18 Aralık 2014 Perşembe

Täze ýylyň öňüsyrasynda.

2015-nji ýylyň başlanmagyna çenli iki hepde galdy. Türkmenistanlylar ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş gazanmagyny, yzygiderli ýagdaýda rowaçlygyň täze belentliklerine ýetmegini, şeýle hem maksatlarynyň başa barmagyny hut Täze ýyl bilen baglanyşdyrýarlar. Taryhyň sahypalaryna girýän 2014-nji ýylda milli we dünýä derejesinde täsirli we möhüm ähmiýetli wakalaryň sazlaşygy we many-mazmuny biziň ähli umyt-arzuwlarymyzyň amala aşyryljakdygyna ynamymyzy artdyrýar, çünki biz täsin galdyrýan döwürde we ajaýyp ýurtda ýaşaýarys, biziň ýurdumyzda raýatlarymyzyň abadançylygy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry hasaplanýar. 

Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görmegiň barşy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär, baýramçylyk dabaralaryny guramak bilen bagly mesele hökümet derejesinde ara alnyp maslahatlaşylýar. Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu mesele boýunça ýörite iş maslahatyny geçirendigini hem-de şonda baýramçylyk dabaralarynyň guralmagynyň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdasymyz gelýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 11-nji dekabrda geçirilen mejlisinde-de Täze ýyla, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alşynyň guralmagyna ykjam taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Häzirki wagtda tutuş ýurdumyzda baýramçylyk söwdasy guraldy, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň dükanlarynyň, söwda merkezleriniň tekjelerinde azyk harytlarynyň bolçulygyny, sowgatlyk we beýleki dürli görnüşdäki önümleri görmek bolýar. Munuň özi Täze ýyly ýatdan çykmajak waka hökmünde täsirli garşylamaga ýardam edýär. 

Ýurdumyzyň ajaýyp paýtagtynyň hem-de beýleki şäherleriniň we obalarynyň Täze ýyla mahsus görnüşde bezelmegi bu söýgüli we sabyrsyzlyk bilen garaşylýan täsin, şadyýan we hoşniýetli baýramçylygyň ýakynlaşyp gelýändigini görkezýär. Adamlar eýýäm häzirki wagtda ýollaryň gyralarynda dürli çyralar we bezegler bilen bezelen arçalary synlap bilerler. 

Medeniýet ulgamyna degişli edaralar sazlaşykly işleýärler, bularda Täze ýyla bagyşlanan dürli çäreler geçirilýär. Baýramçylyga bagyşlanan maksatnama boýunça ýurdumyzyň we daşary döwletleriň estrada aýdymçylarynyň köp sanly konsertleri geçiriler. Dekabr günlerinde paýtagtymyzdaky Sportuň gyşky oýunlary toplumynda daşary ýurtlaryň meşhur estrada aýdymçylary konsertler bilen çykyş edýärler. Olaryň hatarynda Deniz Attiýe we Rafet El-Roman (Türkiýe), Sergeý Lazarew we Anna Şuroçkina (Nýuşa) (Russiýa Federasiýasy) , Haýfa Wahbi (Liwan) bar. 

25-nji dekabrdan başlap, Russiýanyň sirk artistleri Türkmenistanyň Döwlet sirkinde çykyş edip, çagalary begendirerler. Olaryň çykyşlary 18-nji ýanwara çenli dowam eder, munuň özi diňe bir paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň däl-de, ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndan gelenlere-de olaryň çykyşlaryna syn etmäge mümkinçilik berer. 

Baýramçylygyň öňüsyrasyndaky hepdede gyzykly baýramçylyk çäreleriniň birnäçesi geçiriler. Şol günlerde türkmen paýtagty esasy dabaralaryň we uly baýramçylyk çäreleriniň geçiriljek merkezine öwrüler. 30-njy dekabrda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary “Ylham” seýilgähinde, Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada, “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde çykyş ederler. Şol günlerde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary, minristrlikler we pudak edaralary tarapyndan Täze ýyla bagyşlanyp guralýan dürli çärelerde ata Watanymyzy, söýgüni, näzikligi, owadanlygy we ýagşylygy wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlanar. 

Aýazbaba we Garpamyk baýramçylyga has jogapkärli taýýarlyk görýärler. Olar 18-nji dekabrda welaýatlaryň teatrlarynda geçiriljek döredijilik bäsleşiklerinde öz ukyplaryny görkezerler we soňra has talap ediji tomaşaçylar hasaplanýan çagalaryň öňünde çykyş ederler. 

Ýurdumyzyň Baş arçasyndaky yşyklaryň ýakylmagyna bagyşlanan dabaranyň ýetip gelýän baýramçylyk bilen bagly has täsirli we ähmiýetli wakalaryň birine öwrüljekdigi şübhesizdir. Bu dabara 22-nji dekabrda “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde geçiriler, bu ýerde has belent, bezelen arça oturdyldy hem-de ertekilere mahsus şäherjik guraldy. Paýtagtymyzdaky owadan arçada yşyklaryň ýakylan pursadyndan başlap, Türkmenistanyň şäherleriniň we obalarynyň esasy meýdançalarynda oturdylan Täze ýyl arçalarynyň ählisi dürli yşyklar bilen daş-töwerege şugla saçar. 

Owadan oýnawaçlar, monjuklar, zerli sapaklar, çyralar we girlýandlar bilen bezelen arçalaryň ýanynda döredijilik toparlarynyň, dürli lybaslary geýnen teatr we sirk artistleriniň, şeýle hem tanymal estrada aýdymçylarynyň we çagalaryň tans toparlarynyň çykyşlary guralar. Olar bu söýgüli baýramçylyga bagyşlap döredijilik sowgatlaryny taýýarlapdylar. Däp bolşy ýaly, 26-njy dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda ýaş türkmenistanlylaryň, paýtagtymyzyň döredijilik toparlarynyň we artistleriň gatnaşmagynda uly dabara bolar. Adatça, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylygyň öňüsyrasynda ýaş türkmenistanlylaryň şatlygyny deň paýdaşyp, her ýylda olary Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlaýar. 

Owadan arçalaryň daş-töwereginde ýurdumyzyň ähli welaýatyndan gelen bagtyýar çagalar baýramçylyk şowhunyna goşular. Bu ýerde paýtagtymyzda mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş döwri tamamlanýança dürli tomaşalar guralar. 

Adatça, baýramçylygyň öňüsyrasyndaky günlerde Aşgabatda ýurdumyzyň zehinli ýaş aýdymçylarynyň arasynda guralýan “Ýylyň parlak ýyldyzy” diýen bäsleşigiň netijeleri jemlener hem-de oňa gatnaşyjylaryň jemleýji konserti bolar. 24-nji dekabrda teletomaşaçylaryň millionlarçasy ýaş zehinli estrada aýdymçylaryň Maslahat köşgünden alnyp görkeziljek konsertine tomaşa edip bilerler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Türkmenistanda ýaşlara ussatlygyny artdyrmak üçin ähli şertler döredildi. 

Teletomaşaçylar üçin täsirli tomaşalar, Täze ýyla bagyşlanan gepleşikler, täze telefilmler görkeziler. Şonda ýurdumyzyň tanymal döredijilik toparlary, teletomaşaçylar tarapyndan uly sarpa goýulýan artistler, şol sanda Ahalteke atçylyk toplumynyň at üstündäki milli oýunlar boýunça “Galkynyş” topary hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” diýen topary çykyş ederler. 

25-nji dekabrda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler myhmanlary kabul ederler. Bu ýerde Täze ýylyň garşylanmagyna bagyşlanan çäre geçiriler hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşurylar. Şeýle hem çagalar Täze ýyl döwlet arçasyna çagyrylar. Bu ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan ýaş türkmenistanlylar – okuwda tapawutlanýanlar, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, çagalar öýlerinde terbiýelenýänler we beýlekiler ýygnanar. 

1-10-njy ýanwarda Maslahat köşgünde, “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde we Türkmenistanyň Baş drama teatrynda çagalar üçin Täze ýyl baýramçylyklary guralar. Şunda Täze ýyl sowgatlary paýlanyp, şadyýan oýunlar, bäsleşikler, ertekilerdäki söýgüli gahrymanlar hem-de gündogar senenamasy boýunça Täze ýylyň nyşany hasaplanýan gahryman bilen duşuşyklar guralar. Bu çäreler baýramçylyk günlerinde türkmen paýtagtyndaky wakalary synlan çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara öwrüler. Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günlerde ilkinji dabaralar täze çagalar baglarynda, medeniýet merkezlerinde, durmuş-medeni maksatly beýleki desgalarda bolup geçer. 26-njy dekabrda paýtagtymyzda “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna bagyşlanyp döredijilik çäreleri geçiriler. Bu merkeze gelenler dynç alyş we söwda etmek üçin döredilen şertler, dürli harytlary, şol sanda Täze ýyl üçin niýetlenen dürli görnüşdäki önümleri synlap, alyp bilerler. 

31-nji dekabrda “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde geçiriljek uly Täze ýyl dabarasy bolar. Oňa ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary, aýdym-saz, teatr we folklor toparlary gatnaşar. Bu ýerde paýtagtymyzyň we welaýatlaryň arasynda Täze ýyl teleköprüsi guralar hem-de uly telemonitor arkaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy bilen ýüzlener. Täze-2015-nji ýyl ajaýyp baýramçylyga mahsus bolan owadan feýerwerk bilen garşylanar.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2604

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder