25 Aralık 2014 Perşembe

Prezidentimiziň wideoşekilli iş maslahatyndaky çykyşy.

Hormatly adamlar! 

Turkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi goldaýar. Yzygiderli ykdysady ösüşi gazanmaga, adamlaryn hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga goşant goşýar. 

Halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek arkaly ekologiýa taýdan durnukly hem-de howpsuz, şeýle hem hemmeler üçin elýeterli ulag-üstaşyr geçelgeleriniň möhümdigini hemişe belleýär. 

Şoňa görä-de, biziň başlangyjymyz boýunça şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ornuna bagyşlanan ýokary derejeli halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň jemleri boýunça Aşgabat jarnamasy kabul edildi. 

Bu Maslahat oňa ähli gatnaşanlaryň pikirine görä, ulag ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge uly ýardam berdi. Maslahata gatnaşanlaryň bu mesele boýunça düýpli pikir alyşmalary hem, biziň öňe süren garaýyşlarymyz hem makullanyp, dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldaw tapdy. 

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde Aşgabat jarnamasy bu Gurama agza ähli döwletleriň ünsüni özüne çekdi. Şondan son, biziň döwletimiziň başlangyjy bilen halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça ýörite resminama işlenip taýýarlandy. 

Netijede, 19-njy dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy biziň ýurdumyzyn başlangyjy boýunça «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi. 

Bu Rezolýusiýa halkara ulag geçelgelerini döretmäge hem-de ulanmaga gatnaşýan taraplaryň arkalaşykly hereketiniň giňeldilmegine yzygiderli ýardam bermäge Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleri, halkara we sebit guramalaryny çagyrýar. 

Logistika merkezleri we guryýer portlary arkaly awtomobil, demir ýol, deňiz hem-de howa ýollarynyň utgaşýan ulag ulgamlarynyň binýadyny goýýar. 

Rezolýusiýada 2014-nji ýylyň sentýabrynda kabul edilen, ulag we üstaşyr geçelgeler ulgamlaryny toplumlaýyn ösdürmegi göz öňünde tutýan Aşgabat jarnamasynyň esasy ugurlary beýan edilýär. 

Kabul edilen resminama halkara pul-maliýe edaralarynyň maliýe we tehniki serişdeleri gönükdirmegini hem göz öňünde tutýar. Resminamada degişli edaralar we agza ýurtlar bilen geňeşmeleri geçirmek we Birleşen Milletler Guramasynyn Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylda geçiriljek 70-nji mejlisine çenli ulag-üstaşyr ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýollary barada çykyş taýýarlamak üçin bu Guramanyň Baş sekretaryna çagyryş bar. 

Bu Rezolýusiýa Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisi tarapyndan goldandy we biragyzdan kabul edildi. 

Resminama, esasan hem, biziň ýurdumyzyň ençeme ýyllaryň dowamynda alyp baran, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini emele getirmek üçin şertleri döreden giň gerimli işleriniň dowamydyr. Şunuň bilen baglylykda, men Birleşen Milletler Guramasynyň, şeýle hem Rezolýusiýanyň döredijileri bolup çykyş eden ähli ýurtlaryň ýolbaşçylaryna Tttrkmenistanyň başlangyjyny goldandyklary üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin! 

Biz bu Rezolýusiýanyň kabul edilmegine awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny utgaşdyrýan ulag ulgamlaryny emele getirmek üçin halkara kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmegiň ýolunda nobatdaky ädim hökmünde baha berýäris. 

Bu ulgam sebit hem-de halkara derejesinde ykdysady ösüşe hyzmat etjek logistika merkezleri we guryýer portlary arkaly dörediler. 

Häzirki döwürde ýükleri daşamak, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň bökdençsiz ulanylmagy üçin amatly ýagdaýy döretmek dünýä ykdysadyýetinin durnukly ösmegine ýardam bermekde esasy şert bolup durýar. Amatly ýagdaýyn döredilmegi ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ugur bolan söwda ulgamyny ösdürmekde esasy orny eýeleýär. Bu bolsa, dowam edip gelýän dünýä maliýe-ykdysady çökgünligi şertlerinde örän ähmiýetlidir. 

Şoňa görä-de, sebitleriň arasyndaky ulag geçelgeleri halkara hyzmatdaşlygyny we söwdany ösdürmäge ýardam bermek bilen, umuman, halkara howpsuzlygyny berkitmäge hem goşant goşup biler. 

Biz ýurdumyzyň oňe süren we Birleşen Milletler Guramasynyn Baş Assambleýasynyň kabul eden «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Rezolýusiýasyny dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky möhüm ädimi, şeýle hem oňe hereket etmek üçin badalga diýip hasap edýäris. 

Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalary parahatçylygy we durnukly syýasy ösüşi berkitmäge, yzygiderli ykdysady ösüşi üpjün etmäge, şeýle hem dünýäniň ähli halklarynyň bähbitleri üçin halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň bu tagallalary geljekde hem işjeň goldajakdygyny bellemek isleýärin.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2629

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder