18 Aralık 2014 Perşembe

Prezidentimiz Päkistanyň Prezidentine gynanç bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Peşewar şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk hereketi zerarly Päkistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti jenap Mamnun Huseýne gynanç hatyny iberdi. Bu heläkçilikde çagalaryň ejir çekendigi has hem gynançlydyr diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi. 

"Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny iň bir aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallaryny doly goldaýar" diýlip, hatda aýdylýar. 

Türkmenistanyň Prezidenti gurban bolanlaryň we ejir çekenleriň dogan- garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2607

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder