18 Aralık 2014 Perşembe

2014-nji ýylda dünýäniň ilaty.

“Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “2014-nji ýylda dünýäniň ilaty. 1,8 milliardlyk kuwwat: ýetginjekler, ýaşlar we geljekki özgertme” atly Ählumumy hasabat bilen tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy (ÝUNFPA) tarapyndan guraldy. Şu çärä gatnaşmak üçin BMG-niň Ilat gaznasynyň ýurtlaýyn direktory Karl Kulessa Aşgabada ýörite iş sapary bilen geldi. 

Bu ynsanperwerlikli çäräniň esasy maksady häzirki döwürde öz ýurdunyň ykdysady öjsüşine we yzygiderli rowaçlygyna ýardam bermek arkaly, Ýeriň ählumumy geljegini düýpli özgertmäge ukyply bolan ýaş adamlaryň örän uly kuwwatyndan we mümkinçiliklerinden peýdalanylmagyna gönükdirilen demografik we durmuş syýasaty ýaly ählumumy meselelere jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekden ybaratdyr. 

Tanyşdyryş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, daşary işler, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hem-de Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň wekilleri, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professorlar-mugallymlar düzümi, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem BMG-niň halkara agentlikleriniň we ýurdumyzdaky diplomatik ilçihanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Jenap Karl Kulessa öz çykyşynda duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, şeýle çäräniň geçirilmeginiň Türkmenistanyň hemmeler üçin netijeli we durnukly parahatçylygy üpjün etmek, şu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlyga degişli ählumumy wezipeleri berjaý etmek boýunça BMG we ilkinji nobatda BMG-niň Ilat gaznasy bilen iş ýüzünde bilelikde hereket etmäge taýýardygyny aýdyň görkezýän waka hökmünde uly ähmiýete eýedigini, ýurtda BMG-niň Ilat gaznasy bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly, reproduktiw saglyk, gender deňeçerligi, ýaşlar syýasaty boýunça maksatnamalaryň amala aşyrylýandygyny belledi. 

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň maglumatlaryna görä, häzirki döwürde ýaş nesiller adamzadyň iň iri gatlagy bolup durýar. 10 ýaşdan 24 ýaşa çenli bolan adamlaryň sany 1,8 milliarda barabardyr. Ol ýer ýüzünde bar bolan 7,3 milliard adamynyň 18 göterimini düzýär. 2050-nji ýyla çenli ýaş nesilleriň sanynyň 2 milliard töweregi bolmagyna garaşylýar. Munuň özi öndürijilikli gurluşykçylaryň, täzelikçileriň, döredijileriň we geljekki ýolbaşçylaryň uly ösüşini alamatlandyrýar. Olaryň täzeçil ýörelgelere bolan ukyplary, zehinlei ýer ýüzündäki adamlaryň abadançylygyna gulluk eder. 

Şu ýyl yglan edilen we ýaşlar meselelerine, onuň halkara ösüşindäki ornuna bagyşlanan Ählumumy hasabatda bellenilişi ýaly, ykdysady we durmuş abadançylygynyň üpjün edilmegi bilime, nesilleriň goragyna, umumy saglyga, ýaş nesilleriň hukuklarynyň üpjün edilmegine, durmuşda birnäçe anyk mümkinçilikleriň döredilmegine ägirt uly maýa goýumlaryny gönükdirmek zerur bolup durýar. 

Bellenilişi ýaly, şu maksatlara ýetmek üçin Türkmenistanda 2013-nji ýylda “Döwlet ýaşlar syýasaty hakynda” Kanun kabul edildi. Onda ýaş nesillere döwlet goldawynyň möhüm ugurlary öz beýanyny tapdy. Ýurduň ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmegini üpjün etmäge gönükdirilen bu kanun jemgyýetiň ösüşini şertlendirýär. 

Şeýle hem bu ýerde geçirilen çäräniň barşynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda “Ýaşlar sesi” ady bilen geçirilen suhangöýlük sungaty boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. “Ýaşlary goldaň, ýaşlar öz gezeginde ykdysadyýetiň ösüşini şertlendirer”, “Bilim hemmeler üçin”, “Türkmenistanyň ýylyň gyzlary” atly ugurlar boýunça çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň arasynda ýurdumyzyň ýaşlar syýasatyny has doly açyp görkezmek boýunça bäsleşik geçiildi. 

* * *

BMG-niň Ilat gaznasynyň Ýurtlaryň direktory Karl Kulessiň Türkmenistanda bolmagynyň çäklerinde ýurdumyzyň Mejlisinde, Daşary işler ministrliginde, başga-da, birnäçe ministrliklerde we pudak edaralarynda duşuşyklary meýilleşdirildi.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2605

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder