6 Aralık 2014 Cumartesi

Täze deňiz menzili açyldy.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda nobatdaky düzümleýin desganyň – ýolagçy deňiz menziliniň açylyş dabarasy boldy. 

Şanly waka mynasybetli ir ertirden ýurdumyzyň esasy deňiz derwezesiniň çäklerinde ählumumy şatlyky we baýramçylyk ruhy dowam edýär. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda welaýat we şäher häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köpsanly ýaşlar bar. Täze desganyň ýanyndaky açyk meýdançada aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar, ajaýyp halk döredijilik we aýdym-sazly tansly kompozisiýany ýerine ýetirip, Balkanyň döredijilik toparlary ussatlygyny görkezýärler. 

Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhynda her gün beýik ýeňişlere we ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän uly durmuş-ykdysady maksatnamalar we iri maýa goýum taslamalar netijesinde Hazar sebiti depginli ösüşe kuwwatly itergi aldy. Ine, şu gün gadymy Hazaryň türkmen kenarynda ýurdumyzyň günbatarynda ýokary depginler bilen döredilýän ulag we syýahatçylyk düzüminiň nobatdaky möhüm desgasy ulanmaga tabşyrylýar. Bu ýere ýygnananlar ähli türkmenistanlylaryň adyndan Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak maksady bilen görýän anyk işleri, türkmen halkynyň hal ýagdaýyny ýokarlandyrmak baradaky ýadawsyz aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 



Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň buýurmasy boýunça täze ýolagçy deňiz menzilini ýurdumyzyň gurluşykçylary – “Hazar kenary” hojalyk birleşigi bina etdi. Binanyň umumy meýdany 800 inedördül metrden gowrakdyr. Bu ýerde ýolagçylaryň hyzmatynda petek satylýan, garaşylýan oňaýly zallar, sowal-jogap bölümi, pul alyş-çalyş nokady, goş-golam saklanýan ýer, kafeteriýa, sowgatlyk satylýan dükan bar. Mundan başga-da, çagaly ýolagçylaryň dynç almagy üçin ýörite ýerler, lukmançylyk nokady we beýlekiler göz öňünde tutulypdyr. Dolandyryş we tehniki otaglar zerur bolan ähli enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Ýolagçylaryň gämä münüp-düşmegi üçin uzynlygy 51 metr bolan enjam gurnalypdyr. Menzil toplumynyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylypdyr we bagy-bossanlyga bürenipdir. 

Türkmenbaşy şäherinde täze halkara deňiz menzilini gurmaga degişli iri möçberli maýa goýum taslamasynyň çäklerinde ýakyn ýyllarda Hazaryň kenarynda myhmanhanasy, söwda we dynç alyş merkezleri bolan iň döwrebap ýolagçy terminalyny bina etmegiň meýilleşdirilýändigini bellemek gerek. Mundan başga-da, häzirki wagtda täze menziller adybir adada ýerleşen Gyzylsuw şäherçesinde we Hazar şäherinde gurulýar. 

Umuman, “Türkmenbaşy halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasynyň” durmuşa geçirilmegi deňizde ýük daşalyşynyň we ýolagçylary gatnatmagyň möçberini has-da köpeltmäge, özara bähbitli söwda-ykdysady we netijeli gumanitar gatnaşyklaryny, syýahatçylygy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dünýä hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna hemmetaraplaýyn goşulyşmagyny işjeňleşdirmäge ýardam eder.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2576

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder