryň türkmen şekillendiriş sungatynyň hazynasy bilen tanyşmaga mümkinçilik alandyklaryna şatdyryn. Elbetde, 60 eserden ybarat bolan sergi suratkeşleriň döredijilik mümkinçiliklerini, milli suratkeşligiň köp görnüşliligini doly derejede açyp görkezip bilmeýär, emma, biz türkmen sungaty bilen ýene-de duşuşjakdygymyza umyt baglaýarys. Iki ýurduň we halklaryň arasyndaky barha berkeýän medeni gatnaşyklaryň Türkmenistanyň suratkeşleriniň naýbaşy eserlerini ýene-de köp gezek görmäge mümkinçilik döretjekdigine ynanýarys.
Aleksandr Sedow, Gündogaryň döwlet muzeýiniň baş direktory:
—Gündogaryň döwlet muzeýinde öň hem Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň sergisi geçirilipdi. 1971-nji ýylda muzeýiň zallarynda “Türkmen topragynda” atly sergi üstünlikli geçirildi we ol tutuş ýurdumyzyň durmuşynda täsirli waka boldy. Indi bolsa kyrk ýyldan gowrak wagtdan soň türkmen suratkeşleriniň ajaýyp eserlerine syn edip, lezzet almak mümkinçiligi döredi. Biz belli türkmen nakgaşçylarynyň eserlerini moskwalylara görkezmek mümkinçiligine şatdyrys.
Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty ХХ asyryň sungatynyň taryhynda täsin waka bolup durýar. Türkmenistanda özboluşly çeperçilik mekdebi kemala geldi. Ýurduň köp taraply taryhy-medeni mirasy, täsin tebigaty munuň üçin esas bolup hyzmat edýär. Emma esasy zat halkyň açyk, myhmansöýer, hoşgylaw, gaýduwsyz we mähirli kalbydyr. Serginiň “Türkmen kalbynyň äheňleri” diýen at ilen guralandygy ýöne ýene däldir.
Biz bu serginiň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmekde ýene bir ädim bolandygyna we biziň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýarys.    
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2615

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder