Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) Prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy, Okeaniýanyň Milli Olimpiýa komitetleriniň (ONOС) prezidenti jenap Robin Mitçelli, şeýle hem sport marketingi uşgamynda işleýän "Lagardere Unlimited" (Fransiýa) kompaniýalar toparynyň dolandyryjy direktory jenap Týerri Funk-Brentanony kabul etdi.
Myhmanlar türkmen döwletiniň baştutanyny mähirli mübärekläp, duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdiler we özleriniň wekilçiik edýän guramalarynyň bütin dünýäde oňyn syýasaty, şol sanda sport ulgamynda alyp barýan syýasaty bilen meşhur bolan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýäniklerini nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri halkara sport guramalarynyň ýolbaşçylaryny mübärekläp, Türkmenistanyň olimpiýa hereketiniň ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady we sport ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmäge gönükdirilen gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman geljekki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyp, ony has-da işjeňleşdirmek üçin iň amatly şertleriň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, myhmanlar Türkmenistanyň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny ösdürmekde, döwrebap sport düzümini döretmekde gazanan üstünliklerine haýran galýandyklaryny aýtdylar.
Söhbetdeşligiň barşynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu abraýly ýaryşlar türkmen paýtagtynda gurulýan Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynda geçiriler. Bu ägirt uly toplumyň düzümine dürli maksatly desgalaryň 30-dan gowragy girer. Bu ýerde türgenler, tomaşaçylar üçin, şeýle hem sport we hyzmat ediş ulgamy bilen meşgullanýan beýleki köp sanly hünärmenleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işlemegi üçin has oňaýly şertler dörediler.
AOG-yň, Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçylary hem-de fransuz kompaniýasynyň wekili Aziada-2017 taýýarlyk görmek işine uly üns berýändigi we Olimpiýa şäherjiginiň gurulýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, sebitdäki iri sport toplumynyň desgalarynyň işlenip taýýarlanylan taslamasynyň derejesine ýokary baha berdiler. Bu desgalar Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň tehniki kadalaryna, iň ýokary halkara ülňülerine laýyklykda gurulýar.
Bellenilişi ýaly, V Aziýa oýunlary bu ýaryşlaryň taryhynda giň möçberli bäsleşikler bolar, olara Okeaniýa ýurtlary hem gatnaşar. Aşgabatda şeýle iri ýaryşlaryň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyrar, sporty bütin dünýäde wagyz etmäge ýardam eder.
Duşuşygyň çäklerinde 2017-nji ýyla çenli Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan sport çäreleriniň meýilnamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhmanlar Türkmenistanyň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Okeaniýanyň Olimpiýa komitetleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Bu gatnaşyklar bolsa bütin dünýäde parahatçylygy we netijeli hyzmatdaşygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolan halkara Olimpiýa hereketiniň döredijilikli maksatlaryna laýyk gelýär.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2534
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder