30 Nisan 2016 Cumartesi

Aşgabat Sambo Boýunça Aziýa Çempionatyny Kabul Etmäge Taýýarlyk Görýär

Şu hepde ýurdumyzyň durmuşy sport wakalaryna baý boldy. Olaryň hatarynda Derweze – Yzgant ugry boýunça awtoralli, şaýbaly hokkeý boýunça 2015-2016-njy ýyllaryň Türkmenistanyň çempionatynyň final duşuşyklary, şeýle hem nusgawy we söweş sambosy boýunça Aziýanyň çempionatynyň öňüsyrasynda iş toparynyň mejlisi aýratyn orun eýeleýär. Bu çempionat maý aýynyň ahyrynda Olimpiýa şäherjiginiň Söweş sungaty sport toplumynda geçiriler.

Sambo boýunça şeýle giň möçberli ýaryşlar türkmen paýtagtynda ilkinji gezek guralar. Halkara synag ýaryşynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi wajypdyr, çünki geljek ýyl Aşgabatda Aziýanyň we Okeaniýanyň iň gowy samboçylary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde medallar ugrunda göreşerler.

Iş toparynyň mejlisine Sport baradaky döwlet komitetiniň, Aziada-2017-niň Guramaçylyk komitetiniň, Milli olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekilleri hem-de esasy türgenler we tälimçiler, žurnalistler gatnaşdylar. 

Söweş sungaty federasiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi  Ata Adaýew häzirki güne çenli Aziýanyň çempionatyna eýýäm 13 ýurduň gatnaşmaga isleg bildirýändigini hem-de ýurdumyzyň sport guramasynyň adyna degişli resminamalary iberendigini habar berdi. Ýöne ýakyn günlerde olaryň sany ep-esli artar, çünki döwletleriň birnäçesi bu ýaryşlara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler. 

Halkara ýaryşlarynyň netijeleriniň görkezişi ýaly, türkmen samboçylarynyň  taýýarlyk derejesi örän ýokarydyr. Mysal üçin, geçen aýda Russiýanyň Moskwa şäherinde dünýäniň Kubogynyň tapgyry geçirildi. Şol ýaryşlarda ildeşlerimiz bir altyn, bir kümüş we iki bürünç medala mynasyp boldular. Netijede, olar söweş ugry boýunça ýaryşlarda umumytopar hasapda ikinji ýeri eýelediler. 

Ýaryş tamamlanandan soň, şol iş toparynyň wekilleri ýene-de bir synag ýaryşyny guramaga taýýarlyk görerler – iýun aýynyň üçünji ongünlüginde guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionaty geçiriler. Sportuň bu görnüşi hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Onuň netijeleri ýygyndy toparymyzyň  Aziada-2017-ä taýýarlygynyň derejesini aýdyňlyk bilen görkezer. 

... Garaşylyşy ýaly, “Galkan” topary şaýbaly hokkeý boýunça Türkmenistanyň III çempionatynyň ýeňijisi boldy. Allaýar Baýramowyň şägirtleri oýunlaryň jemleýji tapgyrynda (üç ýeňşe çenli) “Şir” toparyny 3:0 hasabynda ynamly ýeňmegi başaryp, bassyr üçünji gezek sportuň şu görnüşi boýunça ýurdumyzda iň gowy ussatlardygyny subut etdiler. Bürünç medal ugrundaky duşuşyklaryň tapgyrynda “Nesil” topary şeýle hasap bilen “Oguzhan” toparyndan üstün çykdy. 

Geçen ýylyň dekabrynda badalga alan ýurdumyzyň çempionatyna alty topar gatnaşdy. Olar ýarym final tapgyryna çykmak ugrunda göreşdiler. Final oýunlaryň tapgyrynyň tertibiniň milli ýaryşlaryň düzgünnamasyna ilkinji gezek girizilendigini bellemek gerek. 

Çempionatyň  oýun böleginden başga-da, ýeňijilere baýrakly orunlara mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasyna hem üýtgetmeler girizildi – oňa täze ugurlar goşuldy. Mysal üçin, “Galkanyň” hüjümçisi Baýram Hydyrow “Iň sypaýy oýunçy” baýragyna mynasyp boldy, “Şir” toparynyň derwezebany Yhlas Yslamow “Ýylyň açyşy” diýlip yglan edildi, ýaryşyň guramaçylary “Nesil” toparynyň derwezebany Bahadur Bazarowy “Iň peýdaly oýunçy” hökmünde ykrar etdiler. 

Nusgawy ugurlarda ýörite baýraklar şu hokkeýçilere: “Iň gowy hüjümçiniň” baýragy Pirmämmet Gylyçmämmedowa (“Nesil”) gowşuryldy. Ol garşydaşlarynyň derwezesine 40-dan gowrak şaýba geçirip, “Iň köp şaýba geçiren” oýunçy boldy. Ewald Gaýer (“Nesil”) “Iň gowy goragçy”, Kerimli Çaryýew bolsa (“Galkan”) “Iň gowy derwezeban” diýlip yglan edildi. 

Häzirki wagtda ýeňijiler 26-28-nji maý aralygynda Latwiýanyň paýtagty Riga şäherinde geçiriljek ýaryşa gatnaşmaga taýýarlyk görýärler.  Türkmenistanlylar Russiýanyň, Şwesiýanyň, Finlýandiýanyň, Çehiýanyň, Norwegiýanyň, Belarusuň we beýleki ýurtlaryň meşhur toparlary bilen bäsleşmäge oňat mümkinçilik alarlar. 

Türkmenistanyň şu çempionatynyň netijeleri boýunça milli ýygyndy topary  dörediler. Bu topar ýakyn wagtda halkara sport giňişligine çykar. 

... Däbe öwrülen Derweze – Yzgant awtorallisine meşhur “Mitsubisi” we “Nissan” awtoulaglarynyň sekiz ekipažy gatnaşdy. Ýaryşa gatnaşyjylar Garagum çölüniň çägeli ýollaryndan ýüzlerçe kilometri geçdiler.

Awtomobil sport federasiýasy hem-de Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan guralan ýaryşlaryň barşynda ekipažlaryň hemmesi pellehana üstünlikli geldiler. Birinji ýere Muhammetmyrat Gurbanowyň (sürüji) hem-de Şamyrat Gurbanowyň (şturman) ekipažy mynasyp boldy. Kümüş medallary Gurban Daňatarow we Rafail Gaýnulin eýelediler. Üçünji ýere Begnazar Nurýagdyýew hem-de Hoşgeldi Döwletow mynasyp boldular. Türgenleriň ählisi Awtomobil sport federasiýasynyň wekilleridir. 

Birinji maýda Içeri işler ministrliginiň Awtosport merkezinde awto we motosport boýunça IIM-niň Kubogy ugrunda ýaryşlar geçiriler. Oňa gatnaşyjylar üç görnüşde – dwigateliniň göwrümi 125 kub santimetre barabar bolan “Halkara” derejeli kartlarda hem-de “Volkicar” sport maşynlarynda we kwadrosikllerde medallar ugrunda bäsleşerler. 
 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder