6 Aralık 2014 Cumartesi

Dünýä metbugatynyň sahypalarynda.

2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda bolan taryhy ähmiýetli waka barada daşary ýurt metbugatynyň teswirlemeleriniň synymyzyň başynda seljerijileriň “Türkmenistan ähmiýeti boýunça Merkezi Aziýa sebitiniň çäginden çykýan, çylşyrymly howa şertlerinde özüniň demir ýol gurluşykçylarynyň düzümleriniň güýji bilen täze ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny öňe sürmek we ony gurmak bilen çäklenmän, sözüň doly manysynda, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldip, ýene-de Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky söwda ýollarynyň merkezine öwrüldi, türkmen döwleti orta asyrlarda hem şeýle döwlet bolupdyr” diýen esasy pikirini nygtamak ýerlikli bolardy. Bu geçelgäniň türkmen böleginiň uzynlygy şol halkara taslamasynyň ähli kommunikasiýalarynyň 80 göterimine golaý boldy. 

Şeýlelikde, ägirt uly ähmiýetli täsin taslamany durmuşa geçiren döwletleriň baştutanlarynyň--Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşmagynda ulanmaga berlen Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýolunyň açylmagy esasy täzelikleriň birine öwrülip, dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ägirt uly gyzyklanmasyny döretdi. 

Dürli ýurtlaryň esasy habar beriş agentlikleri, tele we radiostansiýalar, meşhur elektron we metbugat neşirleri, bu waka aýry-aýry makalalaryny, teswirnamalaryny we köpsanly owadan suratlar bilen bezelen giň göwrümli makalalary bagyşladylar. 

“Dünýä söwdasynyň merkezi ýuwaş-ýuwaşdan Aziýa tarap süýşýär” diýip, 24.kz portaly ilkinjileriň biri bolup habar berdi. Ol halkara demir ýolunyň açylmagy baradaky habary çaltlyk bilen ýaýratdy. Okyjylaryň millionlarçasyna Türkmenistanyň üsti bilen Gazagystandan Eýrana iň gysga täze ýol arkaly ilkinji demir ýol otlusynyň ugradylandygy, üç goňşy ýurduň Liderleriniň bolsa onuň ilkinji ýolagçylary bolandygy barada habar berildi. 

“Astana, Aşgabat we Tähran ilkinji gezek bilelikde şeýle ykdysady taýdan ähmiýetli taslamany durmuşa geçirmegi başaryp, nobatdaky gezek dünýäniň söwda we önümçilik merkeziniň kem-kemden hut Aziýa tarap süýşýändigini bütin dünýä görkezdiler” diýip, meşhur internet-serişde belledi we demir ýoluň ulanmaga berilmegini üç goňşy ýurtlaryň gatnaşyklaryndaky täze eýýäm hökmünde görkezdi. 

Esasy habarlar agentlikleri, şol sanda Hytaýyň Sinhua, Russiýanyň RIA-Nowosti we TASS, Gazagystanyň KAZINFORM agentlikleri we beýleki gulluklar Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda ykdysady taýdan has amatly demir ýol ugruny üpjün etmäge ýardam etjek demir ýol şahasynyň açylmagynyň sebit we halkara ulag düzüminiň “altyn” halkasyna öwrüljekdigi barada bir pikiri beýan etdiler. Şunda düýbünden täze ulag geçelgesiniň Ýewropa ýurtlaryndan Pars aýlagynyň portlaryna çenli demir ýol ugruny tutuş 600 kilometr gysgaldandygy hem ýatlanyp geçildi! 

Metbugat neşirlerinde bellenilişi ýaly, täze demir ýol “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň esasy bölegine öwrüler. Bu ulgam häzir hereket edýän ugurlardan, mysal üçin, Sues kanaly ýaly ugurlardan has gysga we arzan bolar. Şeýlelikde, ulag ulgamy diňe bir sebitiň çäklerinde däl, eýsem, yklym möçberinde hem Ýewropadan Aziýa ýükleriň daşalmagyny çaltlaşdyrmaga hem-de arzanlatmaga mümkinçilik berer. 

Gazagystanyň iri internet-neşirleri, şol sanda Gazakhstan Today, Tengrinews.kz. DailyNews.kz, Kapital. Kz we beýleki neşirler Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň şol günlerde Türkmenistana bolan resmi sapary barada özboluşly hasabata öwrülen köpsanly makalalary we habarlary neşir etdiler. Olar Akkordy metbugat gullugyna salgylanyp, täze ulag geçelgesinde müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi baradaky pikiriň öz beýanyny tapandygyny bellediler. 

Žurnalistler we halkara synçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden çykyşyndan jümleleri getirip, bu ýoly döretmek pikirinde millionlarça adamlaryň bähbitlerine, diýmek, parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň bähbitlerine hyzmat etmek bilen baglanyşykly çuňňur many-mazmunyň goýlandygyny nygtadylar. Bitarap türkmen döwletiniň bu ulag geçelgesini gurmak baradaky başlangyjy öňe sürmegine türkmen Lideriniň parahatçylyk söýüjilik we açyklyk syýasatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň aýdyň subutnamasy hökmünde baha berilýär. 

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpüsi täze demir ýolunyň ulanmaga berilmegi barada habar berip, ägirt uly ykdysady we durmuş ähmiýetli bu taslamanyň taryhyna gaýdyp gelip, “Demirgazyk-Günorta” halkara geçelgesiniň möhüm ulag ulgamyna öwrüljek bu demir ýoluň gurluşygyna bary-ýogy 7 ýyl mundan ozal badalga berlendigini ýatlatdylar. 

Nowosti-Kazahstan habarlar agentligi, hususan-da, 2007-nji ýylda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluny gurmak hakyndaky Hökümetara ylalaşygyna gol çekilendigini belledi. Bu ylalaşyga üç döwletiň baştutanlary gol çekdiler. 

Öz nobatynda, IA REGNUM demir ýoluň türkmen böleginiň gurluşygynyň tamamlanmagy we onuň eýran bölegi bilen sepleşdirilmegi täze ulag geçelgesiniň doly möçberde işe girizilmegini alamatlandyrdy diýip belledi. Habarda Gazagystan böleginiň (120 kilometr) 2013-nji ýylda Gyzylgaýa-Bereket türkmen bölegi bilen sepleşdirilendigi nygtalýar. 

Azerbaýjanyň “Trend” habarlar agentligi bilelikdäki iri taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň maliýe meselelerine degip geçip, taslamanyň Aziýanyň ösüş bankynyň (AÖB) we Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýardam bermeginde durmuşa geçirilendigini habar berdi. 

Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpüsi taslamanyň sebit üçin giň möçberlidigini aýdyp, täze desganyň tehniki häsiýetnamalaryna aýratyn üns berdiler. Gazagystanyň sährasyndan Garagumuň üsti bilen Eýranyň demirgazygyndaky Gülüstan welaýatyna çenli polat ýoluň umumy uzynlygy 900 kilometrden gowrakdyr. 

Internet ählumumy ulgamynda ýaýradylan köpsanly habarlarda bellenilişi ýaly, ýoluň iň uzyn bölegi – 825 kilometri Türkmenistanyň çäginden geçýär. Bu ýerde çylşyrymly tebigy we howa şertlerine garamazdan, türkmen demirýolçulary örän gysga wagtyň içinde bu wezipäniň hötdesinden abraý bilen geldiler. Şunda täze ýoly abadanlaşdyrmak boýunça uly işler ýerine ýetirildi. Ýoluň ugrunda inženerçilik desgalarynyň, demir ýol menzilleriniň, depolaryň, beketleriň, beýleki düzümleýin desgalaryň onlarçasy hem-de döwrebap şäherçeler guruldy. 

Hödürlenen synlarda garaşsyz seljerijiler giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilip başlanyndan bäri onuň ähmiýetiniň has-da artandygyny belleýärler, çünki Gazagystanyň we Türkmenistanyň toplan önümçilik kuwwaty ummana çykalgasy bolmadyk iki ýurduň öňünde önümleri ýerlemegiň täze bazarlaryny gözlemek wezipesini goýdy. Soňky ýyllarda bu ýurtlaryň ykdysadyýetleri durnukly ösýär. 

Dünýä metbugaty türkmen Lideriniň sözlerine salgylanyp, demir ýoluň eýran böleginiň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ugurlary boýunça eksportuň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik dörär diýip belleýärler. Başgaça aýdylanda, dünýäniň onlarça ýurdy üçin has oňaýly we ykdysady taýdan amatly ugur durmuşa geçirilýär. Bu ugur bolsa tutuş Hazarýaka sebitiniň ösüşine kuwwatly itergi berer. 

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan sözlerini ýygy-ýygydan getirendiklerini bellemelidiris. Hususan-da, milli Liderimiz Ýer ýüzüniň ýurtlarynyň halkara bazarlaryna päsgelçiliksiz we gysga ýol bilen çykmagy, harytlaryň ygtybarly hem-de durnukly iberilmegi, hyzmatlaryň edilmegi häzirki döwürde dünýädäki umumy ýagdaýa özüniň barha uly täsirini ýetirýär diýip belledi. Sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň häsiýetini hem-de ugruny, döwletleriň dünýä ösüşine gatnaşmagynyň derejesini kesgitleýär. 

“Gürrüň geljekde Baltika we Demirgazyk Ýewropa ýurtlaryna çykmak arkaly, Gara deňziniň sebiti hem-de Zakawkazýe bilen birlikde Merkezi Aziýany, Hazar deňziniň sebitindäki döwletleri birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň binýadyny tutmak barada barýar. Bu taslama geljekde demir ýoly günorta we gündogar ugurlardaky ulag üpjünçilik ulgamlaryna birleşdirmegi hem göz öňünde tutýar. Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary ýaly, kuwwatly ykdysady merkezlere çykmaga mümkinçilik berýär. Hyzmatdaşlyk etmegiň täze, has giň gerimli görnüşini döretmegi aňladýar. Bu bolsa ählumumy geoykdysady ulgamda düýbünden täzeçe pikiriň, giň möçberli geoykdysadyýeti ösdürmegiň strategiki geljegi baradaky garaýyşlaryň ýadyň mysalydyr” --hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sözleri habarlaryň ählisiniň diýen ýaly içinden eriş-argaç bolup geçdi. 

“Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly diňe bir ykdysady we täjirçilik taýdan esaslandyrylan taslama bolmak bilen çäklenmeýär. Bu halkara demir ýolunyň sebitdäki we onuň çäklerinden daşardaky umumy ýagdaýy örän oňyn täsir etmäge ukyply düýpli geosyýasy mümkinçiligi hem döretjekdigine ynanýaryn. Bu täze ýol Aziýada durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmäge ýardam eder, kontinentde syýasy gatnaşyklaryň tutuş ulgamyna goşmaça durnukly häsiýet berer diýip pikir edýärin” diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy we bu taslamanyň Birleşen Milletler Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara we sebit guramalarynyň derejesinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam etjekdigini nygtady. 

Bellenilişi ýaly, ägirt uly bu taslamany amala aşyrmagyň maksatlary Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň uzak möhlete gönükdirilen strategiýasyna doly laýyk gelýär. Biziň sebitimiz Ýewraziýanyň günorta guşaklarynda strategiki taýdan durnukly ösüşi üpjün etmekde berk ulgam, geljegi uly ykdysady hyzmatdaş, kontinentde möhüm ähmiýeti bolan iri ulag-üstaşyr çatrygy hökmünde öňe çykýar. 

Şunuň bilen baglylykda, habarlaryň käbirinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 65-nji we 66-njy mejlislerinde, GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň, ŞHG-nyň duşuşyklarynda we beýleki ýokary derejedäki forumlarda öňe süren halkara başlangyçlarynyň köpüsiniň özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendigi nygtalýar. Şol başlangyçlaryň hatarynda BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek baradaky Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakyndaky teklip bar. Onda Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasynda üstaşyr-ulag mümkinçiliklerini öwrenmek göz öňünde tutulýar. 

Dünýä metbugatynyň, ilkinji nobatda, “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýolunyň gurluşygy bilen baglanyşykly taslama gatnaşýan ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarlaryna salgylanandygy kanunalaýyk ýagdaýdyr. 

“Biziň şu gün açýan ýolumyz diňe bir biziň üç ýurdumyzy baglaşdyrmak bilen çäklenmeýär. Onuň ulanmaga berilmegi Russiýa, Türkiýe, Günbatar Ýewropanyň we Ortaýer deňziniň ýurtlary üçin Pars we Oman aýlaglaryna, Hytaýa hem-de Gündogaryň beýleki ýurtlaryna çykmagyny aňsatlaşdyrar. Geljekde bu ugurda täze ädimleriň ädiljekdigine ynanýaryn” diýip, eýranly žurnalistler Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň sözlerini getirdiler. 

Eýranyň IRINN teleýaýlymy onuň çykyşyna salgylanyp, täze demir ýoluň goňşy ýurtlaryň ulag - üstaşyr kuwwatyndan has doly peýdalanmaga mümkinçilik berjekdigini we sebitde energiýa serişdeleriniň iberilmegini ep-esli ýeňilleşdiriljekdigini habar berdi. 

BNews.kz web-saýty, öz nobatynda, Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň geçen ýyl “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” halkara demir ýolunyň gazak-türkmen böleginiň ulanmaga berilmegi bilen baglylykda, uly ykdysady netije gazanylandygyny belländigine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, onuň işe girizilmegi bilen, eýýäm şu ýyl, 8 aýyň netijeleri boýunça ýük daşalyşynyň möçberi 40 göterime golaý artdy. 

“Uzen-Bereket-Gürgen” demir ýoly biziň döwletlerimiziň demirgazyk, şeýle hem günorta ugurlar boýunça ýük daşalyşynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Biz Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky üstaşyr köpri hökmünde ýurtlarymyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşmeginden has netijeli peýdalanmak barada ylalaşdyk” diýip, Gazagystanyň Lideri aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň TASS agentligi täze demir ýoluň ýylda 10 million tonna ýüki daşamaga mümkinçilik berjekdigini, 2020-nji ýyla çenli bolsa bu ugur boýunça daşaljak ýükleriň möçberleriniň has-da artyp, 15 million tonna ýetjekdigini habar berdi. 

“Amerika sesiniň” habarçylary geljekde ýolagçy otlularynyň hem hereketiniň açylyp bilinjekdigini bellediler. 

Halkara bilermenleri, umuman, bu taslama ýokary baha berip, göni ykdysady peýdadan başga-da, onuň aýratyn ugra gönükdirilendigini, däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň täsirli guraly bolup hyzmat etjekdigini nygtadylar. 

Mir24.tv saýtynda ýerleşdirilen habarda açylan demir ýol tutuş sebite rowaçlyk getirer, şeýle hem täze demir ýoluň geçen ugrundaky üç döwletiň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrar diýlip bellenilýär. 

Belli sebäplere görä, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy hem daşary ýurt metbugatynyň ünsüni özüne çekdi. Şol duşuşygyň barşynda goňşy ýurtlaryň täze taryhy eýýamda halklaryň köpasyrlyk dostlugynyň we doganlygynyň kuwwatly binýadynda guralýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge ygrarlydygy tassyklanyldy. Bu halklary doganlyk gatnaşyklary, taryhy we ruhy-medeni taýdan umumylyk baglanyşdyrýar. 

TURKMENISTAN.RU elektron gazet söhbetdeşler üç ýurduň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny habar berdi. 

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň çäklerinde taraplar ulag-logistiki kuwwatdan netijeli peýdalanmak, şol sanda awtomobil, demir ýollary, logistiki merkezleri gurmak babatdaky täze başlangyçlary we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Üç goňşy döwletiň baştutanlarynyň gepleşikleriniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde iri halkara logistiki merkezi döretmek baradaky başlangyjy öňe sürendigi nygtaldy. Bu başlangyjy durmuşa geçirmek üçin işiň üçtaraplaýyn görnüşini döretmek, geljekde bolsa goňşy sebitleriň döwletleriniň birnäçesini goşmagyň hasabyna ony hem giňeltmek teklip edildi. Munuň özi transkontinental demir ýoluň netijeli işlemegine hem-de has giň geoykdysady giňişlikde halkara ulag-kommunikasiýa aragatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine mümkinçilik berer. Türkmen Lideriniň bu başlangyjy Gazagystanyň we Eýranyň Prezidentleri tarapyndan goldanyldy. Mundan başga-da, serhetýaka hyzmatdaşlygynyň, erkin ykdysady zolaklary döretmegiň we maýa goýum babatda gatnaşyklaryň meselelerine garaldy. 

Şeýlelikde, işjeň ýagdaýda geçen gepleşikler goňşy ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň arasyndaky özara düşünişmek we birek-birege ynanyşmak derejesiniň has-da ýokarlanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Dostlukly ýurtlaryň ýolbaşçylary dürli ulgamlardaky, şol sanda ulag düzümini ösdürmek boýunça täze bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň ýollaryny işjeň gözlemegi dowam edýärler. 

Bu taslamanyň başyny başlandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezidentler Nursultan Nazarbaýew we Hasan Ruhani özleriniň ýolbaşçylyk edýän ýurtlarynyň beýleki bilelikdäki möhüm taslamalary hem durmuşa geçirmäge mundan beýläk-de işjeň ýardam bermäge meýillidigini tassyklap, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky demir ýol gatnawynyň giň Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine we sebitara haryt dolanyşygynyň yzygiderli artdyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. 

Şu waka mynasybetli daşary ýurt metbugatynyň Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen makalalara we maglumatlara salgylanyp, özleriniň hödürlän köpsanly synlarynda okyjylar üçin gyzykly maglumatlary getirendigini bellemelidiris. Mysal üçin, soňky on ýylda Türkmenistanyň demir ýollarynyň uzynlygynyň bir ýarym esse artandygy we 3670 kilometre barabar bolandygy bellenildi. Ýurdumyzda ähmiýetli taslamalaryň birnäçesi üstünlikli durmuşa geçirildi. Olaryň hatarynda Eýranyň, Türkiýäniň, Ýakyn we Uzak Gündogaryň ulag ulgamyna iň gysga çykalgany açýan Tejen-Sarahs (Türkmenistan)-Maşat (Eýran) demir ýolunyň, Aşgabat-Garagum-Daşoguz polat ýolunyň, Amyderýanyň üstünden çekilen Atamyrat-Kerkiçi demir ýolunyň gurluşygynyň taslamalary we beýlekiler bar. 

Dünýä metbugaty halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we ýurdumyzyň ulag toplumyny ösdürmek maksady bilen türkmen döwletiniň yzygiderli ädimleri ädýändigine oňyn baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze iri taslamalaryň başyny başlandygyny we häzirki wagtda olaryň üstünde işjeň işleýändigini belledi. Şol taslamalaryň hatarynda Merkezi Aziýany we Ýakyn Gündogar döwletlerini baglanyşdyrjak Özbegistan-Türkmenistan-Eýran–Oman halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek, Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasynda halkara ulag gatnawlarynyň möhüm bölegine öwrüljek Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoluny gurmak, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň milli ykdysadyýetleriniň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň umumy ulgamyna mundan beýläk-de üstünlikli goşulyşmagy üçin ajaýyp mümkinçilikleri açjak Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa ulag geçelgesini döretmek baradaky taslamalar bar.
 
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2575

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder