5 Aralık 2014 Cuma

Awaza şypahana gurluşygy.

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny işleriniň barşy bilen tanyşdy. Täze desgalaryň gurluşygy, şol sanda deňizýaka şäheriniň şypahana etrabyny toplumlaýyn abadanlaşdyrmagyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň çägini gözden geçirdi. Bu şypahana zolagynda edara binalaryndan başga-da orta mekdebiň, çagalar bagynyň, saglyk öýüniň binalaryny, ýaşaýyş-durmuş maksatly we syýahatçylyk düzüminiň hem-de wekilçilik derejeli beýleki desgalary gurmak göz öňünde tutulýar.

Uçuşyň öň ýanynda dikuçar meýdançasynda wise-premýerler, Türkmenbaşy şäheriniň we Awaza etrabynyň häkimleri, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýolbaşçysy bilen bolan gürrüňdeşlikde döwlet Baştutanymyz deňizýaka künjeginiň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek arkaly we mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň halkara derejeli üstaşyr ulag geçelgesine, halkara forumlarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigini belläp, bu şäheriň ýurdumyzyň işewürlik we medeni durmuşynda barha artýan ähmieti, onuň aýratyn ykdysady, syýahatçylyk derejesi täze iri möçberli wezipeleri öňde goýýar, olaryň netijeli çözgüdini tapmak bolsa köp babatda pudaklaýyn özgertmeleriň we umumymilli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine şert döreder diýip belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz deňizýaka şäherinde ilatyň häzirkizaman durmuş derejesini üpjün etmek maksady bilen ýokary dünýä ülňülerine laýyklykda toplumlaýyn işleriň geçirilmeginiň zerurdygyna häkimiň ünsüni çekdi.

Milli Liderimiz şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň amatly dynç alşyny, saglygynyň bejerilişini guramagyň öňdebaryjy dünýä tejribesini hasaba almak bilen yzygiderli esasda ýola goýulmagyny jogapkär adamlardan talap etdi. Mundan başga-da döwlet Baştutanymyz şypahana künjekleriniň çäklerini giňeltmek, olary abadanlaşdyrmak we ekologiýa taýdan arassalygyny saklamak, şol sanda gök zolaklara ideg etmek, bag-seýilgäh toplumlaryny döretmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýolbaşçysyna bu ugurda ýerli dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalarynyň bölümleri bilen ylalaşykly işleri alyp barmak barada tabşyryk berdi. Hazaryň kenar ýakasynyň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak baradaky alada – biziň umumy işimizdir diýip, aýtmak bilen döwlet Baştutanymyz bu işe ygtyýarly hünärmenleri hem-de welaýatyň giň köpçüligini çekmegiň, olaryň ekologiýa medeniýetini we aň-düşünjesini kemala getirmegiň möhümdigini nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýerler Ş.Durdylyýew, S.Satlykow we B.Hojamuhammedow bilen bilelikde dikuçardan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny synlap, bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işlerine we gök zolaklaryň döredilişine aýratyn üns berdi.

Hazaryň kenarynda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli işleri synlap, milli Liderimiz şypahana etrabynyň künjekleriniň degişli zolaklara bölüp, ýaşaýyş giňişliginiň daşky tebigy gurşaw bilen sazlaşykly utgaşmagyny guramak, türkmen topragynyň bu täsin künjeginiň dikeldiş mümkinçiliklerini toplumlaýyn özleşdirmek boýunça tbaşyryklary berdi.

Bu ýerde dynç alýanlar we saglyklaryny berkidýän adamlar üçin aňrybaş şertleriň döredilmelidigini belläp, milli Liderimiz bu ýerleriň bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz bu ýerde ähli amatlyklary özünde jemleýän kottej jaýlaryň gurluşygyny giňeltmek, şypahananyň halkara derejesine laýyklykda jemagat hojalygynyň işini hem hasaba almak bilen ähli hyzmat ulgamlaryny ösdürmek, inžener-aragatnaşyk ulgamlarynyň we beýlekileriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek babatda tabşyryk berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şypahana zolagynyň ähli desgalarynyň netijeli ulanylmagyna berk gözegçilik etmek barada görkezme berdi. Arassaçylyk, berk düzgün-tertip, göwnejaý ideg edilen estetiki görnüş, hyzmatlaryň ýokary derejesi ýaş türkmen şypahanasynyň aýratyn tarapy bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biz Awazanyň ösdürilmegi bilen uly meýilnamalary göz öňünde tutýarys. Onuň geljekki mümkinçilikleri bu ägirt uly milli taslama dahylly ähli düzümleri häzirki wagtda öňde duran we geljekki wezipelere çynlakaý hem-de jogapkärli çemeleşmäge borçly edýär diýip, dikuçarda uçuşyny tamamlamak bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2569 

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder