Pakistan terrorçylykly hüjümde ýogalan 148 adam üçin ýas tutýar.
Pakistan Taliban tarapyndan guralan 132-si çaga 148 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümden soň ýas tutýar. Hüjümde ýogalanlar Peşawerde soňky ýoluna ugradyldy.
Çagalaryň jynazasynda duýguly pursatlar başdan geçirildi.
Pakistanyň Premýer ministri Nawaz Şerif ýurtda terrorçylygy dolulygyna ýok etjekdiklerini aýtdy.
Premýer ministr Şerif terrorçylyga garşy milli iş meýilnamasyny taýarlajakdyklaryny belledi.
Nawaz Şerif “terrorçylyga garşy göreş soňky terrorçy ýok edilýänçä dowam eder”diýdi.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2610
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder