“Lebapsyýahat” Döwlet syýahatçylyk kärhanasy welaýat Baş bilim müdürligi bilen bileleikde Idrisbaba medresine syhatçylygy işläp taýýarladylar. Bu ýerde türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy özüniň ömrüniň birnäýe ýyllaryny geçirdi.
Medrese Halaç etrabynyň Magtymguly obasynda ýerleşýär. Bu arhitektura taryhy ýadigärligi XVIII asyra degişlidir. Dörtburuç görnüşdäki bu bina bişen kerpiçden gurlup, onuň beýikligi kümmeti bilen bilelikde 5,5 metr, taraplarynyň giňligi – 9 metrdir.
Bize ýeten çeşmelere aýyklykda Idrisbaba bu sebirlerde baý maşgalada takmynan 1690-njy ýylda eneden doglupdyr. Ol öz döwrüniň ýokary bilimli adamy boupdyr, Hywadaky meşhur Şirgazy medresesini tamamlapdyr. Öýlerine gelip, ömrüni edermençilige bagyşlapdyr: onuň başlangyjy bilen medrese gurlupdyr, soňra oňa onuň adyny dakypdyrlar. Ol bu ýerde dürli ylymlardan sapak beripdir, mynasyp şägirtleri ýetişdiripdir.
Bu ýerde okuwyň nähili guralandygyna inçeden oýulyp, nagyşlar bilen bezelen agaç gapydan içeri ätlän badyň göz ýetirýärsiň. Binanyň tegelek gümmeziniň aşagynda – haly düşelen dörtburç giňişik bar, onuň çüňklerinde dört sany tagça boup, onda birnäçe asyr mundan ozal birnäçe talyplar oturypdyr. Gapynyň garşysynda - ýene-de bir kerpiçden owadan örülen tagça bar – has dogrusy onda kitap sakanan bomaly. Medresede Gurhandan başga hem şerigat, arifmetika, geometriýa, geografiýa, beýelkiler boýunça sapak berlipdir. Okuwy tamamlanlar kazy, müfti, muddariçi we repetitor derejesini alypdyrlar. Sapaklar dözümliik ýagdaýynda diýen ýaly geçipdir: binanyň howa çekeri bomandyr, iki sany penjire az ýagtylyk beripdir, gapy köplenç açyk boupdyr, ýyly günler bolsa girlýän ýerdäki teläriň aşagynda boupdyrlar.
Medresede okaýanlar uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän laýdan salnan öýjagazlarda ýaşapdyrlar. Boş wagtlary işläpdirler: bugdaý, jöwen, mäş, noýba, gök önümler, gawun-garpyz ösdürip ýetişdiripdirler, mal saklapdyrlar. Şeýleik bilen ýaş oglanlar iýmit bilen özlerini ekläpdirler.
Haçan-da bir wagtlar Idrisbabanyň eken we ýüz ýyllyklaryň geçmegi bilen üç şaha bölünen örän uly tut agajy mukaddes hasaplanýar. Bu ýere gelýän zyýaratçylar öz arzuwlarynyň amala aşmagyny isläp, dürli reňkli mata bölejiklerini onuň şahalaryna daňýarlar.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2628
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder