Russiýa täze sanksiýalara garşylyk görkezdi
Russiýanyň Daşary işler ministrligi ABŞ we Kanada tarapyndan Russiýa goýlan täze sanskiýalara berk garşylyk görkezdi.
Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Aleksandyr Lukasewiç ABŞ-na we Kanada sansiýalaryň netijesi hakynda pikirlenmek çagyryşyny berdi we özleriniň hem garşy tarapa sansiýa goýulmagy meselesiniň üstünde işlejekdiklerini aýtdy.
Lukasewiç Daşary işler ministrliginiň resmi internet saýtynda beren beýanatynda Krymyň Russiýanyň aýrylmaz bölegidigini nygtady we basyşlara boýun egmejekdiklerini belledi.
Lukasewiç 20 rus we ukrainaly ýolbaşçynyň Kanada girmeginiň gadagan edilmegi barada “Karar Günbatarly ýurtlaryň Ukrainanyň gündogaryndaky meseläni çözmek niýetiniň ýokdygyny ýene-de bir gezek açyk aýdyň beýan edýär” diýip belledi.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2617
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder