Iki günüň dowamynda – 29-30-njy noýabrda paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Türkmenistanyň pagta önümleriniň IV halkara sergi-ýarmarkasy we oňa gabatlanan “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahaty geçirildi. Giň gerimli forumy “Türkmenpagta” döwlet konserni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy we Söwda-senagat edarasy guradylar.
Sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, paýtagtymyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beiş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Bu ýere gelenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny aýratyn üns bilen diňlediler. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu halkara sergi-ýarmarkasy we maslahaty ýurdumyzyň oba hojalygynda, şol sanda pagtany gaýtadan işleýän pudagynda gazanylan üstünlikleri we ýetilen sepgitleri halkara jemgyýetçiligine giňden ýaýmakda, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileri bilen özara tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlyk etmek isleýän kompaniýalar hem-de kärhanalar bilen bilelikde işlemegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolar.
Iri möçberli forumyň işine ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň edara-kärhanalarynyň, esasan-da, pagtaçylyk pudagynyň wekilleri hem-de dünýäniň 23 ýurdundan daşary ýurt kompaniýalarynyň 55-sine wekilçilik edýän myhmanlar gatnaşdylar. Olaryň arasynda Russiýanyň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Angliýanyň, Bangladeşiň, Türkiýäniň, Moldowanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Maltanyň we beýleki döwletleriň wekilleri bar.
Şu foruma bolan uly gyzyklanma Türkmenistanyň oba senagat toplumynyň artýan kuwwaty, amatly maýa goýum ýagdaýy, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna okgunly goşulyşmagy, onuň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagy bilen şertlenendir.
Sergi-ýarmarkanyň pawilonlarynyň dürli mazmunlylygy foruma gatnaşyjylara we onuň myhmanlaryna taýýar önümleriň täze görnüşleri, önümçiligiň ösen tehnologiýalary bilen tanyşmaga, tehniki we azyklyk ekinleriniň köpdürlüligine, tohumlaryň we gaýtadan işlenen çig malyň hiline baha bermäge, strategik taýdan möhüm pudakda gymmatly iş tejribesi bilen paýlaşmaga ajaýyp mümkinçilik döretdi.
Pudaklaýyn forumyň öz işine Hasyl toýunyň öň ýanynda başlamagynyň özboluşly manysy bar. Bu gün biziň ýurdumyz türkmen daýhanlarynyň gazanan üstünliklerine, şol sanda harmana pagtanyň 1 million 100 müň tonnadan gowragyny tabşyran ýurdumyzyň pagtaçylarynyň uly üstünligine sylag-serpaý ýapýar.
Sergi köşgüniň zallarynda baý mazmunly ekspozisiýalar ýurdumyzyň dokma pudagynyň pagtany gaýtadan işleýän senagatynyň, söwda ulgamynyň edara-kärhanalary, hojalyk jemgyýetleri, telekeçiler we beýlekiler tarapyndan tanyşdyryldy. Olaryň hatarynda “Türkmenpagta” döwlet konserniniň, “Ak altyn” satyn alyş kärhanasynyň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, gymmatly çig maly gaýtadan işleýän kärhanalaryň pawilonlary bar.
Sergi-ýarmarkanyň giň göwrümli tematiki bölümleri köpsanly myhmanlarda we sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Olarda milli ykdysadyýetimiziň eksport ugurly pudaklarynyň biri bolan dokma senagatynyň kärhanalary öz önümleri bilen tanyşdyrdylar. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň ekspozisiýalarynda sebitleriň oba hojalyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, oba senagat toplumynyň dürli önümleri, türkmen topragynyň bereketli miweleri, azyk önümleri öz beýanyny tapdy.
Daşary ýurtly önüm öndürijileriň diwarlyklary owadan bezelipdir. Olaryň görkezen önümleri gatnaşyjylaryň we forumyň myhmanlarynyň gyzyklanma bildirip, ara alyp maslahatlaşmasyna öwrüldi. Önümlerini görkezen daşary ýurtlularyň hatarynda diňe bir oba hojalygy däl, eýsem-de, himiýa senagaty, maşyn gurluşygy, metallurgiýa senagaty bilen meşgullanýan kompaniýalar we kärhanalar oba hojalyk toplumy bilen tehnika, çig mal bilen üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk edýän kompaniýalar bar. Türkmenistanyň köp ýyldan bäri hyzmatdaşlary bolup durýan daşary ýurtlularyň pawilonlary “Claas” /Germaniýa/, “Maschio Gaspardo” /Italiýa/, “Caterpillar” /ABŞ/, Komatsu /Ýaponiýa/, “Ýaraw” /Belorus/, “Lemken” /Germaniýa/, “Valley” /ABŞ/ kompaniýalarynyň we beýlekileriň örän köp dürli önümlerini sergä gatnaşyjylara görkezdiler.
Sergi-ýarmarkasynyň barşynda paýtagtymyzyň Sergi köşgüniň maslahatlar zalynda “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahaty açyldy. Ol ýörite ugurly edaralaryň hünärmenlerini we oba senagat pudagynyň kompaniýalarynyň wekillerini, ýurdumyzyň öňden gelýän we mümkinçiligi uly hyzmatdaşlaryny, oba hojalyk maşyn gurluşygynyň kärhanalaryny, oba hojalykçy alymlary we bilermenleri ýygnady.
Maslahat öz işini iki bölümçede dowam etdi. Olaryň birinjisi S.A,Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maslahatlar zalynda guraldy, ikinjisi, paýtagiymyzdaky oba hojalyk toplumynyň binasynyň maslahatlar zalynda geçirildi.
Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda pagtaçylygyň we pagtany gaýtadan işleýji pudagyň ösüş mümkinçiligi, olary has-da ösdürmegiň geljegi, pagta önümleriniň daşary bazarlara ugradylyşyny artdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumlarynyň wekilleriniň çykyşlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we obany durmuş we ykdysady taýdan ösdürmegi üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleriň çäklerinde oba hojalyk önümçiliginiň ösüş derejesini aýdyň görkezdi. Maslahatyň çäklerinde oba hojalyk senagatyny netijeli ösdürmäge ugur alan maliýe-ykdysady serişdeler, ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin döredilen ýeňillikli şertler, obanyň ýokary tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň orny, pudakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden peýdalanylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gowaçanyň tohumçylygy we ony ylmy esasda ösdürip ýetişdirmegiň usullary, pagtaçylyk we gaýtadan işleýän pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi we häzirki zaman gazanylanlar, döwrebap tehnologiýalaryň peýdalanylmagy esasynda pagtanyň gaýtadan işlenilişi, “Ak altynyň” dünýä bazaryndaky ýagdaýlary we onda Türkmenistanyň pagta önümleriniň öňe ilerlemegi ýaly wajyp meseleler şöhlelendirildi. Şu babatda Türkmenistanyň dünýäde uly islegden peýdalanýan dokma senagatynyň önümleriniň daşary ýurtlara ugradylmagy ugrunda, şeýle hem öňdebaryjy tehnikalary we enjamlary getirmegi artdyrmakda beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmeginiň geljegine üns berildi.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan bilen özara bähbitlerde, ynam esasynda hem-de ykdysady taýdan durnukly binýatda guralan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň wajypdygyny nygtadylar. Maslahatda dünýäniň azyk bazarynyň ösüşiniň, oba senagat ulgamynyň netijeliliginiň we öndürijiliginiň ýokarylandyrylyşynyň möhüm meselelerine hem garaldy. Şeýle hem türkmen “ak altynyny” sarp edijiler bilen bilermenleriň arasynda ikitaraplaýyn
30-njy noýabrda—forumyň işiniň jemleýji güni Türkmenistanyň pagta önümleriniň IV halkara sergi-ýarmarkasyna hem-de “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahatyna gatnaşyjylara halkara nusgasyndaky diplomlar we güwänamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Dabara tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi. Onda foruma gatnaşyjylar çäreleriň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2544
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder