Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiki merkeziniň geografiki maglumatlar merkeziniň barlaghanasynda GIS-tehnologiýalar esasynda ýurduň ulag ýollarynyň interaktiw kartasy düzüldi. Bu elektron programmasy ýurduň awtoulag ýollary ulgamyny netijeli dolandyrmak üçin edara maglumatlary esasynda işlenilip taýýarlanyldy.
«Türkmenistanyň Awtoulaglar ýolunyň GIS-i» Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrliginiň ýardam bermeginde işlenilip taýýarlanyldy hem-de häzirki wagtda ol eýýäm synag hökmünde edaralaryň birnäçe bölüminde ulanylýar. Programma maglumatlary ulgamlaşdyrmgy, saklamagy we yzygiderli täzelenip durmagy üpjün edýär, inženerlere gurluşyklarda we gulluklara ulanyşda kömek eder.
Tehnologiki merkeziň geografiýa maglumatlar ulgamy barlaghanasynyň ylmy işgäri Mähri Annameredowanyň belleýşi ýaly, kartanyň esasyny Türkmenistanyň ýollarynyň gat-gat goýlan giňişleýin maglumatlary düzýär. Bu ýerde birmeňzeş desgalar gatlara ýa-da temalar boýunça toplandy. Biri-biriniň üstüne goýlan bu birnäçe maglumatlar gatlaklary: etraplaradan, awtolag ýollarynyň liniýa gatlaklaryndan, şäherleriden we ilatly nokatl;rdan, köprülerden ybaratdyr. Meselem, tablisada görkezilýän awtoulag ýollarynyň atlary we ýoluň hiliniň bölünişleri, ýoluň örtülişiniň we suwa çydaýly gatlaryň düşelişi, giňligi, agyr ýükleri göterip bilijiligi, ýük daşalayşynyň ýygylygy, ulanylan wagty barada maglumatlar berilýär. Köprüleriň maglumatlar binýadynda olaryň ölçegleri – uzynlygy, giňligi, ýük göterijiligi barada maglumatlar berilýär.
Ýollar boýunça interaktiw kartasy esasy tehniki resminamasyny kartagrafiki esasda shemalaryň we çyzgylaryň şertli görnüşinde görkezýär. Munuň bilen ol goýlan maglumarlar esasynda ýol desgal;ary barada täze maglumatlary we bilimleri almaga mümkinçilik berýär.
Programmalary Türkmenistanyň IIM Döwlet awtoinspeksiýasynyň gullukçylary, ýük daşamak hyzmatlaryny ýerine ýetirýän milli edaralar we guramalar, önümçilik we söwda kärhanalary, awariýa we operatiw gulluklary, şeýle hem ýol-gurluşyk kompaniýalary ulanyp bilerer.
Bu kartanyň awtoulag ýollarynyň ähli tapgyrny: planlaşdyrmagy, tasamada, gurluşykda, ulanyşda, hereketiň monitorigini we ýol ulgamynyň işlemegi boýunça statistiki maglumaty ýygnamaga, awariýalary seljermäge, modelirlemekde we awtoulaglar tarapyndan çykýan sesleriň monitoringini geçirmäge, ekologiki taýdan baha bermäge mümkinçiligi bardyr.
Geomaglumatlar ulgamy ýa-da GIS-tehnoogiýalary köp ugurly bolup, olar giňişlik maglumatlary ýygnamak, özleşdirmek, modelirlemek we seljermek üçin niýetlenendir. GIS esasan hem Ýer, aýratyn çäkler, ýerler hakynda bilimleri döretmäge, şeýle hem olaryň işleriniň has netijeliligini gazanmak maksady bilen ulanyjylara gerek bolan we ýeterlek giňişlik maglumatlary öz wagtynda ýetirmäge niýetlenendir.
Türkmenistanda GIS-tehnologiýalaryň giň göwrümli maglumarlaryň uly möçberini dolandyrmak, şol sanda goňişlikde desgalaryň özara baglanyşygyny seljermek üçin kartografiýa häsiýetde ulanylýandygyny ýatlap geçeliň. Olary ekologlar we topragy öwrenijiler, suw hojalyk işlerini öwrenýän alymlar öz işlerine ornaşdyrýarlar. Tehnologiýalaryň magumatlaryny ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda ýol gurluşygynda we ulanyşda hem ulanyp bolýar ekeni.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2636
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder