Oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny öz hasabyna dikeltmäge isleg bildirýän oba hojalyk önümlerini öndürijilerine mugtuna bermek işleri dowam etdirilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 7-nji iýulynda kabul eden Karary esasynda eýýäm tehnikalaryň 2 müňden gowragy berildi. Olar esasan hem belarusda öndürilen MTZ-80 we MTZ-80H traktorlarydyr, şeýle hem “Keýsa” we “Jon Dir” amerikan kombaýnlarydyr.
Ulanyş möhleti dolan we hasapdan öçürmäge degişli bolan tehikalar we enjamlar “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginiň hasabyndan aýrylyp, kärendeçilere, daýhan hojalyklaryna, ýer eýelerine we köp ýyllyk iş tejribeleri bolan mehanizatorlara mugtuna ulanmaga berilýär. Jemi bu maksatlar üçin traktorlaryň we kombaýnlaryň 687 sanysy, şeýle hem azallaryň, çeýalkalaryň, kultiwatorlaryň, planlaşdyryjylaryň 359 sanysy taýýar edildi.
Tehnikalary oba hojalyk önümlerini öndürijilere bermek işlerini düzüminde ýurduň oba hojalyk ministrlikleriniň we guramalarynyň wekilleri bolan ýörüte döredilen topar alyp barýar. Toparyň agzalary tarapyndan olaryň tehnikalary we enjamlary edinmek baradaky arzalaryna seredilende, ilkinji nobatda, geçirilýän möwsümleriň baş maksatlary, hususan-da – önüm öndürijiler üçin amatly şertleriň döredilmegi, maşynlary we enjamlary netijeli peýdalanmagy göz öňünde tutulýar.
Ekerançylara tehnikalar we enjamlar kalendar ýylyň dowamynda hökman dikeltmek şerti bilen beriýär. Oba hojalykçylar bu işi hem öz serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň “Daýhanbank” Döwlet täjirçilik banky tarapynda ýokarda görkezilen oba hojalyk önümlerini öndürijilere nagt däl görnüşinde berilýän karz pul serişdeleriniň hasabyna ýerine ýetirip bilýärler.
Alynan tehnikalary we enjamlary dikeltmek üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin karz pullar ýyllyk 1 göterim bilen üç ýyl möhletli berilýär. Jemi gerek bolan puluň 85 göterimi karz görnüşinde berilýär, 15 göterimini oba hojalyk önümlerini öndürijileriň özleri öz hususy serişdeleriniň hasabyna töleýärler.
Oba hojalykçylar alynan maşynlary we enjamlary dikeltmek üçin ätiýaçlyk şaýlaryny Türkmenistanyň söwda ministrliginiň, “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginiň, ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň etraplardaky we welaýatlardaky ýörüteleşdirilen dükanlaryndan satyn alyp bilerler.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2601
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder