23-nji aprelde ir bilen Türkmenistanyň deňiz serhetçileri Hazar deňziniň bitarap çäklerinde ýerleşýän Russiýanyň “Palflot 2” tankerinden SOS maglumatyny kabul etdiler. Tankeriň bortunda ýangyn emele gelipdir. Bu ýagdaý türkmen kenaryndan 90 kilometrlikde döredi. Betbagtçylyk bolan zolaga ýagdaýa göz ýetirmek we gäminiň ekipažyna kömek bermek maksady bilen, serhetçi gämileriň ikisi ugradyldy. Şeýle hem bolan ýagdaýa howadan göz ýetirmek üçin ýörite uçar gyssagly asmana galdyryldy.
Ýangyny öçürmek we ekipažyň agzalaryny halas etmek babatda gyssagly kömek bermek maksady bilen, dessine ýurdumyzyň halas ediş gulluklarynyň hereketlerini utgaşdyryjy ştab döredildi. Rostow oblastynyň Taganrog şäheriniň deňiz menziline degişli tanker Bakuwdan bellenilen porta tarap barýan eken. Onuň bortunda hiç hili ýük, nebit ýok. Bu bolsa ýangynyň daşky gurşawa howp salmaýandygyny aňladýar.
Degişli gulluklaryň maglumatyna görä, tankeriň ekipažynyň agzalaryny Russiýanyň şu golaýdan barýan gämisi öz bortuna aldy.
«Palflot 2” tankeri yzyna, Baku şäheriniň portuna tarap tirkege alyndy. Halas edilen ekipažyň agzalary Astrahan şäherine ugradyldy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder