Kremlde 2014-nji ýylyň jemleri boýunça metbugat ýygnagyny
geçiren Putin, daşary we içeri syýasat, ykdysadyýet,saglygy goraýyş,
milli howpsyzlyk we bilim ýaly ugurlarda durup geçdi.
Putin bir sagada golaý dowam eden çykyşyna Krym meselesi bilen başlady.
Putin “Krym we Sewastopol geçirlen referendumyň netijesinde Russiýa
birikdi. Krym biziň üçin strategik ähmiýete eýe. Krym we Sewastopol
İerusalymdakly Hameri Şerif musulmanlar we musaýylar üçin nähili
mukaddes bolsa şol sebitler hem biziň üçin şeýle mukaddes” diýdi.
Ukrainanyň gündogarynda başdan geçirilýän wakalaryň resmi Moskwanyň
mesele boýunça çemeleşmesiniň ýerliklidigini subut edendigini öňe süren
Putin, Günbataryň Ukraina baradaky basyşyna boýun egmejekdiklerini
aýtdy.
Wladimir Putin Russiýa goýlan çäklendirmeler sebäpli Günbatary
tankyt edip halkara hukugynyň kimdir biriniň bähbidi üçin
üýtgedilmeginiň kabul edilmejekdigini aýtdy.
Russiýanyň gymmat ýaraglanma bäsleşiginde orun almak niýetiniň
ýokdygyny bellän Putin, käbir ýurtlaryň Russiýanyň daşyna demir gözenek
aýlamaga synanşýandygyny, emma ýurdynyň özüni goramaga güýjüniň
ýetýändigini nygtady.
Putin Russiýanyň Günbatar bilen gatnaşyklaryny bes etmek niýetiniň
ýokdygyny belläp daşary syýasatda Gündogaryň we Günbataryň güýçli
ýurtlary bilen deň gatnaşyklary alyp barmagy ileri tutýandyklaryny
ýatlatdy.
Beýleki tarapdan Russiaýda geçirlen sowalnamalardan biri Russiýanyň
Prezidenti Wladimir Putine halkyň berýän goldawynyň ykdysady şertleriň
agyrlaşmagyna we çäklendirmelere garamazdan dowam edýändigini ýüze
çykardy.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2573
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder