2 Aralık 2014 Salı

Özbegistan pilotsyz uçarlary gadagan etdi.

Özbegistan howpsuzlyk meselelerini we howa howpsuzlygyny sebäp görkezip, pilotsyz uçarlaryň ýurda import edilmegini, satylmagyny we ulanylmagyny gadagan etdi.

Özbek metbugat serişdelerinde berlen maglumatda gürrüňi gidýän karara ýurduň premýer-ministr Şawkat Mirziýaýew tarapyndan 1-nji dekabrda gol goýlandygy we onuň 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap güýje girjekdigi mälim edildi.

Maglumata görä, bu karar ýurtda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegi we Özbegistanyň howa giňişliginiň rugsatsyz ulanylmagynyň öňüni almagy maksat edinýär.

Gürrüňi gidýän karar Özbegistanyň Içeri işler ministrligi, Döwlet Serhet gullugy, Döwlet Salgyt komiteti we Döwlet Gümrük komiteti tarapyndan durmuşa geçiriler. 
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2557

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder