25 Nisan 2016 Pazartesi

Behişdi Bedewleriň Hormatyna Döredijilik Bäsleşigi

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergi zalynda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçalyryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgrleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň saýlama tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik behişdi bedewlerimiziň dünýä dolan şöhratyny has-da ýaýmak maksadynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyryldy.

Dünýä ýüzi asyrlar boýy ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak gözelligine we ajaýyplygyna, ýyndamlygyna we çydamlylygyna haýran galyp geldi. Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiziň keşbi bäsleşige gatnaşyjylary ajaýyp işleri döretmäge ruhlandyryp, şol işler baýramçylyk sergisiniň esasyny düzdi. Ady äleme dolan behişdi bedewler türkmen halkynyň milli buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem onuň umumadamzat gymmatlarynyň genji-hazynasyna uly goşandydyr. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz-tagallalary netijesinde atçylyk pudagy bu gün gülläp ösýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň ulanylmaga berilmegi, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkunyň täzelenmegi, şeýle hem Ahal welýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdere obasynda gurluşygy tamamlanyp barýan, tohum atlary ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen atçylyk toplumy hem-de ýaşaýyş jaýlary Türkmenistanda atçylygy ösdürmäge döwlet derejesinde örän uly ünsüň berilýändigine şaýatlyk edýär. 

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda gurulan sergi ady belli, şeýle hem döredijilik ýoluna gadam basan awtorlaryň ussatlygyny açyp görkezdi. Bu ýerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden bäsleşige gatnaşyjylaryň işleriniň 400-e golaýy görkezildi. Sungatyň özboluşly we ýokary çeperçilik eserleri bolup durýan suratlarda, haly önümlerinde we pannolarda ady äleme dolan ahalteke bedewiniň keşbi janlandyrylýar. 

Şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatyň eserleriniň baş gahrymanlary bllan türkmen bedewlerine bagyşlanan eksponatlar asyrlar boýy wasp edilýän bedewlere egsilmez söýgi bilen birleşdi. Işleriň hemmesi milli nyşanymyzyň – ahalteke bedewiniň türkmen halkynyň durmuşynda, ykbalynda, taryhynda eýeleýän möhüm ornuny beýan edýän dürli öwüşgünli sahnalara beslendi. 

Behişdi bedewlerimizi bezemek üçin niýetlenen zergärçilik önümleri işleriň arasynda aýratyn orun eýeleýär. Olar altyndan we kümüşden ýasalyp, gymmat bahaly daşlar bilen sünnälenipdir. Bürünçden, gipsden we beýleki serişdelerden ýasalan bedewleriň heýkelleri bolsa biri-biriniň üstüni sazlaşykly ýetirip, ahalteke atlarynyň gözelligini we syrdamlygyny beýan pedýän bir bitewi kompozisiýany döredýär. 

Ajaýyp bedewler hakynda ençeme rowaýatlar we tymsallar ýazylyp, olara ady belli türkmen şahyrlarynyň goşgulary, meşhur aýdymlaryň ençemesi bagyşlandy. Tebigatyň döreden bu täsin jandarlaryna bolan söýginiň çägi ýokdur. Bu söýgi tüurkmen kalbynda hemişelik orun aldy. 

Giň sergi zalynda köpasyrlyk atçylyk däpleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň, atçylyk sportunyň  ösüşi barada gürrüň berýän fotosuratlaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy.  
   
Ýurdumyzyň dizaýnerleri hem şu günki sergini döredijilik ylhambary bilen baýlaşdyrdylar. Olaryň taýýarlan, hatarynda hökman at hem bolan küşt çöpleriniň özboluşly çeperçilik kompozisiýasy 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlaryna bagyşlandy. Mälim bolşy ýaly, küşt boýunça bäsleşikler Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. 

Çeperçilik serişdeleri arkaly ahalteke bedewlerini giňden ýaýmaga gönükdirilen, asyrlar boýy ady äleme dolup gelen behişdi bedewleriň hormatyna döredijilik çäresiniň geçirilmegi soňky ýyllarda hoşniýetli däbe öwrüldi. Bu ajaýyp döwür Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyryldy. Ol türkmen halkynyň öz bedewine bolan duýgusy bilen sazlaşyp, olaryň keşbi halkymyzyň täze işlere we ýeňişlere okgunlylygynyň beýan bolup durýar. 

Bäsleşigiň emin agzalarynyň toparyna ýurdumyzyň belli medeniýet we sungat işgärlerinden, atşynaslaryndan başga-da ýokary derejeli daşary ýurtly hünärmenler hem girdi. 

Bäslpeşigiň jemleri Türkmen bedewiniň baýramynyň homratyna geçiriljek dabarlaryň barşynda jemlener.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder