Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkiýä gurajak saparynyň öňisyrasynda Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ankara geldi.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly kärdeşi Lawrow bilen Türkiýe-Russiýa Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 5-nji maslahatyndan ozal ertirlik naharynda duşuşdy.
Lawrow bilen Çawuşogly duşuşykda iki ýurduň arasynda guraljak saparlar hakynda pikir alyşdy.
Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky iki taraply ykdysady we söwda gatnaşyklary bilen birlikde Siriýa, Yrak, Ukraina we Kipr ýaly halkara meseleler hem seljerildi.
Çawuşogly duşuşykda Türkiýäniň Krymyň Russiýa birleşmegini ykrar etmejekdigini ýene-de bir gezek gaýtalady.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2549
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder