Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatynyň barşynda wise-premýerler özleriniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Şeýle hem olar Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk işleriniň ýaýbaňlandyrylandygyny, halkymyzyň azyk harytlaryna, täze ýyl arçalaryna, bezeg serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen maksatnamalaýyn çäreleriň ýaýbaňlandyrylandygyny habar berdiler.
Hormatly Pezidentimiz hasabatlary diňläp, dekabr aýynyň halkymyz we ýurdumyz üçin uly ähmiýeti bolan baýramçylyklaryň giňden bellenilýän aýydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Bitaraplyk we Täze ýyl baýramçylyklaryna taýýarlyk görmäge çynlakaý çemeleşilmeginiň zerurdygyny nygtady. Baýramçylyk günlerinde paýtagtymyzda we welaýatlarda ilatyň ösen isleglerini içgin öwrenip, içerki bazarlary azyk önümleriniň zerur bolan ähli görnüşleri hem-de hojalyk harytlary bilen üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda dükanlarynda halka hödürlenýän azyk önümleriniň, beýleki harytlaryň hem-de sowgatlyk önümleriň ýokary hilli bolmagynyň döwrüň baş talabydygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz olaryň bazarlarda we söwda nokatlarynda bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen ähli zerur çäreleriniň görülmelidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz söwda hem-de hyzmatlar ulgamynda alnyp barylýan işleriň medeniýetiniň halkara derejelerine laýyk gelmegi babatda degişli düzümleriň ýörite çäreleriň işläp taýýarlamalydygyny tabşyrdy.
Mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alşa çykýan pursatlary üçin ýörite medeni maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz dynç alyş günlerinde okuwçylaryň wagtlaryny şadyýan hem-de peýdaly geçirmekleri üçin degişli mümkinçilikleriň döredilmelidigini aýratyn belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda we sebitlerde oturdylýan täze ýyl arçalarynyň bezeg aýratynlyklaryna, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna hemmetaraplaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini nygtady. Baýramçylyk dabaralarynyň ulular we çagalar üçinem örän täsirli guralmagy hökmandyr diýip bellemek bilen, milli Liderimiz baýramçylyk günlerinde guralýan medeni çäreleriň ýatda galyjy wakalara, çykyşlara beslenmelidigini tabşyrdy.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2581
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder