Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Özbek kärdeşi Yslam Kerimowyň çakylygyna laýyklykda Özbegistanda saparda boldy.
Paýtagt Daşkentde duşuşan iki lider Özbegistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar we Orta Aziýanyň howpsyzlygy barada pikir alyşdy.
Russiýanyň Özbegistan bilen söwda taýan ýakyndan gatnaşyk edýändigini ýatladan Putin soňky 5 ýylda Özbegistanda goýlan rus maýa goýumlarynyň 6 milliard dollardan geçendigini aýtdy.
Orta Aziýanyň howpsyzlygy meselesine ünsi çeken özbek lideri Kerimow bolsa iki ýurduň abanýan howplara garşy hyzmatdaşlyk etmelidigini belledi.
Putin bilen Kerimow özara we toparara gepleşiklerden soň Özbegistan bilen Russiýanyň ykdysady we medeni taýdan hyzmatdaşlyk etmegini göz öňünde tutýan şertnamalara gol çekişdi.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2593
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder