"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme
mejlisini geçirdi, onda şu ýylyň on bir aýynda milli ykdysadyýetimiziň
ösüşiniň netijeleri jemlenildi, käbir resminamalaryň taslamalaryna we
döwlet durmuşynyň beýleki ugurlaryna degişli meselelere garaldy.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirmek üçin “Serdar” myhmanhanasyna geldi.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň ýolbaşçysy, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň
ýolbaşçylary, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň gün
tertibine goşulan meselelere garamaga geçip, şu ýylyň 11 aýynda milli
ykdysadyýeti ösldürmegiň netijeleri barada hasabat berimek üçin
Ministrler Kabinnetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi.
Wise-premýer "Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynyň" çäklerinde
pudaklarda döwrebap halkara tejribesiniň we täze tehnologiýalaryň
ornaşdyrylmagyna, halkara we sebit derejeli ulag düzüminiň
döredilmegine, türkmen döwletiniň halkara derejesindäki at-abraýynyň
has-da artdyrylmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň
ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli işleriň amala
aşyrylýandygyny aýtdy. Degerli çäreleriň görülmegi netijesinde halk
hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary önümçilik görkezijileri
gazanylýar.
2014-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlaryndaky makroykdysady görkezijiler,
hususan-da, jemi öndürilen önümiň 110,3 göterime barabar bolan durnukly
we sazlaşykly ösüşi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Geçen ýylyň
degişli döwrüne garanyňda, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 113,5
göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe bölek söwdanyň hem ösýändigi görünýär. 2013-nji
ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdireniňde, bu görkeziji 17,3
göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda,daşary söwda
dolanyşygynyň mjçberi 104,6 göterime deň boldy.
2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, garalýan döwürde
maliýeleşdirmegiň ähli çemeleriniň hasabyna maýa goýumlarynyň
özleşdirilen möçberi 108,2 göterime ýetdi. Şu görkezijiniň jemi içerki
önüme gatnaşygy 44,6 göterime barabar derejede üpjün edildi.
11 aýyň netijeleri boýunça "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň,
şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň
durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür
üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde durmuş-medeni maksatly binalaryň
we desgalaryň 177-si guruldy, munuň özi geçen ýylyň degişli döwrüne
garanyňda 42 birlik köpdür. Bulardan başga-da, şol maksatnamanyň
çäklerinde 297 sany binanyň, 957,2 müň inedördül metrlik ýaşaýyş
jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we desgalaryň gurluşygy alnyp
barylýar. 2013-nji ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdireniňde, bu
görkeziji 17,8 göterim artdy.
Ýanwar-noýabr aýlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
makroykdysady görkezijilerine laýyklykda, möhüm ähmiýetli maliýe
resminamasy – Döwlet býujeti üstünlikli berjaý edildi. Onuň girdeji
bölegi 120,4 göterim, çykdajy bölegi 96,9 göterim derejesinde ýerine
ýetirildi. Döwlet býujetine degişli serişdeleriň agramly möçberleri –
80,9 göterimi durmuş ulgamynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirildi. Zähmet
haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary bellenilen
möhletinde dolulygyna tölenildi. 2013-nji ýylyň degişli döwrüne
garanyňda 11 aýda ortaça zähmet haky 10,3 göterim ýokarlandy. Ilatyň
sarp edýän harytlary, şeýle hem edilýän hyzmatlar boýunça nyrhlar
bellenilen çäklerde saklandy.
Wise-premýer şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda
ykdysady, maliýe we bank toplumyna degişli edaralaryň buýurmasy boýunça
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan “Hazar” myhmanhanasynyň we
“Tolkun” ýaht-klubunyň gurluşygynyň depginleri barada habar berdi.
Hasabat bermegiň barşynda slaýdlar görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
umuman alanyňda, ýokary makroykdysady görkezijileriň milli ykdysadyýetiň
yzygiderli ösýändigine şaýatlyk edýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda bellenilen
wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, mundan beýläk-de iş
ýüzünde degerli çäreleriň amala aşyrylmalydygyny aýdyp, ähli
meýilnamalardaky tabşyryklaryň bellenilen möhletlerde ýerine
ýetirilmegine, ykdysady taýdan ýokary ösüş depginleriniň saklanmagyna
berk gözegçiligiň üpjün edilmeginiň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni
çekdi. Milli Liderimiz maliýe düzümleriniň we bank edaralarynyň işini
kämilleşdirmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagynyň dowam
etdirilmeginiň möhümdigini belläp, bu barada birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň
kenar ýakasynda örän oňaýly şypahana zolagyny döretmek boýunça
geçirilýän işleriň möhüm ähmiýetlidigini belläp, binalar we desgalar
gurlan mahalynda, adamlaryň göwnejaý we medeniýetli dynç almagy üçin
ähli zerur zatlaryň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz
binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletlere görä alnyp
barylmagynyň möhümdigi barada aýdyp, gurluşyk işleriniň oňat hilli
bolmagynyň üýtgewsiz şert bolmagynda galýandygyny belläp, bu barada anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň
direktory B.Alymowa söz berildi. Ol öz garamagyndaky toplumyň işi barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetiň
esasy pudagy bolup durýan ýangyç-energetika toplumynyň döwlet
syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýandygyny belläp,
önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirmegiň, ykdysady görkezijileriň
yzygiderli ösdürilmeginiň we öndürilýän önümiň düşewüntliliginiň
artdyrylmagynyň üpjün edilmeginiň möhümdigine wise-premýer A.Goçyýewiň
we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň
ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işiniň guralyşy babatda nägilelik
bildirip, bu toplumyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý
edilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri
R.Meredow ýurdumyzyň 2013-2017-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň
konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda Daşary işler ministrligi
tarapyndan şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada
hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistan giň halkara
hyzmatdaşlyk strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär, dünýäniň köp
ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary, şeýle hem abraýly sebit we halkara
guramalary hem-de düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy 9-njy dekabrda
Aşgabat şäherinde Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty bilen bilelikde
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen
"Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi
hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň
hyzmaty" hakynda Rezolýusiýanyň çäklerinde ýokary derejeli maslahaty we
10-11-nji dekabrda şol rezolýusiýany bilelikde döredijiler hökmünde
çykyş eden döwletleriň hem-de halkara guramalarynyň bilermenleriniň
duşuşygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli
goňşuçylyk we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna, dünýä
jemgyýetçiligini tolgundyrýan wajyp meseleleriň sazlaşykly çözgüdini
işläp taýýarlamakda işjeň orun eýelemek ýörelgesine ygrarlydygyny
nygtady. Bu hyzmatdaşlyk bolsa ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň we
ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary
syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda Daşary işler ministrligiň
we diplomatik korpusyň öňünde goýlan esasy wezipelere ünsi çekdi. Milli
Liderimiz ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça işleriň dowam
etdirilmeginiň wajypdygyny belläp, wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna bu
babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalyp
geçilen halkara ähmiýetli çärelere taýýarlyk görmek meselesi barada
durup geçip, Türkmenistanyň energetika ulgamynda özara bähbitli
hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde
energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny iş
ýüzünde durmuşa geçirmek babatda bu çäreleriň ähmiýetini nygtady.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Rezolýusiýanyň kabul
edilmegi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda bu başlangyçlaryň
wajypdygyna şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistan özüniň
ägirt uly serişdeler kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatynda goýup, bu
ugurda anyk ädimleri ädýär, bu ulgamda ýangyç-energetika toplumyny
toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we energiýa serişdelerini dünýä
bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgelerine
esaslanýan syýasaty durmuşa geçirýär diýip belledi. Ýurdumyz gyzyklanma
bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli
gatnaşyklary ösdürip, bu strategiki ulgamda halkara hyzmatdaşylygyny
ösdürmäge saldamly goşant goşýar, şol sanda iri forumlary geçirmek
baradaky teklipler bilen çykyş edýär. Şeýle giň möçberli forumlar
Aşgabatda yzygiderli geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz öňümizdäki maslahatyň we bilermenleriň
duşuşygynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek
babatda görkezme berdi. Bu çäreler energetika hyzmatdaşlygynyň wajyp
meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we olar boýunça pikir alyşmak üçin
açyk meýdança öwrülmelidir.
Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi, ol milli
parlament tarapyndan şu ýylyň 11 aýynda geçirilen işler barada habar
berdi.
Degişli döwürde milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de
hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
gowulandyrmaga, bilim we medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmäge,
raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen kanunçylyk
taslamalarynyň tutuş toplumy işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.
Parlamentde döredilen işçi toparlary häzirki wagtda bu işleri dowam
etdirmek bilen, hususan-da, kepillendiriş işleri, konsullyk gullugy,
migrasiýa we beýleki ugurlara degişli kanunçylyk taslamalaryny
taýýarlaýarlar.
Kanun döredijilik ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek
barada aýtmak bilen, milli parlamentiň ýolbaşçysy parlamentara
gatnaşyklarynyň, halkara guramalary bilen, ozaly bilen bolsa, BMG-niň
Türkmenistandaky wekilhanalary bilen bilelikde işlemegiň oňat netije
berýändigini nygtady.
Mejlisiň Başlygy şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy
boýunça ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişini kämilleşdirmek maksady
bilen alnyp barylýan tapgyrlaýyn işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp,
milli parlamentiň ýolbaşçysynyň ünsüni mundan beýläk hem häzirki döwürde
döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem umumy ykrar edilen
halkara-hukuk kadalaryny berk hasaba almak bilen, kanun çykaryjylyk
işini alyp barmagyň zerurdygyna çekdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, kanun çykaryjylyk işi Mejlisiň
deputatlarynyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik
guramalary we ilat bilen hemişe aragatnaşykda bolmagyny talap edýär,
sebäbi ähli kanunlar ozaly bilen adamlaryň bähbidine, ýurdumyzyň
raýatlarynyň durmuş derejesini gowulandyrmak, olaryň parahatçylykly we
döredijilikli zähmeti üçin oňyn şertleri döretmäge hyzmat etmelidir.
Milli Liderimiz mejlisi dowam edip, döwlet gullukçylaryny
taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, döwlet
dolandyryşynyň milli ylmy we usulyýet binýadyny pugtalandyrmak işinde
möhüm orny eýeleýän Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet
gullugy akademiýasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek baradaky
gürrüňe degip geçdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe we welaýat häkimlerine
ýüzlenip, ýerlerde Akademiýa okuwa iberilýän diňleýjileri saýlap almaga
jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň
Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş
dolandyryjysy Ş.Durdylyýew öz gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň 11
aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat berlişi ýaly, degişli döwürde Aşgabat şäher häkimligi
boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny
özleşdirmegiň ýyllyk meýilnamasy 103,3 göretim ýerine ýetirildi. Geçen
on bir aýyň dowamynda paýtagtymyzda 53 desga guruldy, ýylyň ahyryna
çenli bolsa ýene-de 12 desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna
laýyklykda, dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 213-si bina edilýär.
Olaryň 150-si paýtagtymyzyň häkimliginiň buýurmalary boýunça gurulýar.
Wise-premýer hasabatyň çäklerinde, milli Liderimiziň tabşyrygy
boýunça ilatyň häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryna isleglerini
kanagatlandyrmak maksady bilen Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda täze dokuz
gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň taslamalary
taýýarlanyldy. Bu ýerde 1520 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň
60-syny, 4 sany orta mekdebi, 8 çagalar bagyny we saglyk öýüni gurmak
meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
Aşgabat şäheriniň gurluşyk meýdançalarynda işleriň ýagdaýyny, bina
edilýän desgalaryň hil derejesini we olaryň öz möhletinde ulanylmaga
berilmegini, tutuşlygyna bu ýerde ýaýbaňlandyrylan işleri berk
gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi. Paýtagtymyzda giňden
ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy maksadynyň
aşgabatlylar üçin ýokary amatlykly durmuş şertlerini döretmek bolup
durýandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ähli degişli düzümleriň
jebis we netijeli işini guramagyň, şeýle hem gurluşyk we şäheri
abadanlaşdyrmak ulgamynda öňdebaryjy tejribäniň we innowasiýa
tehnologiýalarynyň işjeň peýdalanylmagynyň möhümdigine üns çekdi.
Milli Liderimiz adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri
tutulýan esasy ugry bolup durýandygyny bellemek bilen, degişli Karara
gol çekdi, resminama laýyklykda, Aşgabatda durmuş maksatly desgalaryň
täze iri toplumy bina ediler, şunuň bilen bagyllykda hormatly
Prezidentimiz wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklar, şol sanda
paýtagtymyzyň düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek
boýunça tabşyryklar berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow
gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň
netijeleri barada hasabat berdi. Şeýlelikde, hasabat döwründe Oba
hojalyk toplumyna degişli ministrliklerde we pudak edaralarda
önümçiligiň umumy möçberiniň ösüş depgini 103,9 göterime barabar boldy.
Şunda bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 103,2 göterime,
Suw hojalyk ministrligi boýunça 102,3 göterime, Tebigaty goranmak
ministrligi boýunça 103 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet
birleşigi boýunça 110,2 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi
boýunça 102,1 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 105,3
göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 107,1 göterime,
“Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 101,6 göterime, “Türkmen atlary”
döwlet birleşigi boýunça 104 göterime barabar boldy.
Wise-premýer obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler bilen
baglylykda, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hem hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda meýdanlarda galan
pagta hasylyny ýygnamak işi tamamlanýar. Şunuň bilen birlikde, güýzlük
bugdaý meýdanlarynda ekinlere suw tutmak, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek we haşal otlaryň garşysyna serişdeleri ulanmak işleri
geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Ýurdumyzda öndürilen bugdaý ununy
daşarky bazarlara ýerlemek hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlenildi. Şu
resminama laýyklykda, ýurdumyzda öndürilen birinji hilli bugdaý ununyň
200 müň tonna golaýyny Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň
üsti bilen daşarky bazarlara ýerlemek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygyny özgertmek,
gallanyň, pagtanyň we beýleki strategiki önümleriň öndürilişini
artdyrmak babatdaky döwlet maksatnamalary ýerine ýetirmäge toplumlaýyn
çemeleşmegiň we tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň dürli
pudaklaryna döwrebap tehnologiýalaryny hem-de iň soňky ylmy
gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň tabşyrdy.
Milli Liderimiz güýzlük bugdaýa ideg etmekde arotehniki çäreleriň
ählisiniň takyk berjaý edilmeginiň wajypdygyny nygtady. Munuň özi geljek
ýyl ak bugdaýyň bol hasylyny almagyň möhüm şerti bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow indi birnäçe ýyldan
bäri Türkmenistanyň ekerançylarymyz tarapyndan öndürilen azyklyk
bugdaýyň we ondan taýýarlanan unuň içerki sarp edijilerimizden artan
möçberini daşary ýurtlarda ýerlemek mümkinçiligine eýedigini aýratyn
belledi. Munuň özi içerki sarp edijiler bazaryny özümizde öndürilen
galla bilen üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülendiginiň
aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz “Ýurdumyzda öndürilen bugdaý ununy daşarky
bazarlara ýerlemek hakyndaky” kararyň taslamasyny, umuman, makullap we
oňa gol çekip, wise-premýere bu resminamanyň ýerine ýetirilmegi babatda
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Öz gezeginde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Hojamuhammedow “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy
ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy barada
hasabat berdi.
Hususan-da, şu ýylyň 11 aýynda nebitiň we gaz kondensatynyň
çykarylyşynyň ösüş depgini 102,8 göterime, tebigy we ugurdaş gazyňky –
110,8 göterime, “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlara eksport edilýän
möçberleriniň ösüş depgini 110,6 göterime barabar bolandygy bellenildi.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde nebitiň gaýtadan işlenýän
we nebit önümleriniň, şol sanda awtomobil benzininiň, dizel ýangyjynyň,
polipropileniň, çalgy ýaglarynyň, suwuklandyrylan gazyň öndürilen
möçberleri artdy.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamygyna ýurdumyzyň nebitgaz
toplumynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw
merkeziniň we onuň ýerleşjek ýeriniň taslamalaryny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
ýangyç-energetika toplumynda ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň
çykarylýan möçberleriniň mundan beýläk-de artdyrylmagynyň, dünýä
bazarlarynda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň dürli görnüşleriniň
öndürilmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilen iri maýa goýumly
taslamalaryň amala aşyrylmagynyň barşyna yzygilderli gözegçilik etmegi
tabşyrdy.
Milli Liderimiz Türkmenistanda bar bolan baý tebigy serişdelerden
netijeli peýdalanmagyň türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň
üpjün edilmegine gönükdirilip, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli
durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm
ähmiýetli şerti bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dünýäde belli köp sanly halkara
kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly
ýangyç-energetika toplumynyň esasy gaznalarynyň tapgyrlaýyn
täzelenmegini amala aşyrýandygyny, ýangyç serişdeleriniň täze
ýataklaryny özleşdirýändigini, hereket edýän önümçilikleri
döwrebaplaşdyryp, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça has täze
ylmy-tehniki gazanylanlara esaslanýan döwrebap toplumlary gurýandygyny
belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow nebit gaz senagatyny hünärine ökde işgärler bilen üpjün
etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda nebitgaz
toplumynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça täze
okuw merkezini gurmagyň taslamasyny oňlap, wise-premýere şol merkeziň
döwrebap enjamlar we usuly okuw gollanmalary bilen üpjün edilmegine
degişli birnäçe tabşaryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bu merkeziň
binasynyň türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbine sazlaşykly
goşulyşmalydygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Ýazmuhammedowa şu ýylyň 11 aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynyň işiniň
netijeleri, şeýle hem Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň
medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurtda geçiriljek
medeni çäreleriň maksatnamasy hakynda hasabat berdi.
Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryna degişli edaralaryň işi
barada hasabat bermek bilen, geçen 11 aýda ýurdumyzda we daşary
döwletlerde halkara derejeli uly çäreleriň birnäçesiniň geçirilendigini
aýtdy. Şolardan Eýranyň, Ermenistanyň, Türkiýäniň we ABŞ-niň biziň
ýurdumyzda geçirilen Medeniýet günlerini, şeýle hem Türkmenistanyň
Gazagystanda, Belarusda, Täjigistanda, Hytaýda we Russiýa
Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirilen Medeniýet
günlerini, daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat işgärleriniň
gatnaşmagyndaky beýleki çäreleri, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin
habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň dünýäniň
dürli ýurtlaryna iş saparlaryny görkezmek bolar. Çäreler tejribe
alyşmaga, ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygynyň
artdyrylmagyna ýardam berýär.
Wise-premýer şu ýylyň başyndan bäri Balkan, Daşoguz we Lebap
welaýatlarynda kitaphahalaryň döwrebap binalarynyň ulanylmaga
berlendigini, ýurdumyzda Medeniýet öýleriniň 17-siniň açylandygyny
aýtdy. Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralar tarapyndan medeni
çäreleriň, şol sanda baýramçylyklar hem-de täze binalaryň we desgalaryň
açylmagy mynasybetli dabaralaryň ençemesi guraldy. Türkmen döwlet
neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 5 million 582 müň 104
sanysy neşir edildi. Gazetleriň we žurnallaryň çykarylýan sany artdy.
Wise-premýer Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa
baradaky döwlet komitetiniň işi barada aýdyp, hasabat döwründe milli
telewideniýäniň gepleşiklerini kämilleşdirmek boýunça işleriň
geçirilendigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ýardam bermegi
bilen, Türkmen döwlet habarlar gullugy Türkmenistanyň Döwlet habarlar
agentligine öwrüldi we onuň işi baradaky Düzgünnamasyna täzeden garaldy.
Wise-premýer Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ)
tarapyndan Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni
paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli medeni çäreleri geçirmek
barada durup geçip, 29-njy noýabrda Mary welaýatynda dolandyryş
merkeziniň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Mary şäherine onuň
täze derejesini görkezýän ýörite nyşanlarynyň gowşurylmagyna bagyşlanan
dabaranyň bolandygyny, 2015-nji ýylyň ýanwar aýynyň ikinji ýarymynda
şuňa bagyşlanan resmi dabarany geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny
aýtdy.
Işlenip taýýarlanan maksatnama laýyklykda, indiki ýylda bu ýerde
türki ýurtlaryň döredijilik toparlarynyň we wekiliýetleriniň
gatnaşmagynda ylmy forumlar, meşhur estrada aýdymçylaryň we bagşylaryň
konsertleri, şekilendiriş we amaly-haşam sungatyna degişli eserleriň,
foto suratlaryň sergileri guralar, sahnalaşdyrylan oýunlar we kinolar
görkeziler, okuw maslahatlary we beýleki çäreler geçiriler. Şeýle hem
welaýatdaky gadymy ýadygärlikler bilen tanyşdyrmak, göz öňünde tutuldy.
Bu Ýyl 2015-nji ýylyň dekabrynda Türki dünýäsiniň halkara guramasynyň
nobatdaky ХХХIII mejlisini, “Mary—2015-nji ýylda türki dünýäniň medeni
paýtagty” diýen dabarany hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy
mynasybetli türki döwletleriň artistleriň konsertini geçirmek bilen
jemlener.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamyny we
köpçülikleýin habar beriş serişdelerini innowasion taýdan mundan
beýläk-de ösdürmegiň, işiň döwrüň ruhuna we tehniki ösüşe laýyk gelýän
täze görnüşleriniň we usullarynyň gözlenip tapylmagynyň, ýurdumyzda
bolup geçýän giň gerimli özgertmeleriň döredijilikli beýan edilmeginiň,
Türkmenistanyň häzirki döwürdäki gazananlarynyň giňden wagyz edilmeginiň
möhümdigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz Mary şäherine 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni
paýtagty diýen derejäniň berilmegi mynasybetli geçiriljek çäreler
barada aýdyp, wise-premýere, degişli ýolbaşçylaryň ählisine göz öňünde
tutulan ähli çäreleriň ýokary derejede guralmagyny tabşyrdy. Döwlet
Baştutanymyz türkmen halkynyň baý taryhy-medengi mirasyna eýedigini,
Gadymy Merwiň ýadygärlikleriniň, bu ýerdäki täsin arheologik açyşlaryň
munuň aýdyň subutnamalary bolup, giňden wagyz edilmäge hem-de ylmy
taýdan mundan beýläk-de çuňňur öwrenmäge mynasypdygyny aýdyp, Mary
şäheriniň türki dünýäsiniň paýtagty hökmündäki derejesiniň bu möhüm
ähmiýetli işiň göwnejaý alnyp barylmagyna ýardam berjekdigine ynam
bildirdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow öz gezeginde häzirki
döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şu ýylyň 11 aýynda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi
çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2015-nji ýylda Marynyň türki
dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegi mynasybetli ýörite
medeni maksatnamany işläp taýýarlamak we ony üstünlikli durmuşa geçirmek
boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik
edýän ulgamlarynda geçen 11 aýda ýerine ýetirilen işleriň jemleri,
garamagyndaky edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak,
pudaklarda alnyp barylýan gurluşyk işleri, bilim we ylym, saglygy
goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň ösüşiniň netijeleri barada
hasabat berdi.
Wise-premýer, hususan-da, Bilim ministrligi boýunça okuw
kitaplarynyň we goldanmalarynyň 297-siniň taýýarlanylandygyny we olaryň
175-siniň neşir edilendigini habar berdi.
Hasabat döwründe türkmen mekdep okuwçylary halkara ders
bäsleşiklerinde jemi 139 medala, şol sanda 23 altyn, 34 kümüş, 82 bürünç
medala, halkara açyk internet bäsleşiklerine gatnaşan talyp ýaşlarymyz
bolsa, jemi 68 medala – 18 altyn we 18 kümüş, 32 bürünç medala mynasyp
boldular.
Wise-premýeriň habar berişi ýaly, onuň gözegçilik edýän pudak
edaralarynyň gatnaşmagynda 5 halkara maslahaty, 4 halkara sergisi şeýle
hem dürli halkara okuw maslahatlary guraldy.
Şeýle hem, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş görkezijileri
getirildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrliginiň buýurmasy boýunça jemi 10 desganyň – 9 sany saglyk öýüniň
we lukmançylyk ammarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýylyň başyndan bäri
ýurdumyzda lukmançylyk edaralarynyň 13-si ulanmaga berildi. Mundan
başga-da, paýtagtymyzda ýene-de iri lukmançylyk desgalarynyň 4-siniň
düýbi tutuldy.
Sport we syýahatçylyk ulgamynda hem maksada okgunly işler alnyp
barylýar. Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti boýunça şu ýylyň 11
aýynda hyzmatlardan alnan girdeýjileriň ösüş depgini 161 göterime,
daşary ýurt pulundaky girdeýjiler 102,1 göterime deň boldy. Hasabat
döwründe 91,7 müňden gowrak syýahatça hyzmat edildi.
Ýurdumyzyň sport boýunça mümkinçilikleri ýokarlanýar, onuň halkara
sport abraýy artýar, muňa ýakynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty
boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň, Aziýa Olimpiýa
Geňeşiniň we Okeaniýanyň Milli olimpiýa komitetleriniň arasynda
Aşgabatda geçiriljek Aziada-2017-ä Okeaniýa ýurtlarynyň 17-siniň
gatnaşmagy baradaky Ähtnama gol çekilmegi hem şaýatlyk edýär.
Geçen aýda biziň ýygyndy toparymyz Phuket (Taýland) şäherinde
geçirilen kenarýaka IV Aziýa oýunlaryna gatnaşyp, jemi 11 medala –
altyn, 3 kümüş we 7 bürünç medala mynasyp boldy. 19-24-nji noýabr
aralygynda Aşgabatda guşakly göreş we milli türkmen göreşi boýunça dünýä
çempionaty geçirildi. 23 ýurtdan türgenleriň gatnaşan bu
bäsleşiklerinde Türkmenistanyň ýygyndy topary uly ýeňiş gazanyp, jemi 45
medala – 16 altyn, 14 kümüş we 15 bürünç medala eýe boldy.
Umumytoparlaýyn hasapda biziň türgenlerimiz ikinji orny eýelän Russiýa
Federasiýasynyň (16 medal) we üçünji orny alan Ukrainanyň (9 medal)
toparlaryndan ep-esli öňe saýlanyp, birinji orny eýelediler.
Tutuşlygyna 2014-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda türkmen
türgenleri 136 halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, jemi 378 medal, şol sanda
126 altyn, 122 kümüş we 130 bürünç medaly aldylar. Bu geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende 113 medal köpdür.
Ýokary hilli bilim, aň-paýhas ösüşi, ýaşlary sagdyn-durmuş ýörelgesi
ruhynda terbiýelemek, olary bedenterbiýe-sport hereketine giňden çekmek
– biziň milletimiziň geljegidir diýip, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow nygtamak bilen bu ugurdaky işleri
işjeňleşdirmek barada görkezmeler berdi.
Milli Liderimiz saglygy goraýyş, bilim we ylym, sport we
syýahatçylyk ýaly ileri tutulýan ugurlarda göz öňünde tutulan çäreler
bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy, öňdebaryjy
özgertmeleriň depginlerini gowşatmazlygy talap etdi. Şunda döwlet
Baştutanymyz milli aýratynlygymyzy hasaba almak bilen, iň gowy daşary
ýurt tejribesini göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi. Gürrüň diňe
bir düzümleri ösdürmek barada gitmeýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti
sözüni dowam etdirdi, eýsem, ýaş işgärleri, ýokary hünärli hünärmenleri
taýýarlamak şeýle hem halkara taslamalaryna gatnaşmak, bu ulgamlaryň
döwrebaplaşdyrylan maddy-enjamlaýyn binýadynyň ähli mümkinçiliklerini
netijeli peýdalanmak barada gidýär.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow
gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň
netijeleri hasabat berip, pudaklaýyn maksatnamalaryň çäklerinde
ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatyny okgunly ösdürmek boýunça görülýän
toplumlaýyn çäreleriň netijesinde içerki we daşarky bazarlarda uly
isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň köp görnüşiniň öndürilişiniň
yzygiderli artdyrylýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça 2014-nji ýylyň
ýanwar-noýabr aýlarynda öndürilen önümleriň meýilnamasy 135,1 göterim
ýerine ýetirilip, ösüş depgini 118 göterime barabar boldy. Hususan-da,
sementiň öndürilişi boýunça 111,8 göterim, magdan däl materiallar
boýunça 123,4 göterim, keramzidiň öndürilişi boýunça 108 göterim we
gurnama demir-beton önümleriň öndürilişi boýunça 111,7 göterim ösüş
depgini gazanyldy.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe
önüm öndürmek boýunça ösüş depgini 111,9 göterime barabar boldy.
Hususan-da, nah ýüplügiň öndürilişi boýunça 111, 9 göterim nah matalaryň
öndürilişi boýunça 118,5 göterim, tikin we trikotaž önümleriň
öndürilişi boýunça 111,7 göterim, şeýle hem ýüpek matalaryň öndürilişi
boýunça 102,5 göterim ösüş depgini gazanyldy. Geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, önümi ýerlemekde 106,8 göterim ösüş depgini üpjün
edildi.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça 2014-nji ýylyň 11 aýynda önüm
öndürmegiň ösüş depgini 109,7 göterime barabar boldy. Şol döwürde
pudagyň kärhanalary tarapyndan 38,8 müň inedördül metr haly önümleri
dokaldy we 101,8 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça hasabat döwrüniň netijeleri
boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 110,8 göterim üpjün edildi, şol
sanda mineral dökünleriň öndürilişi boýunça 135,5 göterim, tehniki ýoduň
öndürilişi boýunça 102,7 göterim we natriý sulfatynyň öndürilişi
boýunça 132,7 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça hasabat
döwründe öndürilen önümleriň ösüş depgini 114,4 göterim üpjün edildi.
Balyk we gaýtadan işlenilip gaplanan balyk önümleri boýunça 103,5
göterim ösüş depgini gazanyldy.
Şeýle hem wise-premýer pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň
pugtalandyrylyşy we balyk awlamak üçin satyn alynýan täze gämileri
dabaraly ýagdaýda kabul etmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada
habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gaýtadan işleýän senagatyň
türkmen ykdysadyýetini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup
durýandygyny nygtady. Milli senagat harytlarynyň eksport edilýän
möçberleriniň artdyrylmagyny hem-de hiliniň ýokarlandyrylmagyny üpjün
edýän döwrebap we ýokary netijeli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan
kärhanalar onuň esasyny düzýär. Milli Liderimiz munuň üçin bar bolan
ägirt uly maddy-çig mal serişdelerinden has netijeli peýdalanmagyň
wajypdygyny aýdyp, önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmak we ýurdumyzy
senagat taýdan ösdürmegiň täze ugurlaryny özleşdirmek üçin
uzakmöhletleýin höweslendiriş çärelerini döretmek bilen baglylykda
hojalygy ýöretmegiň we dolandyryşyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagyň,
senagat ulgamynda dünýäniň makroykdysady ýagdaýyny öwrenmegiň
möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy
komitetiniň ygtyýaryna gelip gowşan täze gämileri netijeli ulanmak,
ýurdumyzda azyk üpjünjiligine mynasyp goşant goşmak işlerine
hemmetaraplaýyn çemeleşmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow
gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda şu ýylyň
ýanwar-noýabr aralygynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem
hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi
barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän
elektrik energiýasynyň güýjenmesini artdyrmak boýunça alnyp barylýan
işler barada hem habar berildi.
Hususan-da, Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat
döwründe jemi öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň
ösüş depgini 120,6 göterime barabar boldy.
Wise-premýer "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň,
etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş
şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli
maksatnamasynyň" durmuşa geçirilişi barada hasabat berip, şu ýylyň
ýanwar-noýabr aýlarynda jemi 177 sany binanyň, şol sanda hassahanalaryň
6-synyň, saglyk öýleriniň 14-siniň, mekdebe çenli ýaşly çagalar
edaralarynyň 57-siniň, orta mekdepleriň 60-synyň, medeniýet öýleriniň
17-siniň, sport mekdepleriniň 16-synyň, dürli sport desgalarynyň 7-siniň
gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berdi.
Energetika ministrligi boýunça 2014-nji ýylyň 11 aýynda öndürilen
önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 109,5
göterime, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 110,3
göterime barabar boldy.
“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe
öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini
120,7 göterime barabar boldy.
Hasabatyň çäklerinde täze döwlet ähmiýetli “Türkmenbaşy-Farap” ,
“Aşgabat-Garagum-Daşoguz” awtomobil ýollaryny tapgyrlaýyn
döwrebaplaşdyrmak we gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar
berildi.
Jemagat hojalygy ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine
ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 122,3 göterime barabar
boldy. Suw geçirijileriň 2169 kilometri çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
döwletimiziň gurluşyk senagatyny täze sepgitlere çykarmak üçin ähli
şertleri döredýändigini, iri pudaklaýyn taslamalary durmuşa geçirmäge
geçirmek üçin uly maýa serişdelerini gönükdirýändigini belledi. Senagat
kuwwatyny artdyrmak bilen birlikde, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan
ýerine ýetirilýän işleriň netijeli bolmagy üçin guramaçylyk çärelerini
güýçlendirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz awtoulag ýollarynyň düzümini ösdürmek barada durup
geçip, häzirki döwürde awtomobil ýollaryny gurmak boýunça täze
taslamalaryň giň gerimde durmuşa geçirilýändigini nygtady we
wise-premýere ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly
wezipeler çözülende degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek
babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz goňşy Owganystan döwleti babatda ýurdumyzyň
garaýşynyň üýtgewsizdigini, döwletimiziň doganlyk owgan halkyna parahat
we abadan durmuşy gurmakda ýakyndan kömek berýändigini nygtap,
ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gysga wagtyň içinde kuwwatly elektrik
stansiýalaryň gurulmagy hem-de täze elektrik geçirijileriň çekilmegi
netijesinde pudagyň köp esse artan kuwwaty diňe bir ýurdumyzyň sarp
edijilerini elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmek bilen çäklenmän,
eýsem, türkmen elektrik energiýasyny Owganystana ibermäge hem
mümkinçilik berýändigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda we
welaýatlarda şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirmeli işleriň netijelerine
bagyşlanyp geçirilen mejlisiniň barşynda Lebap welaýatynyň häkimi
M.Joraýew welaýatyň senagat düzümini kämilleşdirmek boýunça durmuşa
geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda alnyp barylýan işleriň sebitiň
durmuş-ykdysady ösüşine, ilatyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna
gönükdirilmelidigine ünsi çekip, bu babatda sazlaşykly işiň ýola
goýulmalydygyny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow
2014-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda söwda toplumynyň işleriniň
jemleri barada hasabat bermek bilen, esasy pudaklar boýunça gazanylan
görkezijiler barada habar berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşylar ministrligi boýunça hasabat
döwründe umumy haryt dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende 106 göterime, şol sanda bölek-satuw haryt
dolanyşygynda 109,8 göterim we lomaý haryt söwdasy boýunça 104,2 göterim
boldy. Girdeýjiniň ösüş depgini 109,4 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 11 aýyň dowamynda
söwdalaşyklaryň 208-si geçirilip, geleşikleriň 28 müňüsi bellige alyndy.
Şunda olaryň umumy möçberi 64 milliard 860 million manada deň boldy.
Daşary ýurt pulunda gelip gowuşan serişdeleriň möçberiniň ösüş depgini
104,8 göterime deň boldy.
Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe hyzmat etmek
ulgamyndan alynan girdeýjileriň ösüş depgini 104 göterim boldy. Daşary
ýurt pulunda alynan girdeýjileriň möçberiniň ösüşi 114 göterime deň
boldy. Ýylyň başyndan bäri söwda-senagat edarasy tarapyndan 22 sergi we
19 maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça
hasabat döwründe senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 132
göterimi, oba hojalyk önümleriniň öndürilişi bolsa 290 göterime ýetdi.
Telekeçiler tarapyndan ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň
möçberi 52 göterim artdy. Birleşme boýunça umumy haryt dolanyşygynyň
ösüşi 181 göterime, ilata edilen hyzmatyň möçberi 150 göterime deň
boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
söwda ulgamynyň düzümleriniň ösdürilmegi diňe bir ilata hödürlenilýän
harytlaryň görnüşlerini artdyrmak we içerki bazarda önüm bolçulygyny
üpjün etmegi ilkinji wezipe hökmünde öňe çykarmak bilen çäklenmän,
eýsem, bu pudagy öňdebaryjy netijeli usullar esasynda dolandyrmagy
kämilleşdirmek we bu ulgamda halkara işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek
meselelerini öňe çykarýar.Sergi –ýarmarkalary we maslahatlary guramak
işinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi söwda pudagynda hyzmatdaşlygy
işjeňleşdirmäge, söwda usullaryny özleşdirmäge, ekspor mümkinçiliklerini
ýokarlandyrmagyň täze ýollaryny gözlemäge ýardam edýär diýip aýtmak
bilen, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklar
berdi. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem üýtgäp durýan islegleri, sebit
we ählumumy meýilleri hasaba almak bilen Türkmenistanyň çeýe marketing
syýasatyny alyp barmak üçin daşary ýurt bazarlarynyň harytlara bolan
isleglerine toplumlaýyn seljerme bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow häzirki döwürde sebitiň dürli
ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal
beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz welaýatda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň
çäklerinde täze döredilen obalarda degişli durmuş üpjünçiligini
yzygiderli ýola goýmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şol bir
wagtyň öňünde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň
agrotehniki kadalara laýyk derejede guralmalydygyna ünsi çekdi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew şu ýylyň 11 aýynda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, welaýatyň oba hojalyk pudagynda,
esasan-da maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy
barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriniň
we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamynyň salaşykly işini üpjün etmek
işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
sebitiň ilatynyň durmuş düzüminiň derejesine ünsi çekip, welaýatyň
arassa agyz suw bilen üpjünçiliginiň, ekologiýa ýagdaýynyň döwrüň
talabyna laýyk derejede saklanmalydygyny, Botandagda döredilýän seýilgäh
zolaklarynda ideg işlerine jogapkärli çemeleşmelidigini tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow
gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-noýabr
aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ulaglar we aragatnaşyk toplumy
boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we işleriň
meýilnamasy 107,9 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 108,2 göterime
barabar boldy.
Demirýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş
depgini 107,6 göterim üpjün edildi. Bu görkeziji ýük daşamakda 108,9
göterime, ýolagçy gatnatmakda 110 göterime barabar boldy.
Şeýle hem içerki demir ýollary, inžener-tehniki desgalary, şol sanda
demir ýollaryň ugrunda gurlan köprüleri döwrebaplaşdyrmak işleriniň giň
gerimde alnyp barylýandygy bellenildi.
Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105,1 göterime barabar boldy.
Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine
ýetirilen işleriň ösüş depgini 106,3 göterime barabar boldy. Hasabat
döwründe ýurdumyzda ilatymyzyň aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan
isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, 586,5 müň, şol sanda 546 müň
öýjükli belgi, 4,7 müň radiotelefon belgisi we 35,8 müň ýerli telefon
nokady gurnalyp, meýilnama 2,7 esse ýerine ýetirildi. Şu döwürde Oba
milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 45 müň 560 telefon
belgilik beketler gurnaldy we 2 müň 437 kilometr aragatnaşyk ulgamy
çekildi.
“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça ýanwar-noýabr
aýlarynda awiahyzmatlar boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini
111,7 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 123,9 göterim
we ýolagçy gatnatmakda 109,9 göterim üpjün edildi.
Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýerine ýetirilen
işleriň ösüş depgini 108,5 göterime barabar boldy. Türkmenbaşy
şäherindäki täze Halkara deňiz portuny gurmak boýunça işleriň barha giň
gerime eýe bolýandygy bellenildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk pudaklaryny
ösdürmek boýunça ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň yzygiderli
durmuşa geçirilmeginiň hem-de bu ulgamlaryň öňünde goýlan wezipeleri
çözmäge oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda
demir ýol ulgamyny ösdürmegiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň
döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.
Ýurdumyz yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär we wajyp
halkara ulag ulgamy hökmünde onuň ähmiýeti biziň günlerimizde has-da
ýokarlanýar. Täze polat ýollar halkara gatnawlar ulgamyny berkitmek
bilen birlikde, ýurdumyzyň içerki sebitlerini hem okgunly ösdürmäge
ýardam edýär.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gazagystan-Türkmenistan
–Eýran transmilli demir ýolunyň açylmagyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly
çäreler barada aýdyp, bu wakanyň Ýewraziýanyň sebitara üstaşyr-ulag
kommunikasiýalaryny döretmegiň we olardan netijeli peýdalanmagyň,
yklymyň ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň
ýolunda möhüm ädimi alamatlandyrýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmagyň,
daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe we peýdaly innowasion işläp
taýýarlamalary alyşmagyň möhümdigini nygtap, öňdebaryjy enjamlar bilen
üpjün edilen täze ýöriteleşdirilen gämileri almagyň hasabyna
Türkmenistanyň deňiz flotuny okgunly ösdürmegiň wajypdygyny belledi.
Munuň özi ýurdumyzyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň
mümkinçiliklerini ep-esli artdyrar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz täze gämileri garşylamak boýunça çäreleriň ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda wise-premýere
anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow Türkmenistanyň
Prezidentiniň welaýatyň mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürilmegine,
hususan-da, onyň günorta etraplarynda gurulmaly desgalaryň
kesgitlenmegine degişli tabşyrygyny ýerine ýetirmek boýunça berjaý
edilen işler barada hasabat berdiler.
Şunuň bilen baglylykda, welaýatlary özgertmek boýunça milli
maksatnama laýyklykda Etrek etrabynda çagalar bagynyň ikisiniň, orta we
sport mekdepleriniň gurluşygy tamamlandy, durky täzelenen hassahana we
Saglyk öýi ulanmaga berildi, şeýle hem çagalar bagynyň, orta mekdepleriň
ikisiniň we sport mekdebiniň gurluşygy alnyp barylýar hem-de Saglyk
öýüniň durky täzelenilýär. 2016-njy ýylyň ahyryna çenli bu ýerde
durmuş-medeni maksatly binalaryň ýene-de bäşisini gurmak göz öňünde
tutuldy.
Welaýatyň günorta etraplaryny ösdürmegiň çäginde bu sebitde senagat,
önümçilik, durmuş, söwda we hyzmat ediş düzüminiň döredilmegi üçin
desgalaryň birnäçesini gurmagyň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy.
Geljekde Ekerem şäherçesinde nebiti gaýtadan işleýän zawody hem-de
Esenguly etrabynda tebigy gazy gaýtadan işläp, sintetiki nebiti öndürýän
zawody, Gyzyletrekde elektrik bekedini we Etrek etrabynda gaz turbinaly
elektrik stansiýalaryny, Madaw demir ýol bekedinde Ekerem şäherçesinde
demir ýol şahasyny, şeýle hem Ekerem şäherçesine çenli gämi duralgasyny
we deňiz suwuny süýjediji desgany, Etrek şäherçesinde, Madaw
geňeşliginde we Esenguly etrabynyň Bugdaýly geňeşliginde maldarçylyk
toplumlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Etrek etrabynyň obalarynda we
şäherçelerinde ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly binalaryň we desgalaryň
birnäçesini gurmak bellenilýär.
Balkan welaýatynyň günorta etraplarynda gurulmagy göz öňünde
tutulýan desgalaryň sanawyna laýyklykda, “Balkan welaýatynyň birnäçe
etraplaryny durmuş-ykdysady taýdan toplumlaýyn ösdürmegiň meseleleri
hakyndaky” kararyň taslamasy işlenip taýarlanyldy, wise-premýer ony
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen
resminama gol çekip, şol desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga
berilmeginiň we gurluşyk işleriniň göwnejaý hilli ýerine ýetirilmeginiň
möhümdigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Täze döwrebap önümçilik,
hyzmat ediş, ýaşaýyş-durmuş desgalary welaýatyň ykdysadyýetiniň batly
depgin bilen ösdürilmegine we ilatyň ýaşaýyşynyň derejesiniň
ýokarlandyrylmagyna we hiliniň gowulandyrylmagyna ýardam bermelidigini
hem-de munuň amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň esasy maksady bolup
durýandygyny nygtady.
Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz T.Taýmanowy özüne ynanylan
wezipäni oňarmandygy üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň
häkimi wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekip, bu wezipä
D.Durdyýewi belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda kanunçylygyň pugta berjaý
edilmegi, ähli ulgamlarda tertip-düzgüniň ýokary derejede ýola goýulmagy
döwrüň möhüm meselelerini nygtap, şu günki mejlise gatnaşýan hukuk we
goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna bu babatda birnäçe tabşyryklary
berdi.
Häzirki döwürde döwletimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň
maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalanmagy, harby gullukçylaryň döwrebap
derejede gulluk şertleriniň döredilmegi, olaryň maşgalalary üçin ähli
amatlyklary bolan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy babatda
yzygiderli alada etjekdigini aýtdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we
hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek, düzümler üçin ýokary
taýýarlygyny harby gullukçylary taýýarlamak hem-de bu düzümlere dünýäniň
iň kämil tehnologiýalarynyň we ösen tejribelerini ornaşdyrmak boýunça
netijeli iş alyp barmagy tabşyrdy. Ýurdumyzyň goranyş häsiýetine eýe
bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, durmuşa geçirilýän çäreleriň şu
ugra mynasyp alyp barylmalydygyny belli, döwlet Baştutanymyz bu babatda
degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp we oňa gatnaşyjylara
ýüzlenip, Täze ýyla çenli az wagtyň galandygyny, asylly däbimize eýerip,
biz geçip barýan ýylda başlan ähli işlerimizi täze ýyla geçirmän, şu
ýylda tamamlamalydyrys diýip, belledi.
Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň şu ýylyň on bir
aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada aýtmak bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlardan görnüşi ýaly, ykdysadyýetimiziň
öňküsi ýaly ýokary depginler bilen ösýändigini, halk hojalygynyň ähli
pudaklarynda diýen ýaly, önümçiligiň bellenen möçberlerde ösüş
depgininiň gazanylandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Zähmet
haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri
artdyryldy. Köp sanly önümçilik we durmuş maksatly binalar hem-de
desgalar gurlup, ulanmaga berildi.
Milli Liderimiz geljek ýylyň başynda Ministrler Kabinetiniň
giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini, onda 2014-nji ýylyň jemlerine
serediljekdigini habar berip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlaryna, hususan-da, A.Goçyýewe öz gözegçilik edýän
ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde,
şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna,
welaýatlaryň häkimlerine bu mejlise düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz gazanylan netijeleri seljerip, ýol berlen
kemçiliklere seredip, mejlise gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen geljek ýyl
üçin ähli ministrlikleriň we pudak edaralaryň meýilnamalaryny işläp
taýýarlamagy we hökümetiň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy hem-de täze
ýylda işleriň depginlerini çaltlandyrmagyň möhümdigini belledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň
ykdysadyýeti durnukly ösýär. geljek ýyl üçin oýlanyşykly düzülen Döwlet
býujetimizi kabul edildi. Durnuklaşdyryş gaznasynda ýeterlik mukdarda
serişdeler, şeýle hem köp möçberde döwlet ätiýaçlyk gorlary bar.
Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynyň barşynda biz geljek ýyl hem kabul
eden ähli durmuş maksatnamalarymyzy amala aşyrmagy dowam ederis, Täze
ýollary, ýaşaýyş jaýlaryny we mekdepleri, çagalar baglaryny gurarys.
Ýurdumyzyň energetika we nebitgaz pudaklaryny, senagaty, telekeçiligi
giň gerim bilen sdüreris. Mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar
durmuşda ýaşamagy üçin ähli zerur işleri ederis diýip belledi.
2015-nji ýylda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli
ýolbaşçylarynyň öňünde örän uly wezipeler durýar. Bu wezipeleri abraý
bilen ýerine ýetirmek her bir ýolbaşçynyň borjudyr. Biz näçe köp işleri
amala aşyrsak, mähriban halkymyz şonça-da gowy durmuşda ýaşar, Garaşsyz,
Bitarap Watanymyzyň abraýy hem barha ýokarlanar diýip, Türkmenistanyň
Prezidenti nygtady.
Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň
beýleki möhüm meseleleriniň birnäçesine garaldy we olar boýunça
resminamalara gol çekildi. Hormatly Prezidentimiz mejlisi jemlemek
bilen, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşlaga
abadançylygyny we Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň
bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler
arzuw etdi.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2570
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder