Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Georgios Kasulidisden ynanç hatyny kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmek işinde üstünlikler arzuw etdi.
Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda Kipr Respublikasynyň ýolbaşçylygynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we türkmen halkynyň mundan beýläk-de abadançylygy we gülläp ösmegi baradaky arzuwlaryny gowşurdy.
Diplomat parahat söýüjilikli syýasaty we oňyn başlangyçlary bilen ýokary halkara abraýyna eýe bolan döwletde öz ýurduna wekilçilik etmegiň möhümdigini we jogapkärçiliklidigini nygtady. Şunda ilçi onuň biziň ýurdumyza saparynyň Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň hatyrasyna döredijilik we hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatynyň öň ýanynda geçýändigini aýratyn belläp, şol maslahata gatnaşmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.
Soňra bolan söhbetdeşligiň barşynda türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan daşary we içeri syýasatyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyldy, şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we giň halkara hyzmatdaşlygy ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda doly ygtyýarly wekil ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli milli taslamalar we ösüş maksatnamalary, ilkinji nobatda bolsa durmuş ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Ylym we bilim, saglygy goraýyş we medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda geçirilýän özgertmelere aýratyn üns berildi.
Kiprde Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleri ägirt uly gyzyklanma bilen kabul edýärler we şol özgertmelerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda BMG-niň we beýleki iri halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin kuwwatly guraly görýäris diýip, jenap Georgios Kasulidis belledi. Söwda-ykdysady we gumanitar ugurlarda bilelikde hereket etmek, ylym-bilim ulgamynda, syýahatçylyk pudagynda tejribeleri alyşmak ýaly ugurlar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi.
Mejlisiň işi we döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýnça geçirilen demokratik özgertmeler babatynda onuň orny bilen baglanyşykly meseleler hem aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde göni parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmak baradaky pikir aýdyldy.
* * *
Şu gün jenap Georgios Kasulidis şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi, duşuşykda türkmen-kipr gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek meselelerine garaldy.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2595
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder