Bilim ministrliginiň we beýleki ministrlikleriň, guramalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri paýtagtyň 28-nji ýörüteleşdirilen mekdebinde bolup geçen maslahatda mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümini guramagy ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahata Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň mugallymlary gatnaşdylar. Olaryň öňünde mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminde sagadyş merkezlerinde ýaş dynç alyjylara terbiýeçi hökmünde işlemek wezipesi durýar.
Bu duşuşygy ýurduň dürli bilim edaralarynyň mugallymlary üçin hünär kämilligi okuwlaryny yzygiderli geçirýän Türkmenistanyň Milli bilim instituty guraýjy boup çykyş etdi.
Dekabr maslahatynyň barşynda biziň ýurdumyzyň dürli sebitlerinden gelen çagalaryň gökdere sagaldyş merkezlerinde on dört günlük dynç alyş wagtynda olaryň howpsuülyk, oňaýly we dürli ugurly dynç almaklaryny üpjün etmek meseleri ara alnyp masahatlaşyldy.
Häzirki täze ýylyň öňisyrasyndaky günlerde Gökderede ýaş dynç alyjylary garşylamak üçin işjeň taýýarlyk görülýär. Onda adatça bolşy ýaly, iň gowy Aýazbaba we Garpamyk, iň owadan arça ýaly bäsleşikler geçiriler. Şeýle hem söýgüli ertekileriň gahrymanlarynyň gatnaşmagynda we ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlary gowşurmak bilen täze ýyl irki oýunlary geçiriler. Paýtagtyň ýaş myhmanlary üçin ýurduň esasy şäheriniň we onuň etekleriniň iň owadan ýerlerine syýahatlar guralar.
Aşgabadyň çagalar we ýetginjekler öýüniň çeper höwesjeňler topary, şeýle hem paýtagtyň we Ahal welaýatynyň beýleki döredijilik toparlary dynç aljak çagalar üçin ýörüte konsert programmasyny taýýarladylar. Çagalaryň köpçülikleýin çärelerden boş wagtlary baý edebiýatly kitaphana, kompýuter merkezleri, döredijilik studiýalary, sport meýdançalary, kinoteatrlar olaryň hyzmatynda bolar.
Bir söz bilen aýdanyňda gökderäniň çagalar merkezleri ýene-de sanlyja günden ýaş dynç alyjylar üçin öz gapylaryny giňden açar. Ýanwaryň dürnç alyş günleriniň her biri mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş programmasy esasynda taýýarlanan gyzykly wakalar bilen doly bolar.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2639
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder