27 Aralık 2014 Cumartesi

Esasy Täze ýyl dabarasy Älem Medeni dynç alyş merkezinde geçiriler.

2015-nji ýyly garşylamaga düýbünden az wagt galdy. Şu baýramçylyk günlerinde Aşgabat täze keşbe eýe boldy. 

Uly ertekiler şäherçesini ýada salýan “Älem” Medeni-dynç alyş merkezinde paýtagtyň ýaşaýjylary we onuň myhmanlary üçin ýatdan çykmajak pursatlar garaşýar. 35 metr ululykdaky ýurduň baş arçasy özüniň bezelişi bilen haýran gadyrýar. Russiýadan getirilen bu owadan arçany bezemäge hem türkmen, hem daşary ýurt firmalary gatnaşdylar. Şeýle hem şunuň ýaly arça Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada we “Yham” seýilgähinde oturdyldy. 



26-njy dekabrda baş arçanyň ýanynda paýtagtyň döredijilik toparlarynyň, teatr artistleriniň gatnaşmaklarynda baýramçylyk dabaralary geçiriler. Aýazbaba we Garpamyk uly gyzykly programmasy bilen bu ýerde myhmançylykda bolarlar. Onda arça barada täze ýyl aýdymlary ýaňlanar, şadyýan oýunlar we bäsleşikler, wiktorinalar geçiriler. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, çagalar eşözleriniň söýgüli ertekilerindäki gahrymanlar bilen duşuşarlar, olar bilen söhbetdeş bolup bilerler hem-de ýadigärlik üçin surata düşüp bilerler. 

31-nji dekabrda iň gowy aýdymçylaryň, aýdym-saz toparlarynyň, teatr we folklor toparlarynyň gatnaşmaklarynda geçiriljek çäreler täze ýyl baýramçylygnyň esasy dabarasyna öwrüler. Hut bu ýerde guraljak teleköpri paýtagty we welaýatlary birleşdirer hem-de telemonitoryň uly ekranyndan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy ýaňlanar. Täze, 2015-nji ýylň başanýandygyny beýan etjek feýerwerkler täze ýyl baýramçylygynyň jemleýji tapgyry bolar.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2638





Hiç yorum yok:

Yorum Gönder